“Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XI sport ýaryşlarynyň küşt boýunça jemleýji tapgyry guramaçylykly geçirildi. Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärlerinden topar gatnaşyp, milli sportuň küşt we şaşka ýaly görnüşleri boýunça
ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Milli sport oýunlary boýunça däbe öwrülen bu ýaryşlaryň ýylyň-ýylyna meşhurlygynyň artmagy ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäräniň esasy maksady hem Diýarymyzda köpçülikleýin sport-sagaldyş hereketini ösdürmekden, zähmetkeşleriň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmakdan, olary sporta köpçülikleýin çekmekden ybaratdyr. Kärdeşlerimiz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda milli sport oýunlary boýunça ýaryşa has taýýarlykly geldiler.
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen ýaryşa edara-kärhanalarda zähmet çekýän dürli ýaşdaky hünärmenler gatnaşdylar. Akyl-paýhas oýny bolan küşt boýunça geçen duşuşyklar has-da çekeleşikli boldy. Onda öz ussatlyklary bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenlerinden düzülen topar, ýagny Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni Arslanmyrat Durdymyradow, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň Gözegçilik-derňew bölüminiň baş hünärmeni Bäşim Hojamyradow we Daşoguz welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň işgäri Mamajan Ýakubowa dagylardan ybarat topar üçünji orna mynasyp boldular.
Bäsleşikde sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Biz ulgamymyzyň işgärleriniň adyndan kärdeşlerimizi gazanan üstünlikleri bilen gutlaýarys hem-de olara mundan beýläk hem ýeňişleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.