Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň hemmesi raýatlarymyzyň mundan-da eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryna gönükdirilendir. Geçirilýän özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berip, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüşler gazanylyp, ýurdumyzda öndürilýän jemi içerki önümiň durnukly ösüşini üpjün edýär. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýär, milli ykdysadyýetimizi yzygiderli ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi tapgyrlaýyn esasda, ilatyň berk durmuş goraglylygyny üpjün etmek bilen amala aşyrylýar.
Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň
başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji L.Saparowa.
Ýurdumyzyň ösüşinde döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ulanýan önümçilikleri döretmek, dolandyryşyň has kämil usullaryny ulanmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti döretmek wezipeleri öňe sürülýär. Şu nukdaýnazardan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” aýratyn ähmiýetlidir. Konsepsiýada milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ykdysadyýete sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek ýaly ugurlar göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň maglumat-kommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamynda ýokary hünärli, öz işine ökde işgärleriň taýýarlanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurdaky çäreleriň ählisi bolsa ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri bilen aýrylmaz baglydyr. Sebäbi, işçi güýji zähmet bazarynyň esasy agzalarynyň biri hökmünde çykyş edýär, işgärleriň hünär taýýarlyk, durmuş derejesi näçe ýokary bolsa zähmet bazarynyň hili şonça ýokarlanýar. Ilatyň zähmet üpjünçiligini düzgünleşdirmek, zähmet gatnaşyklaryny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek milli ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmegiň binýatlaýyn şerti hökmünde ykrar edilýär, milli ykdysady ulgamyň durnukly ösmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň her bir raýatynyň özbaşdak kär, hünär saýlap almagy, islendik döwlet we hususy eýeçiligine degişli edara-kärhanalarda zähmet çekmäge bolan hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakyndaky” Türkmenistanyň kanunynda kepillendirilýär we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerlerdäki bölümleri eýeçiligiň görnüşine garamazdan edara-kärhanalarda, guramalarda zähmet, zähmete hak tölemek we iş bilen üpjün etmek babatda kanunçylygyň we kadalaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar. Iş orunlary üçin hünär synagyndan döwürleýin geçirilmeginiň tertibini kämilleşdirmäge ýardam bermek we zähmetiň şertlerine baha bermek maksady bilen geçirilýän iş orunlarynyň hünär synagyna gatnaşmak we iş orunlaryna zähmetiň aýratyn şertleriniň görnüşlerini girizmek babatda teklipleri taýýarlamaga gatnaşýar. Mundan başga-da ýerasty işlerde we zähmetiň zyýanly we agyr şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň sanawyny düzmäge gatnaşýar we ministrligiň garamagyna berýär, ilat arasynda bu meseleler bilen baglanyşykly düşündiriş işlerini guraýar, önümçilik şikeslerini, hünär keselleriniň sebäplerini seljerýär we olaryň öňüni alyş çäreleri boýunça teklipleri taýýarlaýar. Aýallaryň zähmetiniň ulanylmagy çäklendirilen işleriň, zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertleri bolan işleriň we 18 ýaşyna ýetmedikleriň zähmetiniň ulanylmagy gadagan edilýän işlere gözegçilik edýär. Zähmete ukyply ilatyň zähmet işjeňligini iş başarnygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegini hem-de eýeçiligiň görnüşine garamazdan edaralarda, kärhanalarda, guramalarda işgärler üçin zähmet bilen baglanyşykly kepillikleriň üpjün edilmegini guraýar, olara zerur hünärler boýunça işgärleri saýlamakda ýardam berýär we zähmet bazaryndaky ýagdaý barada maglumatlar bilen üpjün edýär.
«Daşoguz habarlary» gazeti, № 88 (17547). 21.07.2020ý.