YKDYSADY ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli alyp barýan syýasaty ata Watanymyzy gülledip ösdürmekden ybarat bolup, ol halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşyna gönükdirilendir. Şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlary milli Liderimiziň giň gerimli maksatnamalarynda öz beýanyny tapdy. Şol maksatnamalarda ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan gelýän önümleriň ornuny tutýan önümleri giňeltmek, ähli ulgamlara iň soňky öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri amala aşyrmakda telekeçilige giň orun berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amal edilýän bu beýik işler eziz diýarymyzyň raýatlarynyň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň durmuşa geçirilýändigini äşgär edýär. Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa, sanlylaşdyrmak ýoly bilen uly ösüşlere eýe bolmagy halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda ösüşleriň gazanylmagyna şert döredýär. Häzirki döwürde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, ýurdumyzda gazanylýan netijeler ykdysady kuwwatymyzy artdyrmakda we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda maksatnamalaýyn ösüşiň netijeli ýol bolup durýandygyny görkezýär.

Milli Liderimiziň oýlanyşykly alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyz dünýäde senagat taýdan ösýän döwlete öwrülýär. Bazar gatnaşyklaryny berkitmekde, ýurdumyzda daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek önümleriň sanyny has-da köpeltmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda hususy telekeçiligiň tutýan orny örän uludyr. Döwlet tarapyndan berilýän goldawlardan ýerlikli peýdalanýan telekeçilerimiz obasenagat toplumynda, syýahatçylykda, söwdada, dokma we azyk senagatynda, ulag we hyzmatlar ulgamynda giň möçberli taslamalary amala aşyrmak bilen, ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge işjeň gatnaşýarlar.

Raýatlarymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.



Begenç SAPAROW, Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň iş üpjünçiligi bölüminiň hünärmeni.
«Adalat» gazeti, № 19 (1214). 08.05.2020ý.



Yza

Şeýle hem okaň