Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüş ýollaryny kesgitleýän möhüm şerte öwrüldi. Şol bir wagtda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy adamlaryň durmuşynda düýpli özgertmeleriň bolup geçmegine hem itergi berdi. Sanly ykdysadyýet köp ýurtlaryň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, ol ABŞ, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Ýaponiýa ýaly ykdysady taýdan ösen döwletleriň ykdysady we durmuş ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Düzgün bolşy ýaly, “sanly ösüş meýilnamasyny” durmuşa geçirmek işi özüniň uzak möhletliligi we ileri tutulýan ugurlarynyň dowamlylygy bilen tapawutlanýar. Bu iş binýatlaýyn maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny kemala getirmekden başlap, bu çygyrda sazlaşykly syýasaty we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny goldaýan maksatnamalary işläp taýýarlamak işlerini öz içine alýar.
Serdar GURBANOW,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň,
baş hünärmeni.
Soňky ýyllarda, beýleki dünýä ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem sanly gurşaw döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi geljekki ýyllarda häzirki hereket edýän pudaklaryň tapgyrlaýyn sanlylaşdyryljakdygyny aňladýar. Ýurt derejesinde ykdysady ösüşiň «däp» bolan ugruna öwrülýändigine garamazdan, häzirki döwürde milli ykdysady ulgam sanlylaşdyrmagyň geçiş tapgyryny başdan geçirýär. Bu şertler häzirki döwürde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärlerden sanly sowatlylygyň, maglumatlary gözlemek, döretmek, işläp taýýarlamak, ulanmak, paýlaşmak ukyplarynyň ösdürilmegini talap edýär.
Bu, öz gezeginde, sanlylaşdyrmagyň adam durmuşynyň we işleriniň ähli ugurlarynda düýpli özgerişlikleriň amala aşyrylmagyny talap edýändigini tassyklaýar. Çünki sanly tehnologiýalar diňe bir täze pudaklaryň döremegine, hereket edýänleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna itergi beriji güýç bolman, eýsem, ilatyň garramagy, jemgyýetiň gatlaklara bölünmegi, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ýaly durmuş meseleleriniň çözülmegine hem özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Bu ýagdaý jemgyýeti durmuş taýdan özgertmekde, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda sanlylaşdyrmak hadysasyna möhüm ornuň degişlidigini görkezýär.
Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ylmyň ösmegi bilen adamyň zerurlyklaryna gönükdirilen “akylly” jemgyýet döreýär. Şeýle jemgyýetiň esaslarynyň, ilkinji nobatda, çeýelik we döredijilik ýaly täze gymmatlyklaryň ýüze çykmagy adam faktorynyň ähmiýetiniň üzül-kesil artmagyna getirýär. Sanlylaşdyrmagyň täsiri astynda zähmet bazarynda, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň ösüşinde hem düýpli özgerişlikler bolup geçýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, zähmet bazarynda nähili üýtgeşmeleriň bolup geçjekdigi baradaky meseleler köpleriň ünsüni özüne çekýär.
Sanlylaşdyrmak zähmetiň awtomatlaşdyrylmagy netijesinde, birnäçe däp bolan hünärleriň tehnologik taýdan çylşyrymlaşmagynyň, käbir ýagdaýda bolsa ýitip gitmeginiň, şol bir wagtda täze-täze hünärleriň ýüze çykmagynyň hem esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Täze şertlerde zähmet gatnaşyklarynyň we iş bilen meşgullygyň segmentleriniň belli bir bölegi wirtual ýaýrawa geçýär. Şunda iş üpjünçilik çygrynda däp bolmadyk, bölekleýin ýa-da durnuksyz, bir gezeklik ýaly iş bilen meşgullygyň paýynyň artmagy olaryň çeýe görnüşleriniň agdyklyk edýändigini görkezýär. Bu, öz gezeginde, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny, zähmet bazarynda täze başarnyklaryň kemala gelmegini şertlendirýär. Beýle diýildigi, sanly eýýamyň talaplaryna laýyk gelýän işçi güýjüniň hünär taýdan taýýarlanylmalygyny, netijede, bilim ulgamynyň işiniň döwrebap derejede guralmalygyny aňladýar.
Halkara bilermenler ýakyn döwürde sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, maglumatlara çäklendirilmedik elýeterliligi bolan hem-de sanly başarnyklary ele alan ýaşlaryň zähmet bazaryna goşulyşjakdyklaryny belleýärler. 2025-nji ýyla çenli olaryň paýynyň dünýä boýunça iş bilen meşgullanýanlaryň dörtden bir bölegine deň boljakdygyny çaklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, zähmet bazarynyň meseleleri bilen içgin meşgullanýan alymlarynyň berýän maslahatlaryna görä, häzirki döwürde zähmet bazaryna girýän ýaşlaryň gymmatlyklar ulgamynda, ozalky ýaş nesillerden tapawutlylykda, diňe bir gulluk basgançagynda ösmek, ýokary zähmet hakyny almak ýaly gymmatlyklar bilen bir hatarda, iş bilen bagly bolmadyk beýleki meýilleriniň bardygyny nygtaýarlar. Bu ýagdaý iş berijileriň öňünde täze şertleri goýýar, ýagny sanly başarnyklary bolan nesliň gymmatlyklaryndan ugur alyp, ýaşlary işe kabul etmek, şeýle-de ýaş işgärleri iş orunlaryna berkitmek üçin täze usullaryň gözlenilmegi möhüm meseleleriň biridir.
Ykdysadyýetiň sanlylyşdyrylmagy netijesinde, ýaşlar zähmet bazarynyň ösüşinde ýüze çykýan şeýle meýiller alymlardyr ykdysatçylar tarapyndan içgin öwreniler.
«Türkmenistan» gazeti, № 229 (29823). 10.09.2020ý.