2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde “Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy” kabul edildi. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bu maksatnamanyň baş maksady işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak arkaly, ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, dünýäniň iň ösen tehnikalary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, innowasiýalary özünde jemleýän ýokary ykdysady netijeli ulgamy döretmekden we ösdürmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda pudaklaýyn we düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmaga ýardam berjek bu maksatnamanyň ilatymyzyň bagtyýar durmuşyny mundan beýläk-de üpjün etmekde uly orun eýelejekdigi gümansyzdyr. Çünki abadan ýaşaýşyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän islendik işiň hemişe rowaçlyga beslenýändigini bu gün türkmen tutuş dünýä äşgär edýär.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Ýurduň durnukly ösüşi köp derejede onuň ylmy-tehnologik kuwwaty bilen kesgitlenip, ykdysady ösüşi çaltlandyrmak wezipesi maýa goýum we innowasiýa işjeňliginiň artdyrylmagyny talap edýär. 2020-nji ýyl üçin Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynda ileri tutulýan ugurlaryň, maliýeleşdirmegiň çeşmeleriniň anyk kesgitlenmegi öňde duran wezipeleriň oňyn çözülmegine itergi berjekdigini ynamly aýtmaga esas döredýär.
Ykdysady nazaryýet ylmyndan belli bolşy ýaly, maýa goýumlar ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklaryna uzak möhletleýin gönükdirilen maliýe serişdeleri bolup, ol geljekde girdeji almagyň haýryna häzirki döwürde pul serişdeleriniň belli bir möçberinden ýüz öwürmegi aňladýar. Şunda goşulan gymmaty ýokary bolan pudaklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berlip, onuň netijesinde alynýan girdeji diňe bir pul görnüşinde bolman, eýsem, bilimi, ylmy, medeniýeti, saglyk ulgamyny ösdürmek arkaly adam maýasynyň hiliniň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýan durmuş häsiýetli utuşyň hem gazanylýandygyny bellesek ýerlikli bolar. Mysal üçin, 2020-nji ýyl üçin maksatnamada bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek üçin 312,8 million manat möçberinde göz öňünde tutulan maýa serişdeleri zähmet bazarynda işçi güýjüniň hiliniň, onuň bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagyny üpjün etjek şertlerdir. Bu ýagdaý maliýe serişdelerini ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna we ulgamlaryna gönükdirmek işiniň jemgyýetçilik ösüşiň nukdaýnazaryndan ykdysady we durmuş taýdan bähbitli bolup durýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady strategiýa türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläkki ösüşiniň tehnologik özgertmeleriň, innowasion ykdysadyýetiň geljegi bilen baglydygyny görkezýär. Munuň üçin döwlet tarapyndan alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän uzak möhletleýin maksatlardan we wezipelerden ugur almagy möhüm şertleriň biri bolup, onda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artmagyna mümkinçilik berýän diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak syýasatyna giň orun berlen ýagdaýynda netijeli bolýar. Bu şertleriň kabul edilen maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulmagy bolsa, ony taýýarlamak işine oýlanyşykly çemeleşilendiginden, netijede, garaşylýan netijeleriň hakykat ýüzünde özüniň ornuny tapjakdygyndan nyşan. Ýagny jemi içerki önümiň artmagy maýa goýum syýasatynyň ýokary netijeliliginiň esasy görkezijisi bolmak bilen, şol sanda ol importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümleriň möçberleriniň artmagynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.
Häzirki döwürde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan» ugur alnyp, maýa goýum we innowasiýa özgertmeleri amala aşyrmaga ünsüň güýçlenmegini birnäçe sebäpler bilen düşündirip bolar. Şunda dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünligiň milli ykdysadyýetimize ýetirýän amatsyz täsiri bilen bir hatarda, onuň entek ulanylmadyk içki mümkinçiliklerimizi ösüşiň çeşmesine öwürmek üçin hem şert döredýändigini hakykatyň hatyrasyna bellemek zerurdyr. Dünýä ösüşiniň ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerinde ýurdumyzda ykdysady ösüşi çaltlandyrmagyň ygtybarly ýoly hasaplanýan maýa goýumlary işjeňleşdirmek boýunça kabul edilen maksatnama munuň şeýledigini aňryýany bilen subut edýär.
Ykdysady nukdaýnazardan teswirlenende, ýurtda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti ösüşiň täze hil derejesine çykarmaga mümkinçilik berýän ugurlaryň biridir. Has takygy, maýa goýumlar önümçiligiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna itergi berýär. Munuň netijesinde, ýurtda işe girizilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň sany näçe köp boldugyça, importy çalyşýan, eksporta gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi şonça-da artýar. Bu, bir tarapdan, ykdysadyýetiň ösüşe ukyplylygyny görkezýän bolsa, beýleki tarapdan, ol milli ykdysady strategiýada ileri tutulýan ugurlaryň dogry kesgitlenendigine şaýatlyk edýär.
Mundan başga-da, täze iş orunlarynyň döredilmegi netijesinde, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyny ýurtda amala aşyrylýan işjeň häsiýetli maýa goýum syýasatynyň oňyn netijeleriniň ýene-de biri hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Bu maksatnamada, mysal üçin, dokma senagatynda täze, ýokary girdejili dokma kärhanalaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de himiýa senagatynda kaustik sodany we hlory öndürýän toplumlary, ýod, brom we brom önümlerini öndürýän desgalary gurmak hem meýilleşdirilýär. Her bir edaranyň, kärhananyň, goý, ol önümçilik pudagyna ýa-da durmuş ulgamyna degişli bolsun, tapawudy ýok, işe girizilmegi, ilkinji nobatda, täze iş orunlarynyň döredilmegini aňladýar. Bu ýagdaý, öz gezeginde, ýene-de ýüzlerçe raýatyň zähmete bolan konstitusion hukuklarynyň amala aşyrylmagyna şert döretmek bilen bir hatarda, girdejileriniň artmagyny hem üpjün edýändigini görkezýär. Bu netijeler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan maýa goýum strategiýasynyň durmuş netijeliligini aňladýan görkezijilerdir.
Kabul edilen maýa goýum maksatnamasy boýunça 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi 39500,0 million manat möçberinde meýilleşdirilýär. Şunda maýa goýumlarynyň 40,4 göterimini döwlet eýeçiliginde, 45,3 göterimini döwlete degişli däl eýeçilikde we 14,3 göterimini daşary ýurtlaryň eýeçiliginde döretmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, döredilmegi göz öňünde tutulýan jemi maýa goýumlarda döwlete dahylly däl sektoryň paýynyň ýokary bolmagy onuň jemi içerki önümi öndürmekde tutýan ornunyň ýylyň-ýylyna artýandygy bilen baglanyşykly bolup, täze önümçilikleri ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda «ýurduň altyn hazynasy» hasaplanylýan telekeçileriň maliýe mümkinçilikleriniň ýokarydygyny görkezýär.
Täze kabul edilen maksatnamada maýa goýumlarynyň maliýeleşdirilişiniň esasy çeşmeleri anyk görkezilip, olar edara-kärhanalaryň çekilen we kärhananyň öz serişdelerinden (34,6 göterim), karz alnan serişdelerden (20,0 göterim), býujet serişdelerinden (7,0 göterim), Türkmenistanyň döwlet serişdelerinden (16,8 göterim), daşary ýurt maýa goýumlaryndan (14,3 göterim) we beýleki (7,3 göterim) maliýe çeşmelerden ybaratdyr.
Tejribeden belli bolşy ýaly, kärhananyň öz serişdeleri maýa goýumlary innowasiýalara çekmegiň esasy çeşmesi bolup durýar. Ýagny bu serişdeler kärhananyň ygtyýarlygynda galýan peýdanyň hasabyna emele gelýär. Ýöne kärhananyň tehnologik taýdan täzelenmegi üçin onuň içinde toplanan maliýe serişdeleri hemişe ýeterlik bolmaýar. Şol sebäpli döwlete degişli däl eýeçiligiň, şeýle-de daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu maksatnamada ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilýän maýa goýumlarynyň maliýe serişdeleriniň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýynyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilmegini hut şu sebäpler bilen düşündirip bolar.
Mundan başga-da, häzirki döwürde alnyp barylýan maýa goýum syýasatyna döwlet tarapyndan goldaw bermegiň giň gerime eýedigi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmekde ýokarda durlup geçilen çeşmelerden başga-da býujet serişdelerine, Türkmenistanyň döwlet serişdelerine, karz alnan serişdelere we beýleki maliýe serişdelerine hem uly orun berilmegi bazar gatnaşyklaryna häsiýetli bolan ykdysady gurallary ýerlikli ulanmakda döwlet tarapyndan uly tagallalaryň edilýändigini alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy ýurdumyzda adam bähbitlerine gönükdirilen ykdysady strategiýanyň dabaralanýandygyndan nyşan. Maýa goýum maksatnamasy özüniň gurşap alýan möhüm durmuş wezipeleriniň gerimi we möçberi boýunça tapawutlanýar: eksport kuwwatymyzy artdyrjak, import garaşlylygymyzy azaltjak önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi ykdysady ýagdaýymyzyň has-da gowulanmagyna öz täsirini ýetirýän bolsa, onda ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda guruljak ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary her birimiziň bagtyýar, eşretli durmuşymyzy üpjün edýän möhüm şertlerdir.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ykdysady strategiýa diňe ykdysady taýdan gurply döwletiň gurmaga, döretmäge ukyplydygyny, diňe adam gymmatlygy döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip ykrar edilen ýurtda bagtyýar durmuşyň höküm sürýändigini dünýä jemgyýetçiligine görkezýär.
«Türkmenistan» gazeti, № 57 (29651). 04.03.2020ý.