Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki döwri halkara söwdasynyň depginli ösüşi bilen häsiýetlendirilýär. Halkara ykdysady gatnaşyklaryň gadymy görnüşi bolmak bilen, halkara söwdasy häzirki wagtda-da döwletleri we halklary birleşdirýän esasy ulgam bolup durýar. Ählumumylaşma hadysasynyň has-da çuňlaşýan şertlerinde söwda diplomatiýasyny ýurdumyzyň milli bähbitlerinden, şeýle-de tutuş dünýä giňişligindäki geoykdysady we geosyýasy meýillerden ugur alyp, oýlanyşykly amala aşyrmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridir.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygy,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Milli ykdysadyýetimiziň halkara hyzmatdaşlygy üçin açyklygy, şeýle-de ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady guramalarynyň işine has-da işjeň gatnaşmagy onuň söwda diplomatiýasynyň täze häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň geçirilen Umumy Geňeşinde bu abraýly gurama tarapyndan ýurdumyza synçy derejesiniň berilmegi häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan daşary ykdysady syýasatyň netijeliliginden nyşandyr. Şunuň bilen baglylykda, BSG-niň döredilmegini şertlendiren sebäpler, onuň hereket ediş mehanizmi, oňa agzalygyň bähbitli taraplary baradaky bilimleriň artdyrylmagy geljekki ösüşimiz üçin ýurdumyza berlen bu derejäniň ähmiýetine düşünmäge ýardam eder.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty türkmen döwletiniň dünýä bileleşigine mynasyp agza hökmünde goşulaşmagyna uly mümkinçilik döredýär. Dünýä hojalygynda kemala gelen durmuş-ykdysady şertleriň milli ykdysadyýetimize edýän täsiri bu hadysanyň logiki dowamy bolup çykyş edýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşýan şertlerinde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesi onuň maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, innowasion ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak bilen bagly meseleleriň hem ähmiýetini artdyrýar. Çünki ýurduň dünýä ykdysadyýetinde tutýan orny onuň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bilen, has takygy, dünýä bazarynda tutýan orny bilen kesgitlenýär. Ýurdumyzyň daşary söwda kuwwatynyň artdyrylmagy diňe içerki ykdysady mümkinçiliklerimiziň ýokary derejesini alamatlandyrman, eýsem, dünýä bileleşigi bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny hem görkezýär.
Ählumumylaşma hadysasynyň çuňlaşmagy halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň giňemegini, oňa gatnaşyjylaryň sanynyň ýylsaýyn köpelmegini, netijede, bu gatnaşyklaryň has-da çylşyrymlaşmagyny şertlendirdi. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde, halkara söwda ulgamynda bäsdeşligiň ýitileşmegi bolsa birleşip, bilelikde çözülmegini talap edýän umumy meseleleriň, şeýle-de sebitleýin ýa-da köptaraplaýyn derejede kadalaşdyrylmagy zerur bolan dawalaryň ýüze çykmagyna getirdi. Halkara söwda gatnaşyklarynda emele gelen şeýle çapraz ýagdaýlary sazlaşdyrmak we bu meseleler boýunça döwletleriň arasynda ylalaşyk gazanmak zerurlygy halkara söwdany hukuk taýdan düzgünleşdirýän täze guramanyň döredilmegine itergi berdi. Bütindünýä söwda guramasynyň döredilmegi bilen, söwda ulgamynda halkara mehanizmleriň we düzgünleriň ulanylmagy köp ýurtlar üçin bähbitli bolup, ol döwletara söwda gatnaşyklarynda ählumumylaşma hadysasyny sazlamaga mümkinçilik berýär.
Ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda söwda diplomatiýasynyň orny
Söwda diplomatiýasy häzirki taryhy döwürde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny berkidiji gural bolup çykyş edýär. Şol bir wagtda, ol dünýä bazarynda bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine mümkinçilik döredýär, ýagny eksporta gönükdirilen önümleriň öndürilişini artdyrmak we ony höweslendirmek maksady bilen, önümçilige döwlet tarapyndan syýasy-diplomatik goldaw bermek, Türkmenistan üçin daşary ýurt bazarlarynyň elýeterliligini üpjün edýän şertleri gowulandyrmak maksady bilen özara baglanyşykly birnäçe söwda-syýasy çäreleriň toplumyny işläp düzmek, ýurduň milli bähbitleri amala aşyrmakda halkara we sebitleýin guramalaryň ýardamyndan peýdalanmak ýaly ugurlar Türkmenistanyň söwda diplomatiýasynda merkezi orun eýeleýär.
Milli bäsdeşlige ukyplylygy pugtalandyrmak wezipesi içerki ykdysady syýasat babatda hem, daşary ykdysady syýasat babatda hem özara baglanyşykly we özara üstüni ýetiriji çäreleriň toplumyny nazarda tutýar. Şunda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň wezipelerini amala aşyrmak üçin amatly daşky gurşawy döredýän söwda diplomatiýasyna aýratyn orun degişlidir, ýagny, eksportyň ilerlemegi, import syýasatynyň oýlanyşykly alnyp barylmagy, daşarky bazarlara elýeterliligi üpjün edýän şertleriniň gowulandyrylmagy, daşary ýurt tehnologiýalarynyň ýurda çekilmegi ýaly wezipeler diplomatiýanyň bu görnüşiniň öňünde durýan wajyp wezipelerdir. Asyl manysy boýunça halkara söwda oňa gatnaşýan taraplaryň, ýagny, döwletleriň, bileleşmeleriň, kärhanalaryň, şeýle-de fiziki taraplaryň ykdysady bähbitleriniň esasynda amala aşyrylýar. Ykdysady bähbitleriň hemişe biri-birine gabat gelip durmaýandygyny nazara alsak, onda söwda gatnaşyklarynyň çylşyrymly iş bolup durýandygyna we onuň söwda diplomatiýasy arkaly amala aşyrylýandygyna göz ýetirmek bolýar.
Halkara söwdany sazlaşdyrmakda Bütindünýä söwda guramasynyň ähmiýeti
Häzirki döwürde Bütindünýä söwda guramasy dünýä söwda ulgamynyň özenini düzmek bilen, halkara söwdanyň hukuk esaslaryny emele getirýär. Bütindünýä söwda guramasynyň baş maksady agza döwletleriň arasynda durnukly, aýdyň we erkin söwda akymlaryny ýola goýmakdan ybaratdyr. Bu gün Bütindünýä söwda guramasy dünýä söwdasynyň 95 göteriminden gowragyny özünde jemleýän, şeýle-de halkara söwdany ösdürmek boýunça dürli meseleler bilen esasy iş salyşýan halkara gurama bolup durýar. 1995-nji ýylda BSG ozalky Nyrhlar we söwda hakyndakyky Baş ylalaşyk (General Agreement on Tariffs and Trade), ýagny GATT diýlip atlandyrylan guramanyň ýerine döredildi. Bu guramany döretmek baradaky ylalaşyga 1947-nji ýylda Ženewa şäherinde gol çekilipdi. GATT oňa agza döwletleriň halkara söwdasyny özara sazlaşdyrmak boýunça köptaraply ylalaşyklary, ýörelgeleri, kadalary we düzgünleri özünde jemleýärdi. Bu guramanyň halkara söwdany sazlaşdyrmak boýunça diňe öz girizen düzgünlerinden başga-da, milli söwdany düzgünleşdirmekde ulanylýan çäreleri hem öz içine alandygyny bellemek möhümdir. Şeýle ýagdaý, öz gezeginde, döwletleriň arasynda dürli meseleleriň döremegine getirýärdi.
GATT-nyň mirasdüşeri bolup durýan BSG-niň döredilmegi bilen, guramanyň wezipeleri has-da giňeldildi we döwrüň ösüş meýillerinden ugur alnyp, onuň işi hemişe kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde Bütindünýä söwda guramasy butindünýä söwda ulgamynyň ýeke-täk hukuk we institusional esaslaryny düzýär. GATT döredilende, düzümine 22 döwlet giren bolsa, onuň agzalary 2013-nji ýylda 159-a, 2020-nji ýylda 164-e ýetdi. Häzirki döwürde ozalky SSSR-iň düzümine giren döwletleriň birnäçesi, ýagny Ermenistan, Gruziýa, Gyrgyz Respublikasy, Latwiýa, Litwa, Estoniýa, Russiýa, Ukraina, Täjigistan ýaly döwletler onuň agzasydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek üçin ýörite topar döretmek barada degişli Karary kabul edendigini hem-de şu döwre çenli Hökümet topary tarapyndan maksatnamalaýyn işleriň alnyp barlandygy aýratyn bellärliklidir.
BSG-niň agzalarynyň sanynyň artmagy bilen, oňa gatnaşýan döwletleriň arasynda söwda amallarynyň möçberleriniň hem ýokarlanmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Eger-de 1948-nji ýylda GATT-nyň agzalary dünýä eksportynyň 60,4 göterimini amala aşyran bolsalar, häzirki wagtda bu döwletler tarapyndan dünýä söwdasynyň 95 göteriminden gowragy alnyp barylýar.
Gurama girýän agza ýurtlaryň amala aşyrýan söwdasynyň umumy möçberinde tutýan paýyna görä töleýän tölegleri onuň maliýe çeşmesini emele getirýär. Senagat we söwda işjeňligini seljermek işleriniň esasynda agza ýurtlaryň wekilleri BSG-niň baş ugruny kesgitleýär. Hususy kärhanalaryň, telekeçilik bilen meşgullanýan edaralaryň we sarp edijileriň pikirleri öwrenilip, söwda syýasaty işlenilip düzülýär. Sebitleýin ykdysady guramalaryň, şeýle-de has çeýe mehanizmleriň döredilmegi esasynda käbir ýurtlar bu guramanyň çäklerinde bilelikde iş alyp barýar. Şol sebäpli olaryň adyndan diňe bir wekil mejlislere we gepleşiklere gatnaşýar.
Bütindünýä söwda guramasyna agzalygyň bähbitli taraplary
Halkara söwdanyň depginli ösüşi dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Şeýle söwda ýurtlara zähmet bölünişigini amala aşyrmaga, şeýle-de önümçilik serişdelerini oýlanyşykly we netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde dünýä ösüşinde bolup geçýän özgerişler ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek meselelerine başgaça garalmagyna getirdi. Ählumumylaşma hadysasynyň döredýän mümkinçiliklerini ösüşiň hatyrasyna ulanmakda daşary söwda ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Bu guramanyň köpýyllyk tejribesi onuň dünýä ykdysadyýetini berkitmekde, bütin dünýäde söwdany giňeltmekde, maýa goýumlaryny artdyrmakda, iş bilen meşgullygy we girdejileriň derejesini ýokarlandyrmakda tutýan ornunyň uludygyny görkezýär. Bütindünýä söwda guramasyna agza ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, döwletleriň arasynda eksport we import amallaryny düzgünleşdirmekde halkara kadalaryň ulanylmagy bu gatnaşyklaryň aýdyňlygyny üpjün edýär. Şeýle gatnaşyklaryň ählumumy we milli derejede döredýän artykmaçlyklarynyň we bähbitli taraplarynyň hatarynda aşakdakylary görkezmek bolar:
1. Söwda ulgamynyň düzgünleşdirilmegi dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Söwda akymlarynyň päsgelçiliksiz hereket etmegi, şeýle-de harytlary alyş-çalyş etmek meselelerinde ýurtlaryň arasynda ýüze çykýan dawalara seretmek üçin adalatly meýdançanyň döredilmegi ählumumy parahatçylygyň üpjün edilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki döwürde 164 döwletiň bu guramanyň agzasy bolmagy BSG-niň erkin söwdany ösdürmekde we onuň ýörelgelerine ynamy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, onuň möhüm düzüm bölekleriniň biri bolan gepleşikler bu gurama tarapyndan ykrar edilýän düzgünleri gyşarnyksyz berjaý etmekden ugur almak bilen, garalýan dürli meseleler boýunça ylalaşyklaryň gazanylmagyna itergi berýär. Mundan başga-da, umumy ykrar edilen ýörelgeler esasynda guralan söwda gatnaşyklary ählumumy abadançylygyň ýokarlanmagyna getirýär.
2. Bu ulgam söwda babatynda ýüze çykýan dawalaryň oňyn çözülmegine ýardam berýän çemeleşmeleriň biridir. Wagt geçdigiçe söwda amallarynyň möçberleriniň artmagy, harytlaryň görnüşleriniň giňemegi, şeýle-de ýurtlaryň we söwda kompaniýalarynyň sanlarynyň barha köpelmegi dürli häsiýetli dawalaryň ýüze çykmak ähtimallygyny ýokarlandyrýan sebäplerdir. BSG-niň ulgamy şeýle dawalary parahatçylykly ýollar bilen çözmäge ýardam berýär. Dawalaşýan taraplar hemişe kabul edilen ylalaşyklaryň çäklerinde hereket etmäge çalyşýarlar. Söwda akymlarynyň barha giňemegi netijesinde ýüze çykýan dürli dawalary düzgünleşdirmek üçin ýörite halkara gurama, ýagny Bütindünýä söwda guramasyna ýüz tutmak mümkinçiliginiň bolmagy halkara dartgynlylygyň döremeginiň öňüni alýar. Güýje däl-de, özara ylalaşylan düzgünlere daýanýan ulgamyň islendik döwletara gatnaşyklary ýönekeýleşdirýändigi durmuş tejribesinden bellidir.
3. Söwda girdejileriň artmagyna ýardam berýän ulgamdyr. Söwda gatnaşyklaryny bökdeýän we päsgelçilikleriň derejesiniň peselmegi, öz gezeginde, milli we şahsy derejede goşmaça girdejileriň alynmagyny üpjün edýär. Bu gurama agzalyk sarp edijiler üçin hem bähbitli bolup durýar. Söwda päsgelçilikleriniň peselmeginiň hasabyna olaryň maşgala býujetleriniň çykdajylary azalýar. Netijede, ol diňe bir import edilýän taýýar harytlaryň we hyzmatlaryň bahasynyň arzanlamagyna täsirini ýetirmän, eýsem, önümçiliginde import çig mallary, enjamlary ulanylýan ýerli önümleriň hem arzan bahadan ýerlenmegine şert döredýär.
4. Ýokary hilli önümleriň görnüşleriniň artmagy söwda şertleriniň erkinleşmeginiň döredýän artykmaçlyklarynyň ýene-de biridir.
Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesine eýe bolmagynyň artykmaçlyklary
Häzirki döwürde ýurdumyzyň daşary söwda kuwwatyny artdyrmak we dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna amatly goşulyşmak daşary ykdysady syýasatyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Islendik döwletiň daşary söwda kuwwaty beýleki döwletler bilen söwda gatnaşyklarynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar hem-de ol ýurduň maddy we intellektual mümkinçiliklerini toplumlaýyn häsiýetlendirýär. Ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde wajyp orunlaryň birini eýeleýän şeýle kuwwaty amala aşyrmakda Bütindünýä söwda guramasynda synçylyk birnäçe mümkinçilikleri özünde jemleýär.
Türkmenistana bu halkara guramanyň synçysy derejesiniň berilmegi, ilkinji nobatda, içerki ykdysady ösüşe oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, öz önümçilik kuwwatymyzyň artdyrylmagy zerur şertleriň biri bolup, ol dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleriň köp möçberde öndürilmegini talap edýär. Hususan-da, dünýä bazarlarynda öndürilýän önümiň hili onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy görkezijisi bolup durýar. Türkmen önümleriniň halkara derejede ykrar edilýan hil ülňülerine laýyk gelmegini gazanmak milli haryt öndürijilerimiziň öňünde duran möhüm wezipeleriň biridir. «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi bilen daşary ýurt bazarlaryna çykarylýan önümler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň diňe içerki mümkinçiliklerini görkezmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişlikde beýleki ýurtlar tarapyndan «tanalmak indeksini» ýokarlandyrýan görkezijileriň hem biridir.
Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesine eýe bolmagy ýurdumyzyň guramanyň beýleki agza döwletleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam berer. Bu bolsa, öz gezeginde, söwda akymlarynyň giňemegine, eksport möçberleriniň artdyrylmagyna itergi bermek bilen, halkara söwda gatnaşyklarynda möhüm şertleri, ýagny, işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegini we bäsdeşligiň höweslendirilmegini üpjün eder. Synçynyň derejesiniň ýurdumyz üçin ýene-de bir artykmaç tarapy, onuň BSG-niň geçirýän resmi çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik berýändigi we onuň esasy resminamalaryna, şeýle hem bu guramanyň söwda meseleleri boýunça tehniki goldaw maksatnamalaryna elýeterliligi üpjün edýändigi bilen baglanyşyklydyr.
«Türkmenistan» gazeti, № 204 (29798). 13.08.2020ý.