Düýn, 11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Tükmenistanyň Mejlisiniň 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda geçiren maslahatynda kabul edilen “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Zähmet we
ilaty durmuş taýdan goramak
ministrligi.
Häzirki döwürde Türkmenistan halkara guramalar bilen, hususan-da Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Ýurdumyzda bu iri we abraýly halkara guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan Halkara Zähmet guramasy (HZG) bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan HZG-niň binýatlyk konwensiýalarynyň ählisine goşulyşyp, olardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip gelýär. 2019-njy ýylda ýurdumyzyň bu Guramanyň 144-nji «Üçtaraplaýyn maslahatlaşmalar hakynda (halkara zähmet kadalary)» Konwensiýasyna goşulandygy aýratyn bellärliklidir. Bu Konwensiýa halkara zähmet kadalaryny işläp taýýarlamakda we ulanmakda üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygynyň taraplarynyň gatnaşyklaryny kesgitleýär. Üçtaraplaýynlygy pugtalandyrmak we durmuş dialogy goldamak boýunça dünýä möçberinde alnyp barylýan işler durmuş-zähmet gatnaşyklaryny ösdürmekde HZG-niň ornunyň örän uludygyna şaýatlyk edýär. Bu guramanyň özi üstünlikli hereket edýän üçtaraplaýynlygyň nusgasyny görkezýär. HZG-niň häzirki döwürde alyp barýan işiniň esasy ugry mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygy ýörelgeleri ösdürmekden ybaratdyr.
Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn toparyň bu mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meselelerde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji iýulynda çykaran 1810-njy karary bilen tassyklanan Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirirlişine hem uly orun berildi. Kanunçylyga girizilen goşmaça şol çäreler bilen hem bagly bolup, dünýäde emele gelen ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasy bilen bagly çäreleriň täsirine düşen raýatlaryň zähmet gatnaşyklarynda ýüze çykan meseleleriniň düzgünleşdirilmegi we olaryň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň zähmet kodeksine girizilen goşmaça ýurdumyzda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýär.
«Türkmenistan» gazeti, № 231 (29825). 12.09.2020ý.