Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Ony welaýat Zähmet we ilatyn iş bilen üpjünçiligi müdirligi, welaýat kazyýeti, TKA-nyň welaýat birleşmesi, TSTP-niň welaýat komiteti bilelikde guradylar. Dasoguz şäherinde ýerleşýän edaralaryň, kärhanalaryň hem-de guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, zähmet kanunçylygynyň döwrebaplasdyrylyşy, ilatyň durmuş goraglylygy babatda dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärlerin habarlylygyny pugtalandyrmak maksady bilen geçirilen maslahaty TKA-nyň welaýat birlesmeşinin baslygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew açdy we berkarar Watanymyzda halkyň bähbidine gönükdirilen beýik işler, milli kanunçylygymyzyň ýörelgelerinden göz baş alýan degişli hukuknamalarynyň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi.
Soňra Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň baş hünärmeni Berdimyrat Çaryýew, Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysy Şamyrat Gummanow, TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Myratgeldi Goçmedow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň baş hukuk derňewçisi Begenç Rejepow, welaýat Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň bölüm başlygy Ýollaman Çäşgenow, müdirligiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň başlygy Welmyrat Kadyrow dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda zähmet kanunçylygynyň talaplary, ilaty durmuş taýdan goramak babatda alnyp barylýan işler dogrusynda ginişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda adam, onuň bagtyýar durmuşy hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde durmuşa geçirilýändigi, ony «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň esasynda amala aşyrylýan işleriň doly açyp görkezýändigi buýsançly söhbetlerde bellenildi.
Şeýle bagtyýarlygyň başynda duran hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.
Daşoguz welaýaty
Daşoguz gazeti
31-nji dekabr 2019ý.