Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen maslahatlar işjeň häsiýete eýe boldy.
Muňa Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň, welaýat kazyýetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, zähmet kanunçylygynyň döwrebaplaşdyrylyşy, ilatymyzyň durmuş goraglylygy babatynda dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärleriň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen maslahat hem şaýatlyk etdi.
Edara-kärhanalaryň degişli bölümleriniň başlyklarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we işjeň agzalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçen maslahatda, degişli hünärmenleriň eden çykyşlarynda zähmet kanunçylygyndan gelip çykýan wezipeler, iş üpjünçiligi baradaky kada-kanunlaryň hem-de iş berijileriň zähmet kanunçylygyny berjaý etmekde jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, bu kanunçylygyň kadalaryna pugta eýermek we berjaý etmek çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle hem özara düşünişmek we işjeň ýagdaýda geçen bu çärede raýatlaryň orta atan sowallaryna anyk jogaplar berildi.
Maslahata gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer syýasatyny dünýä nusgalyk derejede dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar.
Balkan welaýaty
Balkan welaýatynyň gazeti
28-nji dekabr 2019ý.