«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, her bir adamyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda döwlet we milli Maksatnamalaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Myratberdi JEPBAROW,
Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň
iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň Ilatyň
iş bilen üpjünçiligi bölüminiň başlygy.
Raýatlaryň iş bilen üpjünçiligi hormatly Prezidentimiziň ilkinji nobatdaky üns berýän meselesidir. Her bir adama öz islegine görä kär, hünär saýlamaga deňhukuklylygy, ilatyň iş bilen üpjünçiligi döwlet syýasatynda, kanunçylygyň kadalarynda, Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapýar. Degişli kanunçylyk namalaryndan ugur alyp, raýatlary iş bilen üpjün etmek, olara oňaýly iş we ýaşaýyş şertlerini döretmek, sebitlerde hünärmenleriň ýetmezçilik edýän ugurlaryny öwrenip, netijeli işleri geçirmek boýunça tagallalar edilýär. «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015—2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýedir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmaga we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen uly möçberli we giň göwrümli bazar-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda telekeçileriň orny hem uludyr. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge berilýän ünsüň netijesinde iri önümçilik kärhanalary döredilýär.
Telekeçilik işjeňliginiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýeti bolup, onuň önümçiligi çeýe dolandyryp bolýandygy, täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny önümçilige tiz ornaşdyrmagyň mümkindigi ýaly artykmaçlyklary bardyr. Telekeçilik ykdysadyýetde täze iş orunlaryny döretmäge, ykdysadyýetiň salgyt binýadyny giňeltmäge, importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi degişli kanunçylyk-hukuknamalaryndan ugur alyp, ilatyň iş bilen üpjünçiliginde, netijeli işleri alyp barýar. Halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşy ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri üçin döwlet Baştutanymyza alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny ödemek üçin has-da tutanýerli zähmet çekeris.
«Ahal durmuşy» gazeti, № 16 (4166). 05.02.2020ý.