Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Şol işler bolsa, öz gezeginde, ilatyň bagtyýar, abadan durmuşynyň egsilmez çeşmesi bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamlar baradaky alada, olaryň netijeli zähmeti, göwnejaý durmuşy we dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda raýatlaryň zähmet hukuklaryny kepillendirmek, onuň kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ynha, üstümizdäki ýylyň 22-nji awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahatynda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine goşmaça girizmek hakynda», «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Ýörite habarçymyz täze kabul edilen Kanunyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin ähmiýeti barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gatnaşyklary we zähmet şertleri müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Güljan Hallyýewa hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň Pensiýa gatançlaryny dolandyrmak müdirliginiň başlygy Yhlas Mämmedow bilen söhbetdeş boldy.
— Güljan, golaýda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Zähmet kanunçylygyna goşmaçalaryň girizilmegini şertlendiren sebäpler barada nämeler aýdyp bolar?
— Ilki bilen, bu goşmaçalaryň dünýäde emele gelen ýiti ýokanç keseliň pandemiýasy bilen bagly çäreleriň täsirine düşen raýatlaryň zähmet gatnaşyklarynda ýüze çykan meseleleriniň düzgünleşdirilmegi we olaryň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydygyny belläsim gelýär. Ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çäreleri bilen bagly çäklendirmeleriň girizilmegi zerarly, öň dürli maksatlar bilen daşary ýurtlara giden, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ençeme raýatlaryň ýurdumyza dolanyp gelmäge mümkinçiliginiň bolmandygy sebäpli, olaryň zähmet gatnaşyklarynyň taraplary hökmünde zähmet borçlaryny mundan beýläk ýerine ýetirmek mümkinçilikleri aradan aýryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza dolanyp gelmäge mümkinçiligi bolmadyk raýatlaryň zähmet gatnaşyklarynda ýüze çykan meseleleri düzgünleşdirmek we olaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we şu ýylyň 8-nji sentýabryndan güýje girizildi. Bu Kanun ministrligiň mlsp.gov.tm salgyly internet sahypasynda ýerleşdirildi.
— Okyjylarymyza has düşnükli bolar ýaly, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine girizilen goşmaçalaryň mazmunyny düşündiräýseňiz!
— Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 6-njy maddasyna girizilen goşmaçalar ýokarda agzalan işgärleriň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli, zähmet borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda, olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge hakykatdan başlan pursadyna çenli zähmet gatnaşyklarynyň dowam etdirilen hasap edilmegini, şeýle-de zähmet hakynyň we beýleki tölegleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölenilmegini düzgünleşdirýär. Şunda işgärleriň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli, zähmet borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatlar, ýagny:
— Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 98- nji maddasyna laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde önümçilikden aýrylmazlyk şertinde okaýandyklary sebäpli, döwlet synaglaryny tabşyrmak (jemleýji hünär synagyny geçmek) üçin okuw maksady bilen gidendigi bilen bagly ýüze çykan halatynda berlen tölegli rugsatlaryň möhleti olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge hakykatdan başlan pursadyna çenli uzaldylýar. Şunda tölegli rugsatlaryň möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan soň tamamlanan ýagdaýynda, şu kada laýyklykda uzaldylmaga degişli edilýär;
— her ýylky esasy ýa-da goşmaça rugsadyň döwründe ýüze çykan halatynda, ol rugsatlaryň tamamlanmagy bilen zähmet gatnaşyklary dowam etdirilen hasap edilýär we ortaça aýlyk zähmet haky tölenilýär, iş wagtyny hasaba almagyň tabelinde «kanuna laýyk işe gelmezlik» diýlip bellik edilýär;
— işgärleriň gulluk iş saparlarynda bolan döwründe ýüze çykan halatynda, iş saparlarynyň möhleti olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge hakykatdan başlan pursadyna çenli uzaldylýar;
— zähmet haky tölenilmeýän rugsadyň döwründe ýüze çykan halatynda, tölegsiz rugsadyň möhleti olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge hakykatdan başlan pursadyna çenli uzaldylýar.
Şunuň bilen birlikde, Kodeksiň 6-njy maddasyna girizilen goşmaçalar diňe bir häzirki wagtda emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, zähmet gatnaşyklarynda bolup biläýjek, taraplaryň erkine bagly bolmadyk (ýeňip aradan aýryp bolmaýan güýjüň bolmagy) sebäpler (fors-mažor) bilen baglanyşykly başga ýagdaýlary hem düzgünleşdirmegiň hukuk esasy bolup durýar.
— Yhlas, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi esasynda, milli kanunlarymyz kämilleşdirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada söhbedimizi dowam etdiräýeliň!
— Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi durmuş syýasatyny amala aşyrýan ulgam hökmünde, bu ugurda Türkmenistanda ýeke-täk döwlet syýasatyny ýöretmek bilen, durmuş ulgamynda kanunçylyk, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça döwrebap işleri alyp barýar. Durmuş ulgamy islendik döwletiň ykdysady we durmuş ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolup, ilkinji nobatda, ol ähli raýatlaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ykrar edilen adam mertebesini, azatlygyny we hukuklaryny goramakda bu ulgama möhüm orun degişlidir. Durmuş syýasatynyň ýörelgeleri we guralyşy jemgyýetde ykrar edilýän gymmatlyklar bilen tapawutlanýar. Türkmen milletine mahsus bolan ynsanperwerlik häsiýeti häzirki döwürde alnyp barylýan durmuş özgertmeleriniň mazmunynda hem öz aýdyň beýanyny tapýar we ol döwletlilik esaslarymyzyň mundan beýläk-de berkemegine itergi berýär.
«Döwlet adam üçindir!» diýen şygary döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesine öwren hormatly Prezidentimiziň durmuş özgertmeleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy hemde onuň ýerli edaralary tarapyndan durmuş ulgamynda kanunçylyk, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
— Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 22-nji awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahatynda «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Mümkin bolsa, girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen hem okyjylarymyzy tanyşdyraýsaňyz!
— Girizilen üýtgetmeler we goşmaçalarda fiziki şahslar bilen bagly ýe-ňillikleriň sany 5-e ýetirildi. Şeýlelikde, ýagny:
1) ýaşy boýunça pensiýa;
2) gulluk ýyllary boýunça pensiýa;
3) hünär pensiýasy;
4) maýyplyk boýunça pensiýa ýa-da döwlet kömek puly eger-de olar möhletsiz maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen bolsalar;
5) döwlet durmuş kömek puly bellenilen halatynda, fiziki şahslar hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşmagyny bes edýärler.
Şonuň ýaly-da, hususy telekeçilere we hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi durmuşa geçirýän fiziki şahslara — özleri üçin tölenilýän pensiýa gatançlarynyň möçberine täzeden seredildi. Girizilen üýtgetmä görä, ýokarda agzalan şahslara pensiýa gatançlaryny, olaryň özleriniň girdejisine garamazdan, hasabat döwrüniň her aýy üçin ýurt boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň azyndan 10 göterimi möçberinde tölenilmeli edilip, 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlanýan döwür üçin ulanylýandygy bellenildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň altyn hazynasyna de¬ňelýän telekeçilerimizi goldamak barada alyp barýan syýasatynyň durmuşda öz beýanyny tapýandygynyň aýdyň mysalydyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän özgertmeleriniň, milli maksatnamalaryň hem-de ägirt uly taslamalaryň ählisiniň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş gymmatlygy bolan adam hakdaky alada dur. Raýatlarymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
— Hormatly hünärmenler, ulgamyňyz boýunça alyp barýan işleriňiz barada beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Alyp barýan asylly işleriňizde üstünlikler hemişe hemraňyz bolsun!
Söhbetdeş bolan
Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».
«Türkmenistan» gazeti, № 250 (29844). 01.10.2020ý.