Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Balkan welaýatynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň, etrap we şäher bölümleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň arasynda welaýatyň partiýa hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Mihail Bubkin, «NT».
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärleri tarapyndan guralan we geçirilen bu okuw maslahatynyň gün tertibine Hazarýaka sebitiniň şäherlerinde we etraplarynda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek we täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly wajyp meseleler goşuldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan durmuş maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşmalaryň merkezi temasyna öwrüldi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny», şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny» görkezmek bolar. Maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly edilen işler hem-de öňde duran wezipeler babatynda zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleriniň çykyşlar diňlenildi.
Işe üpjünçiliginiň hukuk meseleleri we ýaş hünärmenleri ýerlerde iş orunlaryna berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýaşlaryň hünär bilimi we olary soňky döwürde milli ykdysadyýetimizde tutýan orny barha pugtalanýan innowasion senagat pudaklaryna we hyzmatlar bazaryna çekmek boýunça meselelere aýratyn ähmiýet berildi.
Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleriniň işgärleri bilen eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek bilen bagly pikir alyşyldy. Boş iş orunlaryny doldurmak boýunça iş berijileriň sargytlaryny ýerine ýetirmegiň hem-de şäherlerde we etraplarda bar bolan boş iş orunlary, bu iş orunlaryna dalaşgärleriň hünärlerini we hünärmenlik derejesini görkezmek bilen, ulanylmadyk zähmet gorlary baradaky maglumatlary halk köpçüligine ýetirmegiň netijeli usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu okuw maslahatynda ilatyň abadan ýaşaýşyny we milli ykdysadyýetimiziň ösüşini üpjün edýän durmuş hyzmatdaşlygy ulgamynda gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara gatnaşyklarynyň netijeli gurşawyny döretmekde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň jogapkärli wezipeleri aýratyn nygtaldy.
«Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti,№276 (29308), 04.11.2019ý.