HALKYŇ BÄHBITLERINDEN UGUR ALYP, TÄZE MENZILLERE TARAP

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 14-nji awgustynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň 7 aýynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijeler, şeýle-de dünýä ykdysadyýetindäki amatsyz ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimize täsirini ýetirýän şertlerinde ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet mejlisinde halkyň abadan durmuşyny üpjün etmek wezipesinden ugur alyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň beren anyk tabşyryklary häzirki çylşyrymly döwürde hem adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny görkezýär.

Şu ýylyň 7 aýynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 5,7 göterim üpjün edilmegi ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň ösüş strategiýalarynyň dogry kesgitlenendiginden we işleriniň netijeli guralandygyndan habar berýär. Bu makroykdysady görkeziji milli ykdysadyýetiň häzirki zaman ýagdaýyny häsiýetlendirýär, şol bir wagtda ol köp dünýä ýurtlarynyň ykdysady ösüşine ýaramaz täsirini ýetirýän maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän häzirki döwründe hem ýurdumyzda iri durmuş özgertmelerini amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredýär.

Ykdysady ulgamyň hemişe özgerişliklere sezewar bolmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şunda wagt bu özgerişlikleriň häsiýetini kesgitleýän wajyp sebäpleriň biri bolup durýar. Täze hadysalara öz wagtynda düşünmek, seslenmek hem-de degişli çözgütleri kabul etmek köp babatda olaryň döredýän mümkinçiliklerini ösüşiň hatyrasyna ýerlikli ulanmaga, ýaramaz täsirleriniň bolsa öňüniň alynmagyna şert döredýär. Geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda çig maly gaýtadan işlemek boýunça täze zawodlary gurmagyň zerurdygyna ünsi çekmegi, şeýle-de ozalky hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, gaýtadan enjamlaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi daşary amatsyz şertleriň milli ykdysady ulgama ýetirýän oňaýsyz täsirini peseltmäge mümkinçilik berýän çözgüt bolup durýar. Ykdysady nukdaýnazardan baha berlende, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi, bir tarapdan, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagyna getirýän bolsa, beýleki tarapdan, ol täze iş orunlarynyň döredilmeginde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Döredilýän täze iş orunlarynyň, öz gezeginde, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna täsirini ýetirmegi döwlet derejesinde kabul edilýän şeýle ykdysady çözgütleriň durmuş netijeliliginiň ýokarydygyny alamatlandyrýar.

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi ykdysady işiň bir görnüşi hökmünde telekeçiligiň geriminiň giňelmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu ösüş meýli türkmen ykdysadyýetine hem mahsusdyr. Şunuň bilen baglylykda, mejlisde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine gysga wagtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzyň içinde öndürýän kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryny gurmagyň we guramagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklary ykdysadyýeti döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmekde telekeçilik düzüminiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklaýar. Döwletimiziň import strategiýasyny amala aşyrmakda telekeçilige möhüm ähmiýet berilmegini birnäçe sebäpler bilen delillendirip bolar. Birinjiden, häzirki döwürde hususy kärhanalar ýurdumyzda jemi hereket edýän kärhanalaryň dörtden üç bölegini düzýär. Bu statistik maglumat hususyýetçilik ulgamynyň täze gymmaty döretmekde egsilmez çeşmedigini, ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etmegiň netijeli ýoly bolan bu syýasaty üstünlikli amala aşyrmakda onuň kuwwatly güýç bolup durýandygyny görkezýär. Ikinjiden, telekeçilik işi özüniň içki mazmuny boýunça ykdysadyýetde bolup geçýän özgerişliklere çalt seslenmek we tiz uýgunlaşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Hut şu aýratynlyklar importyň ornuny çalyşýan önümçilikleri gysga wagtda döretmäge mümkinçilik bermek bilen, ol ýurdumyzyň içinde öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagyny şertlendirýär. Ahyrky netijede, şeýle çäreleriň durmuşa geçirilmegi goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmegiň hasabyna milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna getirýär.

Tejribeden belli bolşy ýaly, ykdysadyýet durmuş ulgamynyň maddy binýady bolup durýar. Bu binýat näçe berk boldugyça, düýpli durmuş özgertmelerini amala aşyrmak üçin mümkinçilikler şonça-da köpdür. Munuň şeýledigine häzirki durmuş hakykaty aňryýany bilen şaýatlyk edýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary özüne baş ýörelge edinen ýurdumyzyň durmuş syýasatynda ilatyň girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary ilatyň girdejileriniň esasy çeşmeleri bolup, olaryň Döwlet býujetiniň I derejesindäki goralýan maddalar diýlip kesgitlenmegi hem ilatyň girdejilerini döwlet tarapyndan kepillendirmek meselesiniň näderejede wajypdygyny we bu ugurda anyk işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Olaryň öz wagtynda maliýeleşdirilmegi bolsa, ykdysady pudaklaryň sazlaşykly ösüşini we sagdyn hereket edýändigini alamatlandyrýar. Şu ýylyň 7 aýynyň dowamynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda halkyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna göni täsirini ýetirýän görkezijiniň, ýagny ortaça aýlyk zähmet hakynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim ýokarlanmagy hem oýlanyşykly alnyp barylýan ykdysady syýasatyň oňyn netijelerinden habar berýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny hem şeýle netijeleriň hatarynda görkezmek bolar.

Islendik jemgyýetiň ösen derejesi tutuş halkyň ýaşaýyş derejesi, hususan-da, onuň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak, şol sanda durmuş taýdan gowşak goralan gatlaklaryň, ýagny çagalaryň, ýaşlaryň, ýaş eneleriň we garrylaryň durmuş üpjünçiliginiň döwlet tarapyndan kepillendirilişiniň ýagdaýy bilen kesgitlenilýär. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň giňden ýaýbaňlanmagy bilen, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak meseleleri adam baradaky aladanyň sütünleýin meseleleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler raýatlaryň durmuş üpjünçiliginiň pugtalanmagyna ýardam berýär.

ХХI asyr sanly tehnologiýalaryň ösen döwri hasaplanýar. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak işi bu gün dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda biziň ýurdumyz üçin hem häsiýetli bolup, onuň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” tassyklanmagy ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynda, şeýle-de hyzmatlar bazarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açdy. Hususan-da, häzirki döwürde ýurdumyzda pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemekde sanly tehnologiýalaryň döredýän artykmaçlyklaryndan giňden peýdalanylýandygy aýratyn bellärliklidir. Girdejileriň bu görnüşlerini alýan raýatlarymyzyň aglaba bölegi bilen hasaplaşyklaryň nagt däl görnüşde amala aşyrylmagy ýurdumyzda ilata edilýän sanly hyzmatlaryň geriminiň barha giňelýändiginiň, halk köpçüligi üçin ýokary amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.



Maýagözel BABAÝEWA, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 207 (29801). 17.08.2020ý.



Yza

Şeýle hem okaň