2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip yglan edilmegi mynasybetli sportuň küşt boýunça ýaryşy guramaçylykly geçirildi. Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamynyň hünärmenleriniň arasynda sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen ýaryşa dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar gatnaşdylar. Bu geçirilen çekeleşikli duşuşyga Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärlerinden topar hem gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny, erjelligini görkezdiler.
Ýakynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyz Aşgabatda şatlyk¬, şowhun bilen toýlanan Türkmen bedewiniň milli baýramy aýdym¬-sazly dabaralara, ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslendi. Bilşimiz ýaly, ata Watanymyzda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, sporty özleriniň durmuş hemralaryna öwürmekleri ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen beýik işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
2020-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen küşt ýaryşyna Maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Çekeleşikli geçen küşt ýaryşynyň netijesinde, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygynyň orunbasary Ruslan Welliataýew, Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni Arslanmyrat Durdymyradow, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň Gözegçilik-derňew bölüminiň baş hünärmeni Bäşim Hojamyradow we Daşoguz welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň işgäri Mamajan Ýakubowa dagylardan ybarat topar ikinji orna mynasyp boldular.
Bäsleşikde sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Biz ulgamymyzyň işgärleriniň adyndan kärdeşlerimizi gazanan üstünlikleri bilen gutlaýarys hem-de olara mundan beýläk hem ýeňişleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.