TÜRKMENISTAN WORLDSKILLS HALKARA STANDARTLARYNY ORNAŞDYRMAK ÝOLUNDA

2020-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde «Worldskills» halkara standartlary boýunça tanyşdyrylyş okuwlary geçirildi. Bu okuw maslahatyna ýurdumyzyň başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dünýä ýurtlarynyň arasynda her iki ýyldan bir gezek geçirilýän Worldskills halkara bäsleşikleri, esasan-da, soňky onýyllyklaryň dowamynda uly meşhurlyga eýe boldy. Türkmen diline terjime edilende «Başarnyklar dünýäsi» diýen manyny aňladýan «Worldskills» halkara standartlarynyň häzirki döwürde köp dünýä ýurtlary tarapyndan milli hünär bilimi ulgamlaryna ornaşdyrylýandygy aýratyn bellärliklidir. Halkara bilermenleriniň bellemeklerine görä, Worldskills halkara assosiasiýasy tarapyndan guralýan bäsleşikler ýaşlaryň işçi hünärleri ele almaklaryna höwes döredýär we bu ugurda hünär ussatlyklaryny artdyrmaga ýardam berýär.

Häzirki döwürde dünýä bileleşigine amatly goşulyşýan Türkmenistan hem bu halkara assosiasiýasy tarapyndan durmuşa geçirilýän işlere uly gyzyklanma bildirýär. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde iki gün dowam eden «Worldskills» halkara standartlary boýunça tanyşdyrylyş okuwlary munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu duşuşykda Ýewropa bileleşiginiň agzasy bolan Latwiýa döwletiniň wekili tarapyndan ýurtda «Worldskills» standartlaryny ornaşdyrmak boýunça geçen ýoluna seljerme berildi. Gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirilen maglumatlar bu halkara standartlaryny ornaşdyrmak üçin, ilkinji nobatda, başlangyç we orta hünär bilimi edaralarynyň ýolbaşçylarynyň olar barada habarlylygyny, mugallymlarynyň bolsa hünärmenlik derejesini ýokarlandyrmagyň zerur şertleriň biri bolup durýandygyny görkezýär.

Halkara bilermeni tarapyndan Türkmenistanyň Worldskills halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girmegi üçin ýurdumyzda köp amatly şertleriň bardygy, ýurdumyzyň zähmet we bilim kuwwatynyň uludygy nygtaldy. Hususan-da, hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda etrap, şäher, welaýat we tutuş ýurt derejesinde «hünär ussatlygy» bäsleşikleriniň ýygy-ýygydan geçirilip durulmagynyň bu ugurda möhüm tejribäniň toplanylmagyna ýardam berjekdigi, ahyrky netijede, olaryň ýakyn geljekde ýurdumyzyň ýaş wekilleriniň bütindünýä hünär bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmekleri üçin badalga boljakdygy barada bilermen hususy garaýyşlaryny beýan etdi. Bu tanyşdyryş okuwlary oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.




Yza

Şeýle hem okaň