SPORT WE SAGDYNLYK - BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy Döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwürde alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Şu mynasybetli hem ähli edaralarda, kärhanalarda we guramalarda dürli sport ýaryşlary, dabaralar, bäsleşikler yzygiderli guralýar. 2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky “Köpetdag” sport toplumynda maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça geçirilen ýaryş örän çekeleşikli häsiýete eýe boldy.

Bilşimiz ýaly, ata Watanymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, sporty özleriniň durmuş hemralaryna öwürmekleri ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen beýik işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak adata öwrüldi.

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan guralan sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça bäsleşige Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenlerinden düzülen topar hem gatnaşdy. Bu ýaryş özüniň çekeleşikli häsiýeti bilen tapawutlanyp, has taýýarlykly türgenler ýeňiji boldular.

Geçirlen ýaryşda Ministrligiň topary II orna mynasyp bolup, olara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ulgamynyň işgärleriniň adyndan kärdeşlerimizi gazanan üstünlikleri bilen gutlaýarys hem-de olara mundan beýläk hem rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.




Yza

Şeýle hem okaň