2020-nji ýylyň 3-nji aprelinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň ilkinji 3 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere we öňde duran wezipelere garaldy. Dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, ýurdumyzda esasy makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň 6,3 göterim artmagy häzirki döwürde amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň strategik ugurlarynyň dogry kesgitlenendigini, ykdysady howpsuzlygyň pugtalanýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň bu hökümet mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösüşe ukyplylygyny üpjün etmek boýunça beren anyk tabşyryklary dünýä ösüşiniň ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerinde hem halkyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasatyň dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Tejribeden görnüşi ýaly, ykdysadyýet birnäçe içeri we daşary sebäpleriň täsiri netijesinde hemişe özgerip durýan ulgamdyr. Hususan-da, dünýä ýurtlarynyň arasynda özara baglylygyň güýçlenýän şertlerinde dünýä giňişliginde bolup geçýän islendik özgerişlikleriň milli ösüşe özüniň täsirini ýetirmegi kanunalaýyk ýagdaý hasaplanýar. Dünýä hojalygynda häzirki emele gelen durmuş-ykdysady şertleriň milli ykdysadyýetimize edýän täsiri bu hadysanyň logiki dowamy bolup çykyş edýär. Bu ýerde esasy mesele döwrüň wajyp çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmek, olaryň döredýän we döredip biljek meseleleriniň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça döwlet strategiýasyny dogry kesgitlemekden ybaratdyr.
Häzirki döwürde ýiti ýokanç keseliň ýaýramagy hem-de dünýä ykdysadyýetine ýetirýän zyýanly täsiri sebäpli ýüze çykýan çylşyrymly meseleler, beýleki döwletlerde bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimizi içerki we daşarky howplardan goramak, döwlet derejesinde ol howplara garşy durmaga ukyply bolan ykdysady strategiýany işläp düzmek şu döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Bu hadysalaryň ýurtlaryň milli ykdysadyýetlerine belli bir derejede öz ýaramaz täsirini ýetirmek mümkinçiliginiň ýokary bolmagy onuň öňüni almak ýa-da täsirini gowşatmak hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny durnukly saklamak bilen bagly meseleleriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Daşarky sebäpler bilen şertlendirilen hadysalaryň öz amatsyz täsirini ýetirýän ýagdaýynda hem durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan işleriň oňyn häsiýete eýedigini görkezýär.
Ýurduň ykdysady görkezijileriniň gowulanmagynda maýa goýumlara aýratyn ähmiýet berilýär. Howpsuzlyk nukdaýnazaryndan teswirlenende, döwlet tarapyndan alnyp barylýan maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän uzak möhletleýin maksatlardan we wezipelerden ugur alan ýagdaýynda netijeli bolýar. Häzirki döwürde eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri ösdürmek üçin amatly şertleri döretmekde maýa goýumlara esasy ornuň degişli bolup durýandygyny bellesek, onda şeýle maliýe serişdeleriniň ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artmagyna mümkinçilik berýän gurallaryň biridigine göz ýetirmek bolýar.
Geçen 3 aýyň hasabatyndan görnüşi ýaly, 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi 12,1 göterime barabar boldy. Hususan-da, özleşdirilen maýa goýumlarynyň 48,5 göteriminiň önümçilik ähmiýetli desgalaryň, 51,5 göteriminiň bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirilmegi ýurdumyzda daşary amatsyz ýagdaýlara garamazdan, ykdysady kuwwatymyzyň pugtalanmagynda özüniň beýanyny tapýan önümçilik kuwwatlyklarynyň artýandygyny, şeýle-de adam kapitalynyň hil görkezijileriniň mundan beýläk-de gowulanmagyna gönükdirilen syýasatyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde döwlete degişli däl düzümiň paýy uludyr. Ýurdumyzda öndürilýän jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýynyň ýylsaýyn ýokarlanmagy bu ulgama döwlet tarapyndan berilýän ykdysady we hukuk goldawyň netijesinde mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. 2020-nji ýylyň 3 aýynda önüm öndürilişiniň düzüminde 64,7 göterim hususy işewürligiň paýyna düşýär. Bu maglumatlar ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň has-da çuňlaşýandygyny, hususan-da, täze iş orunlaryny döretmekde, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, bazarlarda azyk bolçulygyny kemala getirmekde uly mümkinçilikleri özünde jemleýän telekeçilik işiniň ösdürilýändiginiň güwäsi bolup, ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde telekeçilige aýratyn ornuň degişlidigini delillendirýän anyk maglumatlardyr.
Azyk üpjünçiliginiň ýeterlik derejesini kepillendirmek halkara we milli ykdysady howpsuzlygyň esasy meseleleriniň biri bolup, ol döwlet syýasatynda möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Iýmit önümleri bilen üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler ähli ýurtlaryň ykdysady howpsuzlygynyň iň wajyp düzümini emele getirýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň azyk strategiýasy ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny gorap saklamagyň, ykdysady we durmuş durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde azyk howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Döwlet strategiýasynda ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen üpjün etmekde türkmen işewürleriniň mümkinçiliklerini ulanmaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu mejlisde milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini içerki önümçiligi ýokary depginli ösdürmek we senagat taýdan öz-özüňi üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmak, importy azaldyp, eksporty artdyrmak esasynda üpjün etmekde telekeçilik düzüminiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly onuň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary milli ykdysadyýetimizi dürli görnüşli daşarky töwekgelçilikleriň täsirinden goramakda bu ulgamyň strategik ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki şertlerinde kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek we olary ösdürmek çäreleriniň döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Hususan-da, içerki bazarda sarp edijileriň iýmit önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmekde telekeçilik özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.
ХХI asyrda azyk önümleri bilen üpjünçilik derejesi ýokary bolan döwletiň birnäçe artykmaçlyklardan peýdalanýandygyny durmuş tejribesi görkezýär. Azyk önümleriniň importyna bolan garaşsyzlygyndan başlap, tebigy betbagtçylyk, ýylyň gurak gelmegi, ýokanç keselleriň ýaýramagy we ş.m. bilen baglanyşykly amatsyz ýagdaýlaryň ýüze çykan şertlerinde hem olaryň ätiýaçlyk gorlary bilen üpjünçilik derejesiniň ýokary bolmagy ýurduň durmuşa ukyplylygynyň görkezijisi bolup çykyş edýär. Şol sebäpli islendik döwlet azyk garaşsyzlygyna syýasy we ykdysady garaşsyzlygyň binýady hökmünde garaýar. Bu kanunalaýyklyk biziň döwletimize hem häsiýetlidir.
Ýaňy-ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwürde söwda ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini, şoňa görä-de, her gün emele gelen ýagdaýa baha berip durmalydygyny, zerur bolanda durmuşda has gerek önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmelidigini aýratyn nygtamagy azyk howpsuzlygynyň derejesiniň raýatlar üçin, şonuň ýaly-da tutuş ykdysadyýet, ýurduň durnukly ösüşi, howpsuzlygy we garaşsyzlygy üçin örän möhümdigini görkezýär. Çünki howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde ilatyň iýmit önümleri bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak wezipesini öňde goýýan islendik döwletiň bu işleri «şahsyýet – jemgyýet - döwlet» derejesinde alyp barmagy zerur hasaplanýar.
Dünýä tejribesinde telekeçilik, hususan-da, onuň kiçi we orta görnüşleri bazaryň isleglerini tiz kanagatlandyrmakda özüniň çeýeligi we bolup geçýän özgertmelere tiz uýgunlaşmaga ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Telekeçiligiň geriminiň giňemegi diňe bir girdejileriň artmagyny şertlendirmän, eýsem, täze iş orunlaryny döretmekde möhüm çeşme bolup durýandygyny hem bellemek zerurdyr. Milli ykdysadyýetimiziň öňünde guran gaýragoýulmasyz meseleleri çözmekde hususyýetçilere aýratyn bil baglanmagyny hut şu sebäpler bilen düşündirip bolar.
Şunuň bilen baglylykda, gysga wagtyň içinde degişli düzümlere kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermegiň çärelerini işläp taýýarlamak hem-de hödürlemek barada berlen tabşyryklar döwlet syasatynda, ilkinji nobatda, ilatyň hal-ýagdaýynyň pese gaçmagyna ýol bermezlik maksadyndan ugur alynýandygyndan nyşan. Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň bu çäreleriň, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly gündelik iş ýerleriniň saklanyp galynmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilmelidigini aýratyn belläp geçmegi dünýä ösüşiniň ýaramaz şertlerinde hem ýurdumyzda adam bähbitlerine gönükdirilen durmuş özgertmeleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny ýene-de bir gezek äşgär edýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta kärhanalara salgytlary tölemegiň möhletleriniň gaýra goýulmaga we karz boýunça bergileri tölemek babatda ýeňillikler berilmäge degişli kärhanalaryň sanawyny kesgitlemek barada berlen anyk görkezmeler çalt üýtgeýän ykdysady şertlere tiz seslenmek boýunça möhüm çäreleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäreler, öz gezeginde, zähmet bazarynyň möhüm görkezijileriniň biri bolan iş üpjünçilik ulgamynda durnukly ýagdaýyň saklanmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär.
«Türkmenistan» gazeti, № 86 (29680). 06.04.2020ý.