Türkmenistanyň Prezidentiniň durnukly ösüş syýasatynda sebitleriň ykdysady taýdan ýokary depginli ösüşini gazanmak we innowasiýa häsiýetli önümçilikleri döretmek, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmek we olary dünýä bazarlaryna çykarmak, arassa önümleri öndürmek we daşky gurşawy gorap saklamak, ýaşaýyş-durmuş we inžener üpjünçilik ulgamlaryny hil taýdan ýokary derejede ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygy,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň düýpli özgerdilmegine aýratyn üns berilýär. Çünki bitewi ykdysady ulgamyň aýratyn düzümleri hökmünde sebitleriň her biriniň ykdysady deňagramlylygy we durnuklylygy üpjün etmekde uly ähmiýetiniň bar. Her bir sebit öz geografik ýerleşişi, ýer-suw we mineral-çig mal serişdeleriniň paýlanylyşy, demografik ösüşiň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtda bu şertler sebitlerde jemlenen zähmet gorlarynyň hil we mukdar görkezijilerine hem özüniň täsirini ýetirýär. Hut şu sebäpler olaryň durmuş-ykdysady ösüşinde tapawutlaryň ýüze çykmagyna şert döredýär. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011- 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynda» ýurdumyzyň sebitleriniň gyradeň ösüşini gazanmak maksadynyň onuň möhüm maksatlarynyň hatarynda aýratyn kesgitlenmegi, ilkinji nobatda, sebitleriň häzirki zaman ösüşinde aýratynlyklaryň bardygyna we munuň netijesinde olaryň ulanylmadyk mümkinçilikleriniň dürli- dürlüdigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, sebitleriň ösüşini çaltlandyrmak şu günüň wajyp meseleleriniň biri bolup, ol ýurdumyzyň durmuş- ykdysady ösüşinde täze hiliň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda sebitleri ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak babatynda uly möçberli taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagy durmuş-ykdysady öňegidişligi üpjün etmekde bu meseleleriň näderejede wajyp bolup durýandygyny görkezýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» sebitleýin syýasata ýene-de aýratyn ähmiýet berlip, onda öňki döwürlere mahsus bolşy ýaly, uglewodorod serişdelerini, mineral çig mal, ýer-suw we zähmet serişdelerini rejeli peýdalanmagyň we şonuň binýadynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýörelgeleriniň esasynda sebitleriň öndüriji güýçlerini deň derejede ösdürmeklik bellenendir. Aslynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Onuň netijesinde senagat kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, tehniki we tehnologik taýdan düýpli enjamlaşdyrylmagy, oba hojalyk önümçiliginiň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary bilen üpjün edilmegi, täze ýollaryň we aragatnaşyk ulgamlarynyň döredilmegi ykdysady ulgamyň hil taýdan tapawutlanýan ösüşiniň gazanylmagyna ýardam berýär. Bularyň netijesinde ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üçin kuwwatly önümçilik, durmuş we inžener üpjünçilik ulgamynyň berk binýadynyň döredilmegi sebitleriň gyradeň ösüşini gazanmak meselesiniň häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyna aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Hususan-da, Prezident maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabat şäherini we welaýatlary 2019- 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň sebitleýin maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagy we häzirki döwürde olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk- de pugtalanmagyna ýardam berýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň sebitlerini düýpli ösdürmek, olaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini halkara derejelerine ýetirmek wezipesi Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş-ykdysady syýasatynyň wajyp ugry bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Ykdysady gatnaşyklaryň özbaşdak subýekti bolup durýan sebitleriň tutýan orunlarynyň ýokarlandyrylmagy ykdysady işiň diwersifikasiýalaşmagyna, goňşy sebitler bilen durmuş, ykdysady we medeni çygyrlarda amala aşyrylýan işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna, zähmet gorlarynyň alyş-çalşynyň işjeňleşmegine we zähmet bazarynyň netijeli hereket etmegine itergi berýär.
Soňky döwürde dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän özgerişlikler ýurduň içinde bar bolan mümkinçilikleri has netijeli ulanmak meselesiniň ähmiýetini artdyrdy. Dünýä ösüşiniň ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerinde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak häzirki döwrüň strategik meseleleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ykdysady bäsdeşlige ukyplylygynyň sebitleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň esasynda kemala gelýändigini aýratyn nygtamak bilen, bu görkezijiniň üpjün edilmeginde zähmet bazary bilen bagly meselelere möhüm ornuň degişlidigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.
Sebitiň zähmet bazarynyň ýagdaýy zähmet bazarynyň esasy subýektleriniň - işgärleriň we iş berijileriň islegleriniň kanagatlandyryş derejesini kesgitleýär hem- de ykdysady işiň netijeliligine we sebitiň ösüşine täsir edýär. Netijede, ol sebitiň durmuş abadançylygyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolup durýar. Bu ýagdaý zähmet bazaryny kadalaşdyrmakda döwletiň esasy orun eýeleýändigini, kadalaşdyrmagyň usullary dogry saýlananda, mehanizmi dogry kesgitlenende, ýokary ykdysady netijeliligi gazanyp bolýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan sebit syýasaty, ilkinji nobatda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak wezipesinden ugur alýar. Bu wezipäniň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa sebitlerde jemlenen ykdysady mümkinçilikleriň ilatyň durmuş abadançylygynyň hatyrasyna ulanylmagyny talap edýär. Munuň üçin her sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýratynlyklaryny öwrenmek, zähmet bazarynyň ýagdaýyny yzygiderli seljermek zerur bolup durýar.
Zähmetiň ykdysadyýeti ylmy nukdaýnazaryndan teswirlenende, sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşinde tapawutlaryň bolmagy birnäçe sebäpler bilen şertlendirilendigine göz ýetirmek bolýar. Çäkler boýunça zähmet resurslarynyň we önümçilik kuwwatlyklarynyň ýerleşişiniň arasynda deňeçerligiň bolmazlygy sebitleriň ösüşinde belli bir derejede tapawutlaryň bolmagyna getirýän sebäpleriň biridir. Mundan başga-da, zähmet bazarynda hödürlenilýän zähmet bilen işçi güýjüne bolan hyrydarlygyň arasynda deňeçerligiň bolmazlygy hem bu bazaryň ýagdaýyna özboluşlylyk berýär. Bu aýratynlyklar nazara alnyp, zähmet bazary kadalaşdyrylan ýagdaýynda onuň netijeli bolýandygy tejribeden bellidir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe diňe bir ykdysadyýetimizde däl, eýsem, ilatyň ösüşinde, şeýle-de durmuş ulgamynda bolup geçýän islendik özgertmeler zähmet bazarynyň ýagdaýyna özüniň täsirini ýetirýär. Başgaça aýdylanda, zähmet bazaryna jemgyýetde bolup geçýän özgerişliklere seslenmek häsiýeti mahsusdyr. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan kesgitlenen milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek strategiýalary işçi güýji bazaryny oýlanyşykly dolandyrmak meseleleriniň ähmiýeti artdyrýar. Bu ýerde ulanylýan “dolandyrmak” düşünjesi sebitde bar bolan mümkinçilikleri, şol sanda zähmet gorlarynyň rejeli ulanylmagy bilen bagly mümkinçilikleri hem özünde jemleýär.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzyň sebitlerinde diýseň uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellärliklidir. Dünýä ykdysadyýetinde, şeýle-de milli ykdysadyýetimizde bolup geçýän özgerişlikler dumukly we inklýuziw ösüşe ýardam bermek syýasatynyň strategik ugurlarynyň birnäçesine ünsüň güýçlenmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alyp, mundan beýläk-de adam kapitalynyň ösdürilmegi, institusional kuwwatymyzyň pugtalandyrylmagy, zähmet bazarynda işjeň syýasatyň işlenilip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri bolmak bilen, häzirki döwürde bu ugurlarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň sebitleriniň mümkinçiliklerini ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň hatyrasyna ulanmaga ýol açýar.
«Türkmenistan» gazeti, № 175 (29769). 10.07.2020ý.