«Döwlet adam üçindir!», «Meniň ähli aladam halkym bolar», «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýaly asylly ýörelgelerde Gahryman Arkadagymyzyň il halkyna çäksiz mähribanlygyny, üns aladasyny duýmazlyk mümkin däl. Hormatly Prezidentimiz bu babatda: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakda döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr» diýip, nygtaýar. Hakykatdanda, gadymy Oguz ýurduna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nur şuglasy düşeli bäri islendik ulgamda zähmet çekýän her bir türkmen raýaty — çagalar bagyna gatnaýan körpejelerden başlap, hormatly dynç alyşdaky «geplän gepi güwälik, eden işi nusgalyk» diýilýän derejä ýeten ak saçly käbelerimize, «il agasy, don ýakasy» bolan kyblalarymyza çenli özleri hakdaky şol mähir aladany duýup ýaşaýar. Şoňa göräde, iş ornuňa baranyňda, ilki bilenä, seniň şol işiň il ýurduňa gerekligi, zerurlygy, galybersede, seniň zähmetiňe, azabyňa näderejede üns berilýändigi, gadyry bilinýändigi — ine, şular ynsany ganatlandyrýar. Işiňe hyjuwyňy, ýaşaýşa höwesiňi goşalandyrýar. Bu bolsa ömrüň her sagadyny wagty hoşluga, zähmetiňi şatlyga öwürýär, köňlüň rahatlyga gol berýär.
Ejegyz ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Ählimiziň sabyrsyzlyk bilen garaşan Täze ýylymyz welaýatlarymyzyň raýatlarynyň ençemesiniň öý ojagy üçin goşa toý bolup geldi. Ol goşa toýuň sebäpkärleri hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan üns alada bilen gurşalan uzak ýaşly mähribanlardyr. Olara şanly baýramçylyklarda, doglan günlerinde gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.
«Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberiniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy hem-de Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýan ýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iňpes möçberiniň 415 manat möçberde bellenilmegi buýsançlydyr.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ýeke günem öýde oturman, öz halal zähmetleri bilen Ýeňiş gazanylmagyna goşant goşan, bu gün bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan mähriban enelerimiz, il sylagly ýaşulularymyz her demde, her ädimde milli Liderimize alkyş aýdýarlar. Biz täze, 2020-nji ýylda 100 ýaşyny dolduran bu owadan dünýäniň nurana baharlaryny şu ýyl 100-nji gezek görmek nesibesine eýe bolan ildeşlerimiz bilen söhbetdeş bolduk.
Meretgül GYLYJOWA, Ahal welaýatynyň Kaka şäherçesinden uzak ýaşly ene:
— Men ömrümiň köpüsini Aşgabadyň ýüpek kelepleýji fabriginde işläp geçirdim. Häzirki döwrüň ýüplük egirýän, kelepleýän, mata dokaýan kämil enjamlaryny görüp, şu günki ýaşlaryň bagtyna guwanýaryn. Bu döwletli döwran hemmämize nesip etsin!
Ýeke oglumdan bäş agtyk gördüm. Agtygym Durdymyrat bilen gelnim Ölmez — telekeçi. Bulardan ýüzmüň razy. On sekiz çowlugym, ýedi ýuwlugym bar. Çowluk gelniň salamyny alyp, ýuwlugyň elinden suw içmegem hemmä ýetdirýän bagt däl.
Pensiýalarymyzyň möçberini ýylyň ýylyna ýokarlandyryp, hözirli günleri bagyş edenligi üçin Gahryman Arkadag ogla alkyş aýdýarys. «Eziz başyňaman, ömrüňuz akdan uzak, işleriň rowaç bolsun!» diýýäris.
Tokga ARAZDURDYÝEWA, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan, uzak ýaşly ene:
— Adamym Kuwwat Orazdurdy saglyk ýagdaýy sebäpli urşa alynmady, tylda işledi. Şol günlerde obadaşlaryna elinden gelen kömegi berdi. Front üçin ugradylýan ellik, jorap, şaýsep ýaly sowgatlary ýygnamagada gatnaşardy. Men bolsa ömrümi sagymçylyga bagyşladym. Çeken zähmetimi göz öňünde tutup, döwlet sylaglary bilen sylaglandym. Perzentli bolmak nesibämize ýazylmasada, jigim Orunbaýyň özi hem çagalary hyzmatymyzda boldy, bir diýenimi iki aýtdyrmaýarlar. Ýaş çatynjalar hem ýörite gelip görşüp gidýärler. Bizi sylany Alla sylasyn!.
Sag bolsun hormatly Prezidentimiz, nesip bolsa, ýokarlandyrylan pensiýa alyp başlarys. Bize goýýan çäksiz hormaty, üns aladasy üçin hormatly Prezidentimiziň döwletli başyna Hakyň nury ýagyp, ömrüne ömür goşulsyn!
Ogultuwak ANNADURDYÝEWA, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndan:
— Adamym Sähetdurdy Annadurdy, — Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy. Urşa gidenleri ýatlap, olaryň ýan ýoldaşlarynyň hem pensiýalaryny ýokarlandyrandygy üçin Arkadag Prezidentimize taňryýalkasyn aýdýarys. Bagtyýar ilimize: «Ýokarlandyrylan zähmet haklaryňyz, pensiýalaryňyz, kömek pullaryňyz toýuňyza ýarasyn!» diýesim gelýär. Men kolhoz meýdanlarynda zähmet çekdim. Zenana mahsus tikin-çatyn işlerini hem bir ýanymdan goýmazdym. 70 ýaşymdada iňňä sapak sapyp keşde eder oturardym. 7 çagam bar, olaryň 3-si gyz, Täçnabat, Enetäç daýhançylyk etseler, Nurjemal maşgala lukmany. Nowbahar oglum Sähetdurdy ýokary bilimli mugallym, Döwletgeldi ykdysadyýetçi, Şageldi lukmançylyk ugrundan bilim berýär. Körpäm Çarygeldi reanimotolog-lukman, Sarahs etrabynda işleýär. Tüweleme, ogullarymyň ikisiniň gelinleride lukman. Oglum Şageldä «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalynyň gowşurylmagy maşgala agzalarymyzyň depesini göge ýetirdi.
Her saba säherde Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyp, ömrüniň uzak, janynyň sag bolmagyny, işlerinde hemişe rowaçlyk dileg edýärin. Täze, 2020-nji ýyl asuda, abadan, rysgal-bereketli, düşümli ýyl bolsun!
«Türkmenistan» gazeti, № 2 (29596). 02.01.2020ý.