ADAM HAKDA ALADA

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň işini we hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça saldamly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyz iň iri we abraýly halkara guramalaryň biri bolan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Halkara zähmet guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Türkmenistan döwletimiziň 1993-nji ýylda bu guramanyň agzalygyna kabul edilendigini we onuň ähli binýatlyk konwensiýalaryna, şol sanda 144-nji «Üçtaraplaýyn maslahatlaşmalar hakynda (halkara zähmet kadalary)» Konwensiýa goşulandygyny bellemek zerurdyr. Bu Konwensiýa HZG-niň döredilmeginiň esas goýujy ýörelgelerine daýanýan halkara resminama bolup, ol halkara zähmet kadalaryny işläp taýýarlamak we ulanmak maksady bilen, üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygynyň taraplarynyň gatnaşyklaryny kesgitleýär. 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda taraplaryň arasynda köpçülikleýin gepleşikleriň alnyp barylmagy üçin Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn toparyň döwlet derejesinde döredilmegi göz öňünde tutulýar. Toparyň düzümi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýörite ygtyýarly edilen döwlet edarasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasynyň wekillerinden hem-de iş berijileriň birleşikleriniň we telekeçileriň ygtyýarly wekillerinden ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde 2019-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn toparyň geçiren nobatdaky mejlisi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynda görülýän çäreleriň raýatlaryň zähmete, hünäri we iş ýerini seçip almaga bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin zerur kepillikleri döretmek, zähmet gatnaşyklarynyň taraplarynyň arasyndaky durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmekden ugur alýar. Toparyň mejlisiniň gün tertibinde goýlan meseleler bilen birlikde geljek ýyl üçin topar tarapyndan ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Munuň özi Halkara zähmet guramasynyň ýörelgelerine laýyklykda milli ykdysadyýetimizde mynasyp zähmetiň üpjün edilmegi hem-de durmuş adalatlylygynyň pugtalandyrylmagy üçin oňyn şertleri döredýär. Üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygynda gazanylýan üstünlikler bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymata ýugrulan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş syýasatyny täze rowaçlyklara ýetirer.



Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi.
«Türkmenistan» gazeti, № 324 (29590)., 27.12.2019ý.



Yza

Şeýle hem okaň