ZÄHMET KANUNÇYLYGYNA BAGYŞLANDY

Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde ýurdumyzda zähmet kanunçylygyny berjaý etmegiň meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň, welaýat kazyýetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat, düşündiriş häsiýetli maslahata dürli pudaklaryň wekilleri, şol sanda telekeçiler gatnaşdy.

Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowa açyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, tamamlanyp barýan ýylda bu ugurda ýetilen sepgitler barada welaýatymyzda durmuşa geçirilýän netijeli işleriň mysalynda täsirli gürrüň etdi. Zähmetkeşleriň döredijilik işjeňligini ösdürmekde, agzalarynyň zähmet hukuklaryny goramakda we olaryň hünär derejesini kämilleşdirmekde, döwrüň talabyna laýyk gelýän iş we dynç alyş şertlerini gurnamakda alnyp barylan işler dogrusyndaky gürrüňe onuň çykyşynda aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň zähmet gatnaşyklary we zähmet şertleri müdirliginiň başlygynyň orunbasary Muhammetaly Allakowyň çykyşynda «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» bellenilen çäreler, zähmet kanunçylygynda göz öňüne tutulan wezipeleri berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler hakynda giňişleýin gürrüň etdi. Bellenilişi ýaly, ilatyň iş bilen meşgul bolmagy ýurduň ykdysady we durmuş ösüşine özüniň düýpli täsirini ýetirýär. Iş bilen üpjünçilik adamyň maddy üpjünçiliginiň kepili bolup durýar. Munuň özi ykdysadyýetiň öndürijiligini ösdürmek, jemgyýetde jebisligi berkitmek ýaly durmuş meseleleriniň çözgüdiniň girewidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda zähmet gorlaryny netijeli dolandyrmak, zähmet bazarynyň meselelerini oňyn çözmek, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň göwnejaý amala aşyrylmagy üçin şertleri döretmek boýunça çärelere döwlet syýasatynda uly orun berilýär.

Maslahatda Gökdepe etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy Ylýas Rahmedow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Oguljeren Kazakowa, Tejen şäher Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümçesiniň başlygy Deňlimyrat Janmyradow dagynyň ýurdumyzda zähmet kanunçylygynyň berjaý edilmeginiň meseleleri dogrusyndaky çykyşlary we degerli maslahatlary ünsli diňlenildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan ýuristi, ýuridiki ylymlaryň doktory, professor Myrat Haitowyň çykyşy aýratyn täsirli boldy. Ol döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi we döwrebaplaşdyrylýandygy, kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň yzygiderli işlenilip taýýarlanylýandygy barada aýdyp, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine girizilen üýtgetmelere ünsi çekdi hem-de kanunçylygyň talaplarynyň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi.

Maslahata gatnaşyjylar halkymyzy eşretli geljege, ata Watanymyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýandygy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.




Ahal welaýaty Ahal durmuşy gazeti 30-njy dekabr 2019ý.


Yza

Şeýle hem okaň