HALKARA GURAMALAR BILEN HYZMATDAŞLYK: ANYK ÄDIMLER, AÝDYŇ WEZIPELER

Öňňin, 14-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde BMG-niň düzümleri bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň arasynda resminamalaryň jemi 12-sine gol çekildi. Şundan ugur alyp, ýörite «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guradyk. Oňa Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory Ýagmyr NURYÝEW, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň durmuş üpjünçiligi bölüminiň başlygynyň orunbasary Amangeldi KURBANGELDIÝEW, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň direktorynyň orunbasary Ogulşeker ANNAGYLYJOWA, Bilim ministrliginiň bilim ulgamynda dünýä tejribesini öwrenmek we bilim işine ygtyýarnama bermek bölüminiň baş hünärmeni Pürli RASULOW gatnaşdylar.

— Söhbedimiziň başyny milli Liderimiziň daşary syýasat ugry, onda kanunçylyk ulgamynyň berkidilmegi, çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak meseleleriniň eýeleýän orny baradaky gürrüňden başlaýalyň!

Ý.Nuryýew:

— Milli Liderimiziň dünýäde ykrar edilen halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleriniň baý hem-de oňyn tejribesine esaslanýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga, milli bähbitleriň yzygiderli goralmagyna, howpsuzlygyň toplumlaýyn hem-de ygtybarly ulgamynyň üpjün edilmegine, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, daşary ýurt döwletleridir halkara guramalar bilen dostlukly, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, möhüm halkara meselelerini BMG-niň tertipnamasy esasynda çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam bermäge, daşary ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga aýdyň ýol açýar.

Halkara bilermenler Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň, kanunçylyk ulgamynyň jebis utgaşdyrylandygyny belleýärler. Halkara hukuk kadalary bilen utgaşdyrylan döwrebap kanunçylygyň esasynda halkara hyzmatdaşlygyň, şertnamalaýyn, meýilnamalaýyn esasda ýola goýulmagy ýurdumyzdaky ykdysady ösüşleriň maksada okgunly we netijeli bolmagyna esas döredýär. Öz gezeginde oýlanyşykly daşary syýasat ýurdumyzyň öňde goýan maksatlaryna ýetmegiň, milli Liderimiziň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň girewi bolup durýar.

A.Kurbangeldiýew:

— Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan daşary syýasat ugurlarynyň biri ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmekden we ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda döwletimiz halkara konwensiýalaryň we beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşýar. Olaryň arasynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen, şeýle-de, halkara hukugyň umumy kadalaryny özünde jemleýän konwensiýalar aýratyn orun eýeleýär.

Halkara hukuk namalarynda çagalary goramak, olaryň hukuklary we azatlyklary baradaky meseleler möhüm ähmiýete eýedir. Halkara hukuk resminamalarynyňiň esasylarynyň biri-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýadyr. Ýurdumyz bu Konwensiýany 1994-nji ýylyň sentýabr aýynda tassyklap, oňa gatnaşyjy döwlet hökmünde goşuldy. Bu resminama çagalaryň hukuklary babatda kanun taýdan berkidilen ilkinji Konwensiýa bolup, dünýäniň ähli çagalarynyň hukuklarynyň esaslaryny özünde jemleýär. Konwensiýa çaganyň dürli hukuklaryny — raýat, syýasy, ykdysady, sosial we medeni hukuklaryny özünde jemleýär.

— Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda bilim ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk, onuň çäklerinde amala aşyrylan işler, durmuşa geçirilen we geçirilýän maksatnamalar dogrusynda nämeler aýdyp bolar?

P.Rasulow:

— Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen 1994-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bu gazna bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasy» we onuň «Hereketler meýilnamasy», şeýle-de, hereket edýän ýyllyk iş meýilnamalarynyň çäginde amala aşyrylýar.

«Çagalara hoşniýetli garaýyşly mekdepler» taslamasy boýunça milli we ýerli derejelerde işçi toparlar döredildi we olaryň hereket meýilnamalary tassyklanyldy, şeýle-de, topar agzalary bilen degişli derejelerde milli we daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda taýýarlyk okuwlary guraldy. Milli derejedäki işçi topar tarapyndan, Çagalar gaznasynyň milli maslahatçysy bilen hyzmatdaşlykda, «Çagalara hoşniýetli garaýyşly mekdepler» boýunça ülňüleriň we görkezijileriň taslamasy işlenip düzüldi we bu taslama Çagalar gaznasy tarapyndan saýlanylyp alnan garaşsyz “MISKI WITT” (ABŞ) kompaniýasyna, halkara bilermene syn bermek, şeýle-de, bahalandyrmak üçin hödürlenildi. Netijede, bu taslama ýerine ýetirilen işleriň hili, möhleti we mazmuny boýunça sebitde iňöňdebaryjy hasaplanylyp, ýokary baha eýe boldy. Bular «Çagalara hoşniýetli garaýyşly mekdep» taslamasy boýunça işleýän mekdeplerde deslapky synagdan geçirildi.

— Maslahatda Türkmenistanyň Durnukly ösüş babatdaky Gün tertibiniň maksatlaryna hyzmat edýän, bu babatda amala aşyrylýan anyk işler babatda-da durlup geçildi. Bu ugurda ýurdumyzyň saglyk ulgamynda neneňsi özgertmeler geçirilýär?

O.Annagylyjowa:

— Türkmenistanyň Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly goldandygyny, Durnukly ösüş maksatlaryna goşulmak boýunça milli derejede yzygiderli we anyk işleri amala aşyrmaga dessine girişendigini nygtamak zerur. 2015-nji ýylyň oktýabrynda BMG-niň agentlikleri bilen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Olaryň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmak boýunça Bilelikdäki iş toparynyň düzümi tassyklanyldy. Olaryň netijeleri boýunça Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň 150-ä golaýy we görkezijileriň 200-e golaýy seçilip alyndy hem-de olar Hökümet derejesinde tassyklanyldy. Şeýlelikde, BMG-niň baha bermegine görä, Türkmenistan Gündogar Ýewropa we GDA sebitinde soňky 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitlän ilkinji ýurt hökmünde ykrar edildi. Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijileri Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem goşuldy.

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy durmuş ugruna gönükdirilip, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we ilatyň iýmitlenişini gowulandyrmak, ählumumy sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek wezipelerine-de örän jogapkärli çemeleşilýär.

— Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutybilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň arasynda gol çekilen resminamalar çagalaryň geljekki ösüşinde nähili orun eýelär?

Ý.Nuryýew:

— Halkara maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda «Çaganyň hukuklaryny utgaşdyrmak we gözegçilik etmek» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna, şeýle-de, BMG-niň Ilat gaznasy bilen “Gender deňligini ilerletmek ulgamyny we usullaryny berkitmäge ýardam” atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekilmegi institutyň halkara hyzmatdaşlygyna we işleriň meýilnamalaýyn alnyp barylmagyna esas bolup durýar.

Institutyň BMG-niň ýörite düzümleri bilen gol çekilen iş meýilnamalarynda esasy üns Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 6-njy dekabryndaky Karary esasynda tassyklanan “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Bu resminamada çaganyň geljekde kämil adam bolup ýetişmegi üçin ösüşiň ilkinji günlerinden başlap, beden, akyl we ruhy taýdan kadaly ösmegi baradaky mümkinçilikleriň toplumynyň öz beýanyny tapmagy döwletimiziň bu ugurdaky tagallalarynyň aýdyň mysalydyr. Şonuň bilen birlikde-de, kanunlaryň göwnejaý berjaý edilmegi, çaganyň irki ösüşi boýunça hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi, çagany ösdürmek we oňa ideg etmek boýunça ene-atanyň bilimini we başarnygyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda ýerine ýetirilmeli işler resminamada öz beýanyny tapýar.

— Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda gol çekilen resminama, onuň ähmiýeti we wezipeleri dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

A.Kurbangeldiýew:

— Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka öwrülen bu halkara maslahatyň çäklerinde birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda “Çagalar üçin durmuş goragynyň kämilleşdirilen ulgamy” atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna hem gol çekildi. Meýilnamanyň baş maksady 2020-nji ýylyň ahyryna çenli durmuş taýdan goramak ulgamyny ýokary hilli, hemmetaraplaýyn jemgyýetçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge taýýarlamakdan ybaratdyr.

Iş meýilnamasynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem durmuşa geçirmeli çäreleriniň ugurlary kesgitlenildi. Şunda çaklanylýan möhletde ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilen kanunçylyk we kadalaşdyryjy namalaryň kämilleşdirilmegi, durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça kanunçylyk we kadalaşdyryjy namalaryň işlenip taýýarlanylmagy, goldawa mätäç raýatlaryň maksatlaýyn toparlarynyň ýüze çykarylmagy, hereket edýän durmuş hyzmatlarynyň seljerilmegi, durmuş taýdan hyzmat etmek işi boýunça ýerli derejede synagyň geçirilmegi ýaly ulgamlaýyn meseleleriň üstünde işlenilmegi göz öňünde tutulýar.

— Gürrüňi edilýän Iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda nähili ähmiýete eýe bolar?

A.Kurbangeldiýew:

— Elbetde, Iş meýilnamasynda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilmegi ähmiýeti uly bolan netijeleri berer. Onuň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has ýokarlanar, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynda görkezilen ählumumy maksada ýetmekde hereketleri birleşdirer.

Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk etmek bilen, enäniň, çaganyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, wagyz etmek, bu babatda milli kanunçylygy halkara talaplaryň derejesine ýetirmek boýunça gatnaşyklary alyp barýar. Döwletimiziň 2018-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2019-2021-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň, 2017-2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlar statusy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy hem ýurdumyzyň bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürýändigini görkezýär. Bu bolsa döwletimiziň öz borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirip, halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän nesliň döwrebap okamagy, edep-terbiýe almagy üçin döwlet tarapyndan bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Muňa olaryň durmuş goraglylygynyň ygtybarly üpjün edilmegi we ünsalada bilen gurşalmagy hem-de ýaş çagaly eneleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy mysal bolup biler. Ýurdumyzda çagalaryň beden we akyl taýdan ösüp kemala gelmegi, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda, döwletimiz tarapyndan aýal maşgalalar çaga doglanda we oňa üç ýaşa çenli seretmek üçin döwlet kömek pullary bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzda «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Kanun kabul edildi. Onuň düzgünleri döwletimizde halkara hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda, durmuş we demokratik ýagdaýlaryň çuňlaşdyrylýandygyny beýan edýär. Kanun sagdyn gurşawyň, degişli terbiýäniň, çagalaryň işe çekilmeginden goraglylygynyň ýola goýulmagyna döwlet kepilliklerini üpjün edýär.

— Türkmenistan BMG-niň Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda saglyk ulgamynda şu günki güne çenli bilelikde nähili çäreleri amala aşyrdy?

O.Annagylyjowa:

— Ýurdumyzyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy we beýleki ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeleri hem guwandyryjydyr.

Halkara maslahatyň çäginde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary halkara guramalaryň wekilleri bilen bilelikde, halkara hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry bolan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamalaryna gol çekdiler. Olaryň hatarynda:

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Kiçi ýaşly çagalaryň sagdyn we abadan durmuşy» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Nesil saglygy boýunça sazlaşykly işleýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak» we «Durnukly milli ösüş üçin dezagregirlenen maglumatlar» atly taslamalary ýerine ýetirmegiň 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy hem bar.

Maşgalany meýilleşdirmek, enäniň we çaganyň, aýratyn hem ýetginjekleriň saglygyny goramak babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Ilat gaznasy tarapyndan maşgalany meýilleşdirmek we reproduktiw saglyk boýunça 820 sany okuw maslahaty geçirildi. 1997-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda reproduktiw saglyk otaglary gurnalyp, olar doly enjamlaşdyryldy.

BMG-niň Ilat gaznasynyň ýardam bermegi we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda «2012-2016- njy ýyllarda AIW-e garşy göreş boýunça Milli maksatnama», «2015-2019-njy ýyllarda eneleriň, bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça hyzmatlary gowulandyrmak barada milli strategiýa», «Türkmenistanda adatdan daşary ýagdaýlarda reproduktiw saglygy goramaklyga gönükdirilen geçirilmeli taýýarlyk çäreleri» boýunça meýilnama işlenip düzüldi we amala aşyrylýar. BMG-niň Ilat gaznasynyň ýardam bermeginde 2007-2011-nji ýyllar üçin «Howpsuz enelik» boýunça milli maksatnama kabul edildi. Bu maksatnama döwletimizde eneleriň saglygy babatda hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berdi.

P.Rasulow:

— Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen halkara maslahatda, beýleki pudaklar bilen bolşy ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda «Irki ýaşda ýokary hilli we inklýuziw bilim» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna, BMG-niň Ilat gaznasy bilen «Nesil saglygy barada bilime ýaşlaryň elýeterliligini artdyrmak» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna hem gol çekildi. Bu resminamalar Türkmenistan bilen milletler bileleşiginiň arasyndaky bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagynda aýratyn ähmiýete eýe bolar. Bu Iş meýilnamasynda ýerine ýetiriljek işler tapgyrlaýyn we sarp ediljek maliýe serişdeleri jikme-jik beýan edilýär, şeýle hem garaşylýan netijeler kesgitlenilýär.

Iş meýilnamasy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasynda», «Ösüş pediatriýasyny we irki goşulyşmany ornaşdyrmagyň milli konsepsiýasynda» we «2016-2020-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasynda» beýanyny tapan ileri tutulýan ugurlara laýyklykda işlenip düzüldi. Şeýle-de, Iş meýilnamasynda çagalary mekdebe taýýarlamagyň ülňülerini, çagalara hoşniýetli garaýşa esaslanan baha beriş usullaryny, mekdebe çenli okuw maksatnamasyny, mekdebe çenli we umumy orta bilimiň hünärmenleriniň diploma çenli we diplomdan soňky taýýarlygynyň maksatnamalaryny halkara ülňülere laýyklykda kämilleşdirmek, inklýuziw milli bilim syýasatyny amala aşyrmak, irki ýaşda mekdebe çenli taýýarlyk we ösüş hyzmatlarynyň täze görnüşi üçin çarçuwalaýyn kadalaşdyryjy usuly işläp taýýarlamak we synag etmek ýaly çäreler göz öňünde tutulýar.

2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynda meýilleşdirilen çäreleri durmuşa geçirmek arkaly, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynda (4-nji maksat: Hemme taraplaýyn we adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeler üçin bütin ömrüň dowamynda bilim almak mümkinçiliklerini goldamak; 13-nji maksat: Howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmek) kesgitlenen meseleleri çözmäge goşant goşmak maksat edinilýär.

— Halkara maslahatyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde, adam hukuklaryny jebisleşdirmekde we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ýörelgelerini dünýä meşhur etmekde eýeleýän orny dogrusynda-da aýdaýsaňyz?!

Ý.Nuryýew:

— Ata Watanymyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň adam hukuklaryny goramakda, bu babatda halkara kadalaryny ornaşdyrmakda, erkekleriň we zenanlaryň deňhukuklylygyny üpjün etmekde anyk netijeler gazanylýar. Türkmenistanda döwlet derejesinde gender deňligi kepillendirilýär we bu ugurda BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirýär. Zenanlaryň hukuklarynyň deňligi Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. BMG-niň Tertipnamasynyň girişinde ynsan şahsyýetiniň mertebesine we gymmatlygyna hem-de erkekleriň we aýallaryň deň hukuklylygyna öz ynamyny tassyklamagyň onuň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygy kesgitlenendir. Şeýle hem Tertipnamanyň 1-nji maddasynda Birleşen Milletler Guramasynyň esasy wezipeleriniň biriniň jynsy, aýal-erkekligi, dili we dini aýratynlyklaryna garamazdan, adam hukuklaryna we hemmeler üçin esasy azatlyklara bolan hormaty ösdürmekde hem-de höweslendirmekde halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmaklyk ykrar edilýär.

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesini ynamly hem yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasyndaky döredijilikli hem oňyn hyzmatdaşlygyň barha gülläp ösýändigini, bu gatnaşyklaryň geljeginiň örän uludygyny döwlet Baştutanymyzyň halkara maslahatdaky taryhy çykyşy, maslahatyň dowamynda gol çekilen resminamalar ýene-de bir gezek aýdyň tassyklady. Maslahatyň jemleri ýurdumyzyň hoşniýetli syýasatyny bütin dünýä mälim etdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzda adam hukuklarynyň goragynyň we kepillikleriniň halkara kadalaryň esasy düzgünlerine laýyk gelýändigine, milli kanunçylygymyzy ýerine ýetirmek boýunça maksada gönükdirilen işleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistan dünýä bileleşigine adamzady gyzyklandyrýan umumy wezipeleriň çözgüdini tapmak üçin bilelikde işlemäge taýýardygyny ýene bir ýola mälim etdi. Hoşniýetli Bitaraplyk syýasaty arkaly ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Munuň özi adama, ynsana, onuň bagtyýar ýaşaýşyna, hukuk goragyna halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegine hormat-sarpanyň, mynasyp goşandyň nusgasydyr.

Sözümiň ahyrynda ýurdumyzda halkara hukuk kadalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygyň barha berkidilmegi, milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki meşhurlygynyň artmagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza çyn ýürekden çykýan hoşallygymyzy bildirýäris.

— Ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň geljegine nähili baha berýärsiňiz?

A.Kurbangeldiýew:

— Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen geljekde-de netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy edaralary bolan Ösüş Maksatnamasy, Halkara Zähmet Guramasy, Çagalar gaznasy ýaly edaralar bilen ýurtda zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuş üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmekde işjeň hyzmatdaşlyk saklar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň halkara düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklap, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

— Hormatly myhmanlar, derwaýys söhbediňiz üçin sag boluň! Size Watanymyzy ösdürmekde, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde alyp barýan işleriňizde uly rowaçlyklary arzuw edýärin!



Söhbetdeş bolan Ysmaýyl TAGAN «Türkmenistan»
«Türkmenistan» gazeti, № 15 (29609). 16.01.2020ý.



Yza

Şeýle hem okaň