2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly ady bilen taryha giren 2019-njy ýylda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Bu döwürde durmuş-ykdysady ösüşimizde ýetilen sepgitler daşary amatsyz täsirlere garamazdan ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigini ýene-de bir gezek alamatlandyrdy. 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2019-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim möçberinde bolmagy häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda oýlanyşykly alnyp barylýan ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.
2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen bu halkara hukuk derejesiniň abadan ösüşimizi üpjün etmekde uly ähmiýetiniň bardygynyň ykrarnamasydyr. Halkara syýasy, ykdysady we medeni giňişlikde dünýä döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy amala aşyrmak babatynda özüniň oýlanyşykly strategiýasy bilen çykyş edýän ýurdumyz üçin Bitaraplyk derejesi diňe bir halkara at-abraýymyzyň mundan beýläk-de ýokarlanmagynyň binýatlaýyn ýörelgeleriniň biri bolman, eýsem, içeri ykdysady ösüşimizi üpjün etmek üçin hem amatly şertleri döredýär.
Bitaraplygyň oňyn häsiýeti ýurdumyzyň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň ýokarlanmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň ortaça 6 göterimden gowrak derejede üpjün edilmegi, jan başyna düşýän girdejiniň möçberiniň ýylsaýyn artmagy, döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75-80 göterimden gowrak böleginiň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi parahatçylykly ösüşiň amatly ösüş ýoly bolup durýandygyny Türkmenistan bu gün dünýä ýurtlaryna nusga görkezýär. Döwlet syýasatynda halkyň bähbitleri, isleg-hajatlary ileri tutulýan mekanda diňe rowaçlyklaryň höküm sürýändigini geçen ýylyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan anyk netijeler aýdyňlyk bilen subut edýär.
Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, 2019-njy ýylda hem jemi içerki önümiň ösüş depginleriniň 6,3 göterim derejesinde üpjün edilmegi ýurdumyzda ösüşiň strategik ugurlarynyň dogry kesgitlenendigine, häzirki döwürde durmuşa geçirilýän birnäçe döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuş-ykdysady netijeliliginiň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, milli ykdysadyýetimizde gazanylýan şeýle oňyn netijeleriň özeninde döwlet bilen halkyň arasyndaky jebisligiň durandygy, netijede, milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň halk köpçüligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: “Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy.” Diýip bellemegi halka daýanyp, halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň oňyn netijelerini alamatlandyrýar. Tejribeden görnüşi ýaly, ösüşler we özgerişler, özleriniň giň manysynda, birnäçe özarabaglanyşykly düzümleriň arasynda sazlaşdyryjy mehanizm döredilen ýagdaýynda mümkin bolýar. Häzirki döwürde türkmen jemgyýetinde höküm sürýän agzybirlik we jebislik döwlet bilen halkyň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklaryň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Bu esas goýujy gymmatlyklar milletiň dowamatynyň dowam bolmagyny üpjün edýär, onuň geljekki ösüş ýoluny kesgitleýär.
Halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Munuň üçin öňe gidişli ykdysady ösüşiň zerurdygy durmuş tejribesinden mälimdir. Hususan-da, dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynda maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän häzirki döwründe ýokary depginli ykdysady ösüşi üpjün etmek çylşyrymly meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de artdyrmak wezipesi ösüşiň içki mümkinçiliklerini ulanmak meselesine ünsüň güýçlenmegine getirdi.
Jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary görkezijileriniň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak syýasatlarynyň esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir.
«Köp ugurly ösüşi» aňlatmak bilen, diwersifikasiýa syýasaty durmuş-ykdysady ösüşde bar bolan töwekgelçilikleriň derejesini peseltmäge mümkinçilik berýär. Ýagny ol milli ykdysadyýetiň diňe aýry-aýry pudaklara baglylyk derejesini peseldýär we ykdysady netijeliligiň ýokarlanmagyna getirýär. Häzirki döwürde jemi içerki önümde senagat, ulag we aragatnaşyk, söwda pudaklarynyň paýynyň ýylyň-ýylyna artmagy munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Has takygy, 2019-njy ýylyň jemleri boýunça ösüş depgini senagatda 4,1, söwdada 14,2, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,1 göterime barabar boldy. Bu statistiki maglumatlar, öz gezeginde, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen önümçiligiň hemme görnüşleriniň taýýar önümi çykarmaga ukybynyň artýandygyny, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulýandygyny, şeýle-de innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulýandygyny aýdyň görkezýär.
Geljekde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak çygrynda bellenen maksatlara ýetmek üçin importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen syýasaty has-da işjeňleşdirmek meseleleri hem bazar ykdysadyýeti şertlerinde öz wajyplygy bilen tapawutlanýar. Önümleriň eksportynyň 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 4, göterim ösmegi ýa-da 9 milliard manatdan hem geçmegi 2015-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunda jemi içerki önümiň we eksport edilýän önümleriň möçberi milli ykdysady ösüşi häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijiler bolup, olaryň arasynda göni baglanyşygyň bardygyny bellemek zerurdyr. Netijede, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagy milli ykdysadyýetiň dünýä hojalygy bilen baglanyşygynyň derejesini görkezýär.
Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda senagatlaşdyrmak syýasatynyň netijeli alnyp barylmagyna üňsüň güýçlenmegi ýurduň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda onda jemlenen mümkinçilikler bilen baglanyşyklydyr. Hut şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda senagat pudagyny we hyzmatlar bazaryny düzümleýin özgertmek möhüm ugur hökmünde kesgitlendi. Çünki, ilkinji nobatda, senagat pudagynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy goşulan gymmaty ýokary bolan, şeýle-de, ýokary hili bilen tapawutlanýan harytlaryň öndürilmegine ýardam berýär. Ýagny öndürilýän önümiň ýokary hiliniň üpjün edilmegi, öz gezeginde, bäsdeşlige ukyplylygyň esasy görkezijisi bolmak bilen, bu görkeziji onuň daşary bazarlarda tutýan ornunyň ygtybarlylygyny kepillendirýär.
Senagatlaşdyrmak syýasaty Türkmenistan döwletini çig mal ugrundan häzirki zaman ýokary tehnologiýaly senagata daýanýan innowasion ugra öwürmäge giň mümkinçilikleri döredýändigi bilen hem ähmiýetlidir. Hut şu wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzda häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlarynyň emele getirilmegine, gaýtadan işleýän iri kärhanalaryň döredilmegine uly ähmiýet berýär. Eksport mümkinçililerimiziň artmagy bolsa, ahyrky netijede, importyň ornuny çalyşýan we eksporta gönükdirilen täze önümçilikleri döretmek üçin zerur maddy binýat bolup durýar we goşulan gymmaty döretmäge ukyply bolan önümçilikleriň sanynyň artmagyna ýardam berýär.
2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda söwda ulgamynda gazanylan netijeler ýerli öndürijiler tarapyndan bäsdeşlige ukyply önümleriň köp öndürilendigini aňladýar. Daşary bazarda bäsdeşlige ukyply önümler näçe köp ýerlenilse, ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryndaky ornunyň şonça-da pugtalanýandygy hemmelere mälimdir.
Ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň gowulanmagynda milli ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň ähmiýeti örän uludyr. Geçen hasabat ýylynda gurluşyk pudagyna 35 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň işjeň häsiýetlidigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de şu döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin bahasy 10 milliard amerikan dollaryna barabar bolan 1 müň 704 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi abadan ýaşaýşymyzyň maddy binýadyny emele getirýän önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilýändigini, täze iş orunlarynyň döredilýändigini alamatlandyrýar. Hasabat ýylynda 11 müň täze iş orunlarynyň döredilmegi ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna özüniň göni täsirini ýetirýän iş üpjünçiliginiň artmagyna getirýär.
Ýokarda durlup geçilen ugurlarda gazanylan ykdysady we durmuş ähmiýetli ösüşler ýurdumyzda 2019-njy ýylyň hem netijeli bolandygyny tassyklaýar. Geçilen ýola ser salmak, öňde duran menzilleri aýdyňlaşdyrmak türkmene mahsus bolan häsiýet. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2020-nji ýylda durmuşa geçirilmeli birnäçe anyk wezipeler kesgitlendi, şol sanda durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitleriň mümkinçiliklerini ulanmak wezipesi wajyp wezipeleriň hatarynda görkezildi. Çünki sebit strategiýasy çäkleriň tebigy-serişde we zähmet mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ýerli şertleriň aýratynlyklaryndan ugur alýan önümçilikleriň görnüşleriniň ösdürilmegine ýardam berýär. Şeýle çemeleşmäniň ulanylmagy sebit syýasatynyň netijeliligini üpjün etmek bilen, ol ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň gowulanmagynda, durmuş derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.
“Biz döwlet syýasatynda işçi güýjüni netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň meselelerini çözmek boýunça çärelere hem üns bermelidiris” diýip, döwlet Baştutanymyzyň aýdan sözleri ýurdumyzda zähmet we iş üpjünçilik çygrynda häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine döwrüň uly talap bildirýändigini görkezýär. Bu ugurda dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, dürli düzümleriň tagallalarynyň birleşdirilmegi onuň oňyn çözülmegine ýardam berjek gurallardyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzda durnukly ösüşiň üpjün edilýän döwrüdir. Bu gazanylan netijeleriň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň döredýän amatly şertleriniň esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. ХХI asyrda ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly ýurda öwürmek, innowasiýalara daýanýan milli ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň mazmuny 2020-nji - «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerini nazarlamaga mümkinçilik berjekdigini alamatlandyrýar.
«Türkmenistan» gazeti, № 40 (29634). 13.02.2020ý.