BILIM HYZMATLARY BAZARY: SANLY ÖSÜŞLERE TARAP

Ýakyn döwürde öz raýatlarynyň hünär ukyplarynyň we zehinleriniň has doly ýüze çykmagyny üpjün etjek döwletleriň gülläp ösjekdigini hem-de täze bilimleri, amaly üstünlikleri iň häzirki zaman tehnologiýalardyr önümlere öwürmegi başaran döwletleriň ykdysady ösüşde başgalardan öňde boljakdygyny dünýä ýurtlarynyň häzirki ösüş meýilleri subut edýär. 2020-2021-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde açylan täze hünärler barha sanlylaşdyrylýan milli ykdysadyýetimiziň sanly başarnyklary bolan hünärmenler bilen üpjün edilmegini şertlendirer.

Häzirki döwürde hünär bilimini döwrebap derejede ösdürmäge dünýä ýurtlarynyň ünsüniň güýçlenmegi onuň döredýän mümkinçilikleri bilen bagly bolup, bir tarapdan, ol ýurduň durmuş we ykdysady ösüşine öz oňyn täsirini ýetirýän bolsa, beýleki tarapdan, ol işçi güýjüni täzeden döretmegiň çeşmesi bolup hem çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamyny innowasion esasda ösdürmek strategik ähmiýetli meseleleriň biri bolup, sanly maglumatlara daýanýan ykdysadyýetiň kemala gelýän häzirki şertlerinde bilim hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň hödürlenmegi, ilkinji nobatda, ykdysady pudaklaryň işçi güýçleriniň hili babatynda barha artýan talaplaryny we isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň bu günki ösüşi ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy bilen häsiýetlendirilýär. Sanly özgertmeler zähmet bazaryndaky gatnaşyklaryň diňe bir mazmunyna däl, eýsem, hiline hem özüniň täsirini ýetirýär. Zähmet bazaryny bu özgertmelere uýgunlaşdyrmak häzirki döwrüň wajyp meselesi bolup durýar. Ýurdumyzda zähmet bazaryny häzirki zaman sanly özgertmelerine uýgunlaşdyrmak işiniň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin döwletiň sanly eýýamyň ösüşi bilen aýakdaş gitmeginiň täsirli çärelerini işläp taýýarlamak möhüm hasaplanýar. Hususan-da, şeýle çäreleriň hatarynda zähmet bazary bilen bilim hyzmatlary bazarynyň arasyndaky sazlaşykly ösüşi üpjün edýän mehanizmi döretmek meselesi özüniň derwaýyslygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi ХХI asyrda zerur bolan başarnyklar we ylmy-tehniki ösüşde bolup geçýän özgerişliklere çalt seslenmek ukyby işçi güýjüniň bäsdeşlik artykmaçlygyny emele getirýär. Bu ýagdaý bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini, şeýle-de bilim almagyň üznüksizliginiň üpjün edilmegini talap edýär. Çünki sanly eýýamda ýurduň bäsleşige ukyplylygynyň ýokary derejesi köp babatda tehniki işgärleriň taýýarlyk derejesine, işgärleriň ele alan «sanly» hünär başarnyklaryna bagly bolup durýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 14-nji awgustynda şu ýylyň 7 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde pudaklar üçin örän zerur bolan programmaçylary, inženerleri we tehnologlary taýýarlamak meselesine ähmiýet bermek baradaky tabşyryklary sanly ykdysady ösüşi gazanmakda milli bilim ulgamynyň paýynyň ägirt uludygyna şaýatlyk edýär. Ýaş nesliň ylymly, bilimli bolup ýetişmegi biziň ertirki abadan durmuşymyzyň kepili. Häzirki döwürde hünär bilimini alýan talyplar - geljekki hünärmenler bolsa ykdysady ösüşimizi üpjün etjek güýçdür, döwletimiziň kuwwatydyr.

Ýaşlaryň, şol sanda talyp ýaşlaryň jemgyýetde tutýan orny, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek baradaky meseleler häzirki döwürde hem özüniň wajyplygyny ýitirmän, gaýta, ýurdumyzyň bagtyýar geljegini üpjün ediji güýç hökmünde garalýan ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurt berkararlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda özboluşly ilat topary hökmünde talyp ýaşlara aýratyn ähmiýetiň berilmegini birnäçe sebäpler bilen düşündirip bolar. Birinjiden, ýurdumyzda diwersifikasiýa syýasatynyň düýpli alnyp barylmagy we sanly özgertmeleriň giňden durmuşa geçirilmegi netijesinde ykdysadyýetiň pudaklarynyň, şeýle-de ylmyň we medeniýetiň çalt ösmegi hünärmenlik derejesi ýokary bolan işgärleriň sanynyň artdyrylmagyny, şol bir wagtda olary taýýarlamagyň hiline bildirilýäň talaplaryň has-da ýokarlandyrylmagyny şertlendirdi. Ikinjiden, häzirki döwürde hünär bilimi ulgamynyň ýurdumyzyň ykdysady we durmuş zerurlyklaryna gönükdirilmegi hünär bilimini berýän edaralarynyň okuw-taýýarlyk wezipeleriniň durmuş-ykdysady ähmiýetiniň artmagyna getirdi. Üçünjiden, türkmen intelligensiýasynyň dowamatynyň dowam bolmagynyň egsilmez çeşmesi bolmak bilen bir hatarda, talyp ýaşlaryň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky orny ýylyň-ýylyna giňemek meýline eýedir. Bu aýratynlyklar jemgyýetiň bilimli ýaşlara bolan islegleriň artmagyna, şeýle-de ilatyň düzüminde, has takygy, ýaşlaryň ýaş düzüminde talyplaryň tutýan paýynyň ýokarlanmagyna getirdi.

Şu ýyl ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talybyň kabul edilmeginiň meýilleşdirilendigi, innowasion ugurly täze hünärleriň ençemesiniň açylmagy degişli ugurlarda hünärmenleriň zerurlygyndan ugur alnyp, talyplaryň sanynyň artdyrylandygynyň, netijede, zähmet bazary bilen hünär bilimi bazarynyň sazlaşykly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde rus dili we edebiýaty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinologiýa, agroekologiýa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy, söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar, Türkmen döwlet maliýe institutynda halkara maliýe, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde mikrobiologiýa, tehnologiýa işewürligi, filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili), Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda italýan dili, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda awtomatlaşdyrma we amaly informatika, Türkmen oba hojalyk institutynda maglumat ulgamlary (oba hojalygynda), maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda), Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary, elektroenergetika we elektrotehnika, maglumat howpsuzlygynyň menejmenti, Türkmen döwlet medeniýet institutynda art-menejment, Türkmenistanyň Inžener –tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda landşaft dizaýny, portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy, ýer üsti ulag-tehnologiki serişdeleri, demir ýollaryň hereket edýän düzümi ýaly täze hünärleri görkezmek bolar. Bu hünärler boýunça hünärmenleriň taýýarlanylmagy sanly ösüşlere eýe bolýan ykdysady ulgamyň häzirki zämän işleglerini kanagatlandyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Bu ýagdaý zähmet bazarynyň bilim hyzmatlary bazary bilen baglanyşygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň ýurdumyzda giň gerimde durmuşa geçirilýän sanly özgertmelere uýgunlaşmagyň netijeli guraly bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bilim alýan ýaşlar – talyplar baradaky meseleler döwlet syýasatynyň hemişe üns merkezinde bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Hususan-da, ýaşlaryň jemgyýetçilik özgertmelerini geçirmäge taýýarlygyny gazanmak, olary durmuşyň ähli taraplaryna uýgunlaşdyrmak döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet strategiýasynda ösüp gelýän ýaş nesliň jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulyşmagy, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirijiler bolup ýetişmekleri bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde täze çemeleşmeleri ulanmak we bilim alýan ýaşlar üçin goraglylygyň kepillendirilen ulgamyny döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenen.



Maýagözel BABAÝEWA, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 220 (29814). 01.09.2020ý.



Yza

Şeýle hem okaň