Zenan mertebesi

2020-nji “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň ykdysady, maliýe ulgamlarynyň edaralary bilen bilelikde guramaklarynda “Zenan mertebesi” atly maslahaty geçirildi. Maslahatda ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, edep-ekramlylygy, ahlaklygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini aýawly saklamak we dowam etdirmek barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem ýaş gyzlary terbiýelemekde, durmuşa taýýarlamakda el işlerini, milli däp-dessurlarymyzy, arassaçylyk-ahlak kadalaryny wagyz edýän çäreleriň yzygiderli guralmagynyň uly ähmiýete eýe bolýandygy barada giňden nygtaldy.

Ýurdumyzda gelin-gyzlarymyzyň bilim almagy, hünär öwrenmegi, işlemegi, ylym bilen meşgullanmagy, asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Garaşsyz Watanymyzda ylymly-bilimli mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär, eneligi we çagalygy goramaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär.

Maslahata gatnaşanlar türkmen zenanlarynyň maşgala bagtyna guwanyp ýaşamaklary ugrunda paýhasly syýasaty bilen uly işleri bitirýän hormatly Prezidentimiziň ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.




Yza

Şeýle hem okaň