IŞ ÜPJÜNÇILIK ULGAMY KÄMILLIK ÝOLUNDA

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tutuş ýurdumyzda zähmet hem durmuş syýasatyny alyp barmaga ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bolup durýar. Bazar gatnaşyklarynyň giňden ösdürilmegi, durmuşymyza sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy iş üpjünçilik ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda kanunçylygy kämilleşdirmek, zähmet gorlarynyň netijeli dolandyrylmagyny gazanmak, ilatyň işe ýerleşmegine ýardam bermek bu ministrligiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň wezipesine girýär. Biz häzirki döwürde bu müdirlik tarapyndan alnyp barylýan işler, şeýle-de okyjylarda köp gyzyklanma döredýän sowallar dogrusynda degişli hünärmenler bilen söhbetdeş bolduk.

- Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan iş üpjünçilik syýasatyny netijeli amala aşyrmakda müdirligiňiz tarapyndan durmuşa geçirilýän işlere möhüm orun degişli. Hususan-da, iş bilen üpjünçilik babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek we olary durmuşa geçirmek müdirligiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň beräýseňiz!


Maýagözel BABAÝEWA, müdirligiň ýolbaşçysy, ykdysady ylymlaryň kandidaty:

- Ilatyň iş üpjünçiligi bilen bagly meseleleriň kanunçylyk esaslary barada aýdylanda, ilki bilen, iş üpjünçilik ulgamynyň hem-de zähmet bazarynyň döwlet tarapyndan degişli kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly kadalaşdyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimizde, ilatyň ösüşinde, şeýle-de durmuş ulgamynda bolup geçýän özgertmeler zähmet bazarynyň ýagdaýyna öz täsirini ýetirmek bilen, olar ahyrky netijede ýurdumyzda iş üpjünçilik babatynda kanunçylygyň kämilleşdirilmegi üçin hem şert döredýär. Häzirki wagtda hereket edýän «Durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän we zähmet bazarynda bäsleşige ukypsyz raýatlary işe ýerleşdirmek üçin iş berijilere paýy bellemegiň tertibi hakynda Düzgünnama», «Iş gözleýän adamlary hasaba almagyň, işe ýerleşdirmegiň we hasapdan çykarmagyň Tertibi», şeýle-de «Hünär taýýarlygynyň, gaýtadan taýýarlygyň we hünäriň ýokarlandyrylmagynyň guralmagynyň Tertibi» döwrüň talaplaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanan kadalaşdyryjy namalardyr.

- Ýurdumyzda iş üpjünçilik çygrynda yzygiderli kämilleşdirilýän we döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýan berk kanunçylyk binýadynyň bolmagy guwanarlykly ýagdaýlaryň biridir. Ýöne wagt bir ýerde durmaýar. Häzirki döwürde bu aýratynlyklaryň zähmet bazarynyň ýagdaýyna edýän täsiri barada durup geçäýseňiz!

Batyr GURBANNAZAROW, müdirligiň başlygynyň orunbasary, Zähmet gory bölüminiň başlygy:

- Ministrlik tarapyndan ilatyň iş üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe maksatnamalaryň kabul edilendigi aýratyn bellärliklidir. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny, 2016-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriniň Meýilnamasyny», «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny», 2019-njy ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny» görkezmek bolar.

- Wagtlaýyn işlemeýän raýatlary işe ýerleşdirmäge ýardam bermek, olaryň hünär taýýarlygyny geçmekleri we täze hünäri ele almaklary üçin nähili işler alnyp barylýar?.

Maral ÝAGMYROWA, iş bilen üpjünçilik we hünär bilimi bölüminiň ýolbaşçysy:

- Raýatlaryň iş bilen üpjünçiliginiň işjeň syýasatyny amala aşyrmak häzirki döwrüň derwaýys wezipeleriniň biridir. Bu syýasaty durmuşa geçirmekde ilata täze hünärleri ele almaga, hünärlerini ýokarlandyrmaga we hünärleri boýunça gaýtadan taýýarlamaga ýardam bermek möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Hususan-da, iş gözleýän raýatlaryň işe ýerleşmeklerine ýardam bermek maksady bilen, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan hünär okuwlaryny guramak işlerine aýratyn ähmiýet berilýär we onuň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek biziň bölümimiziň paýyna düşýär.

Iş gözleýän raýatlaryň hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy we hünär derejesini ýokarlandyrmak iş gözleýän raýatlary durmuş taýdan goramagyň çäreleri bolup durýandygyny we olaryň zähmet bazaryndaky bäsleşik ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn nygtamak gerek. Şu ýylyň 1-nji oktýabrynda «Hünär taýýarlygynyň, gaýtadan taýýarlygyň we hünäriň ýokarlandyrylmagynyň guralmagynyň Tertibi» tassyklandy. Bu Tertip, bir tarapdan, hünär okuwlarynyň zähmet bazarynda isleg bildirilýän hünär boýunça geçirilmegine ýardam berýän bolsa, beýleki tarapdan, iş gözleýän raýatlaryň tölegli işiň (girdejili işiň) gözlegindäki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga şert döredýändiginden ybaratdyr.

- Häzirki döwürde iş gözleýän raýatlaryň işe ýerleşmeklerine ýardam bermek babatynda ýene-de nähili işler durmuşa geçirilýär?

Maýagözel BABAÝEWA:

- Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň sebitleriniň zähmet bazaryndaky ýagdaýy özüniň dürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu aýratynlyklary hasaba almaga mümkinçilik berýän gurallaryň hatarynda ministrligiň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri tarapyndan ýörite tassyklanan meýilnama esasynda ýerlerde yzygiderli geçirilýän bar bolan boş iş orunlarynyň hödürleniş çärelerini görkezmek bolar. Munuň özi ol zähmet bazarynda iş berijiler bilen işçi güýjüniň eýeleriniň, ýagny iş gözleýänleriň biri-birlerini tapmaklaryna, olaryň duşuşygyny ýüzbe-ýüz guramaga itergi berýändigi bilen ähmiýetlidir.

Ýerli iş üpjünçilik edaralary şeýle çäreleriň esasy guramaçysy bolup çykyş edýär. Iş hödürleniş çäresiniň ministrlik, welaýat we welaýat hukukly şäheriň häkimligi bilen ylalaşylyp geçirilmegi, bir tarapdan, zähmet bazaryna ähli subýektleriniň, ýagny döwletiň, iş berijiniň we işgäriň gatnaşmagyna şert döredýär, beýleki tarapdan, sebitleriň zähmet bazarynda emele gelen hakyky ýagdaýdan ugur alynmagyny üpjün edýär.

- Zähmet bazarynda ýaşlary işe ýerleşdirmek, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak ugrunda häzirki döwürde durmuşa geçirilýän işler köplerde uly gyzyklanma döredýär.

Oguljahan ESENOWA, zähmet gory bölüminiň baş hünärmeni

- Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizde bolup geçýän özgertmeler ýaşlaryň zähmet bazarynyň täze talaplaryna taýýarlyk derejesi bilen bagly meseleleriň ähmiýetini artdyrýar. Hususan-da, ýaşlaryň iş üpjünçiligi bilen baglanyşykly kepillikleriň berilmegi bilen bir hatarda, bu ýaş toparyň häzirki zaman ykdysady ýagdaýlara uýgunlaşmagyna goldaw berilmeginiň hem göz öňünde tutulmagy möhüm hasaplanýar. Bu meseleleriň şu ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Bu maksatnamada oba ýerlerinde ýaşaýan ýaşlarymyzyň iş üpjünçiligini gowulandyrmak üçin birnäçe höweslendiriş çäreleriniň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek. Hususan-da, bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda hünärmenleriň ýetmezçilik edýän ýerleriniň umumy ýagdaýyny, işgär ýetmezçiliklerini aradan aýyrmagyň ýollaryny öwrenmek arkaly, ýaşlary öz ýaşaýan ýerlerinde iş bilen üpjün etmek boýunça işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Bu çäräni amala aşyrmakda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegi bolsa işleriň netijeli guralmagyna ýardam berýär.

- Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda amala aşyrylýan durmuş özgertmeleri ilatyň ähli gatlaklaryna, hususan-da, onuň gowşak goralan gatlaklaryna iş üpjünçiligi babatynda kepillikleri bermegi göz öňünde tutýar. Bu ugurda müdirlikde amala aşyrylýan işler dogrusynda belläýseňiz!

Batyr GURBANNAZAROW:

- Ilatyň gowşak goralan toparlarynyň iş üpjünçiligine ýardam bermek döwlet syýasatynyň baş ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli ministrlikler, pudak edaralary, jemgyýetçilik birleşmeleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasynyň» taslamasynyň Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa laýyklykda işlenip taýýarlanylandygy hem-de 2016-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanandygyny aýratyn nygtasym gelýär.

Meýilnamada maýyplygy bolan adamlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny has-da ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda tassyklanan «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda durmuş taýdan goralmaga degişli adamlary, zähmet bazarynda deň şertlerde bäsleşige ukypsyz raýatlary işe kabul eder ýaly, maýyplygy bolan adamlar üçin hem ýörite iş orunlaryny döreder ýaly paý bellemek göz öňünde tutulýar.

Paýa laýyklykda işe ýerleşdirilmäge, girdeji çeşmesi bolmadyk durmuş goraglylygyna degişli raýatlara, ýagny, kärhanalaryň ýatyrylmagy ýa-da işiniň bes edilmegi, işgär sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy bilen bagly iş ýerini ýitiren adamlar, maşgalada ýeke-täk ekleýji bolup duran adamlar, bir ýa-da ondan köp kämillik ýaşyna ýetmedik çagany ýeke terbiýeleýän ene-atalar degişli bolýar.

- Häzirki döwürde milli Liderimiz tarapyndan milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Ilatyň iş üpjünçiligi çygrynda bu ugurda nähili özgertmeler durmuşa geçirilýär?

Maýagözel BABAÝEWA:

- Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda täze iş orunlarynyň döredilmegi, şeýle-de iş üpjünçilik ulgamynda sanly hyzmatlaryň ösdürilmegi üçin hem amatly şertleri döredýär.

Zähmet bazarynda iş beriji bilen iş gözleýänleriň arasyndaky dessin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny gazanmak maksady bilen, ministrligimiziň resmi internet saýtynda «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» atly täze sahypa döredildi. Bu sahypa iş berijiler, şeýle hem iş gözleýänler üçin niýetlenendir. Şunda täze sahypanyň üsti bilen guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslar - hususy telekeçiler özlerinde bar bolan boş iş orunlary, zerur bolan hünärmenler, işçiler barada maglumatlary ýerleşdirmäge, gyzyklanýan iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirmäge hem-de olaryň arasyndan özlerine laýyk gelýänlerini saýlap-seçip almaga mümkinçilik alýarlar. Şunda ýurdumyzyň dürli pudak edaralary, kärhanalary we guramalary bilen bir hatarda, aýry-aýry fiziki şahslaryň – hususy telekeçileriň boş iş orunlary baradaky maglumatlaryny ýerleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi zähmet bazarynda talap edilýän hünärler boýunça dogry maglumatlaryň üpjün edilmegine ýardam berýär. Iş gözleýän raýatlar bolsa, degişli hünärine laýyklykda bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen hakyky wagt tertibinde tanyşmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.

-Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris!



Söhbetdeş bolan Sona DURDYÝEWA. «Türkmenistan».
«Türkmenistan» gazeti, № 323 (29589)., 26.12.2019ý.



Yza

Şeýle hem okaň