ROWAÇLYK ÝOLUNDAKY AÝDYŇ MAKSATLAR

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Men adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda galjakdygyny aýratyn bellemek isleýärin» diýip, aýdan sözleri ýurdumyzda adamsöýüjilige ýugrulan durmuş özgertmeleriniň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynamy has-da berkidýär.

Şu ýylyň 30-njy noýabrynda geljekki 2020-nji ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginde durmuş ulgamyny ösdürmäge niýetlenen maliýe serişdeleriniň 75 göterim möçberinde göz öňünde tutulmagy halkara giňişlikde ýurdumyzyň rowaçlyklara beslenýän döwletdigini aýdyňlyk bilen subut edýän ýene-de bir görkezijidir. Şeýle hem geljekki ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna göni täsir edýän we maddy üpjünçilik derejesini kesgitleýän şertleriň biri bolan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim artdyrmak barada döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilen çözgüt adamyň, onuň erk-islegleriniň we möhüm hajatlarynyň berkarar ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň baş ugry bolup durýandygyndan nyşan.


Ýurdumyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan üstümizläki 2019-njy ýyl hem, geçen ýyllarda bolşy ýaly, öz adyna kybapdaş döwletli, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işler bilen tamamlanyp barýar. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde «rowaçlyk» sözüniň asyl manysy başlanan işleriň ugruna bolmagyny, şowlulyklara beslenmegini we üstünlikli ýaýbaňlanmagyny aňladýar. Durmuş tejribesinden görnüşi ýaly, hemme başlanan iş hemişe rowaçlyk bilen tamamlanmaýar. Bu durmuşyň üýtgedip bolmaýan kanuny. Şunuň bilen baglylykda, «Haýsy şertler rowaçlygy kesgitleýär?» diýen sowal köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Ata-babalarymyzyň paýhas eleginden geçiren «Amallar niýetlere görä» diýen hikmetli sözleri munuň gysgaça jogaby bolup durýar.

Barha ählumumylaşýan dünýäde global ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagyň ygtybarly gurallaryny gözlemek häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň biri. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda durmuş ulgamyny ösdürmekde ulanylýan çemeleşmeleriň netijeliligi bu ugurda toplanan tejribäniň beýleki dünýä ýurtlary tarapyndan öwrenilmegine şert döretdi. Şol bir wagtda adam mertebesini mundan beýläk-de beýgeltmäge gönükdirilen bu mehanizmi dünýäniň beýleki ýurtlarynda nusgalyk hökmünde ulanmak baradaky BMG-ä agza döwletleri tarapyndan kabul edilen çözgüt biziň her birimizde egsilmez guwanç duýgusyny döredýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2019-2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu Geňeşiň ygtyýarlygynda BMG-niň tutuş ulgamynyň 70 göterimden gowrak adam we maliýe serişdeleri jemlenip, onda ykdysady we durmuş çygyrlarynda uly öňegidişlikleri gazanan dünýä ýurtlarynyň milli tejribesini ulanmaklyga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmekde ulanýan häzirki milli nusgasynyň artykmaçlyklaryny dünýä ýaýmak, bu tejribäni ornaşdyrmak ugrunda Geňeş tarapyndan saldamly işleriň alnyp barylmagy hem onuň netijeliliginden nyşan.

Dünýä ykdysadyýetindäki amatsyz daşary ýagdaýlara garamazdan, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanylýan ösüşler bu ugurda döwlet strategiýasynyň dogry kesgitlenendigini, ýagny, ösüşleriň özeninde döwletiň iň gymmatly hazynasy diýlip Esasy Kanunymyzda ykrar edilen adam gymmatynyň durandygyny görkezýär. Öz raýatlarynyň abadan durmuşyny üpjün etmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlän ýurtda diňe oňyn özgertmeleriň, öňe gidişlikleriň bolýandygy subut edilen hakykat. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň mysalynda görmek bolýar.

Tebigaty boýunça adamlaryň isleg-hajatlarynyň, durmuş bähbitleriniň dürli-dürli bolmagy olary kanagatlandyrmak maksadyndan ugur alýan durmuş syýasatynyň hem köp ugurlar boýunça amala aşyrylmagyny şertlendirýär. Bu gün ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan durmuş özgertmeleri ilatyň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini öz içine alýandygy bilen ähmiýetli. Ýöne ýurdumyzda dürli ilat gatlaklarynyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak babatynda ulanylýan çemeleşmeleriň dürlüligine garamazdan, olary bir umymylyk birleşdirýär: raýatlaryň maddy üpjünçilik derejesini artdyrmak döwletimizde alnyp barylýan durmuş syýasatynyň baş ýörelgesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ilatyň girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagyna aýratyn ünsüň berilýändigi hemmelere mälimdir. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary ilatyň girdejileriniň esasy çeşmeleri bolup durýar. Her birimiziň maddy hal-ýagdaýymyzyň gowulanmagyna göni täsirini ýetirýän bu görkezijiniň möçberini her ýylda 10 göterim artdyrmak üçin, ilkinji nobatda, berk ykdysady binýadyň möhümdigini bellemek zerur. Köp dünýä ýurtlarynyň ykdysady ösüşine ýaramaz täsirini ýetirýän maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän häzirki döwründe hem ösüş depginimiziň ýokarlanmagy ýurdumyzda iri durmuş özgertmelerini amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Şol bir wagtda bu girdeji çeşmeleriniň Döwlet býujetiniň I derejesindäki goralýan maddalar diýlip kesgitlenmegi hem ilatyň girdejilerini döwlet tarapyndan kepillendirmek meselesiniň näderejede wajypdygyny we bu ugurda anyk işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» zähmet haklaryny ýylyň-ýylyna ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär. Geljekde zähmete hak tölemegiň çygrynda bellenen maksatlara ýetmek üçin aýlyk haklarynyň we zähmet öndürijiliginiň deňagramlylygyny üpjün etmek meseleleri hem bazar ykdysadyýeti şertlerinde öz wajyplygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak barada durmuşa geçirilýän özgertmeler geljekde bu ugurda amala aşyryljak işlerde, ilkinji nobatda, adam bähbitlerinden ugur alynjakdygyna ynamy pugtalandyrýar.



Maýagözel BABAÝEWA, , Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirligi, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 318 (29584), 20.12.2019ý.



Yza

Şeýle hem okaň