Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi we geljekki ösüşlere itergi berjek wajyp wezipeler kesgitlenildi. Bu döwürde durmuş-ykdysady ösüşimizde ýetilen sepgitler ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigini ýene-de bir gezek alamatlandyrmak bilen, ol raýatlaryň abadan durmuşynyň hatyrasyna özgertmeleriň amala aşyrylýan ýurdunda oňyn netijeleriň gazanylýandygyny görkezýär. Dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2020-nji ýylyň dokuz aýynda hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijiler boýunça gazanylan ýokary netijeler, ýagny jemi içerki önümiň ösüşiniň 5,8 göterim möçberinde bolmagy häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Mazmuny boýunça ykdysady ulgam hemişe daşarky we içerki täsirlere sezewar bolýandyr. Dürli sebäpler bilen şertlendirilen ýagdaýlara wagtynda seslenmek, hususan-da, olaryň döredýän amatsyz täsirleriniň derejesini wagtynda peseltmek ýa-da aradan aýyrmak üçin ýurtda oýlanyşykly ykdysady syýasatyň alnyp barylmagy häzirki döwürde talap edilýän hökmany şertleriň biridir. Dünýäde daşarky amatsyz täsirleriň artýan şertlerinde hem ýurdumyzda ykdysady ösüşiň ýokary depginleriniň üpjün edilmegi milli ykdysadyýetimiziň töwekgelçiliklere, howplara garşy durmak ukybynyň ýeterlik derejesiniň bardygyny tassyklaýar.
Türkmen milletinde gurmak, döretmek köpçülik tarapyndan oňlanylýan haýyrly işleriň biri hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen «gurmak arkaly döretmek» diýen täze durmuş filosofiýasy häzirki döwürde dünýä giňişliginde ýurdumyzy iri gurluşyklary amala aşyrýan döwlet hökmünde tanalmagyna itergi berdi. Diňe ykdysady binýady berk tutulan döwletiň gurmaga, döretmäge ukyplydygyny bu gün türkmen hakykaty bütin dünýä äşgär edýär. Hususan-da, häzirki döwürde adam kapitalynyň ösmegini şertlendirýän durmuş pudaklarynyň, ýagny ylym-bilim, saglyk, medeni we sport maksatly desgalaryň gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi ýurdumyzyň beýleki pudaklarynda amala aşyrylýan iri özgertmeleriň tiz we ýokary hilli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.
Milli ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklarynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy gurluşyk pudagynda eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagyny şertlendirdi. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde bu pudak möhüm orunlaryň birini eýelemek bilen, döwür döwletiň we hususyýetçileriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrýan täze usullaryň gözlenilmegini talap edýär. Häzirki döwürde gurluşyk pudagynda ösdürilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlyk iki tarapyň hem bähbitlerini sazlaşdyrmagyň netijeli usuly hasaplanýar. Munuň şeýledigine şu ýylyň dokuz aýynda gazanylan oňyn netijeler aňryýany bilen subut edýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde gurluşyk we durkunyň täzelenmegi göz öňünde tutulan 259 desganyň 16-synda gurluşyk işleriniň tamamlanmagy, 163-sinde gurluşyk-gurnama işleriniň alnyp barylmagy, galan desgalarda taýýarlyk işleriniň dowam edirilmegi milletimiziň gurujylyk kuwwatyndan nyşan.
Netijede, maýa goýum serişdelerini ulanman, ykdysadyýetiň durnukly we depginli ösüşini üpjün etmek asla mümkin däldir. Bu kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki işjeň maýa goýum syýasatynyň alnyp barylmagy ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, dünýäniň iň ösen tehnikalary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, innowasiýalary özünde jemleýän ýokary ykdysady netijeli ulgamy döretmäge we ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde “Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” kabul edilendigi bellenilip geçilse, ýerlikli bolar. Bu maksatnama häzirki çylşyrymly döwürde hem ýurdumyzda pudaklaýyn we düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmaga ýardam berýändigi bilen ähmiýetlidir. Her bir önümçilik desgasynyň ýa-da durmuş maksatly binanyň gurluşygyna gönükdirilýän bir manadyň ýene-de sanlyja ýyldan birnäçe esse möçberde yzyna dolanyp gelýändigini nazara alsak, onda, hakykatdan-da, maýa goýumlary geljekde girdeji almaga mümkinçilik berýän maliýe serişdesi bolup durýar. Şunda onuň geljekki bagtyýar durmuşy nazarlaýandygy, şeýle-de dünýä ösüşiniň ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerinde ykdysady ösüşi üpjün etmegiň ygtybarly guraly hem bolup durýandygy äşgärdir.
Hasabat döwründe 2020-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň 63,5 göterim ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda ilatyň durmuş abadançylygyny has-da pugtalandyrmak üçin amatly mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, özleşdirilen maýa goýumlarynyň 54,2 göteriminiň önümçilik ähmiýetli desgalaryň, 45,8 göteriminiň bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirilmegi ýurdumyzda daşary amatsyz ýagdaýlara garamazdan, ykdysady kuwwatymyzyň pugtalanmagynda özüniň beýanyny tapýan önümçilik kuwwatlyklarynyň artýandygyny, şeýle-de adam kapitalynyň hil görkezijileriniň mundan beýläk-de gowulanmagyna gönükdirilen syýasatyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. Mundan başga-da, bu netijeler gurlup, işe girizilýän her bir edaranyň, kärhananyň, goý, ol önümçilik pudagyna ýa-da durmuş ulgamyna degişli bolsun, tapawudy ýok, ilkinji nobatda täze iş orunlarynyň döredilmegine getirýär. Bu ýagdaý, öz gezeginde, ýene-de ýüzlerçe raýatlaryň iş bilen üpjünçilik derejesiniň gowulanmagyna, girdejileriniň artmagyna şert döredýändigine şaýatlyk etmek bilen, ol häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan maýa goýum strategiýasynyň durmuş netijeliligini aňladýan görkezijileriň biridir.
Şu ýylyň geçen aýlarynda milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň jemi içerki önümiň 21,3 göterimine barabar bolmagy ykdysadyýetiň sagdyn ösüşini häsiýetlendirýän görkezijidir. Bu Hökümet mejlisinde ýurt Baştutanymyzyň ýurdumyzda maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak we bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleri, şeýle-de ykdysadyýeti liberallaşdyrmak, bäsdeşligi ösdürmek, işewür ýagdaýlary gowulandyrmak, ykdysadyýetimizde döwlet pudaklarynyň paýyny azaltmak boýunça başlanan işleri dowam etdirmek barada beren tabşyryklary geljekde orta möhletli daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymyny durnukly artdyrmaga ýardam berjek möhüm ugurlardygyny görkezýär. Hususan-da, milli Liderimiz tarapyndan kesgitlenen bu wajyp ugurlar, bir tarapdan, döwletiň ykdysady ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna, ýagny eksport kuwwatyny artdyrmaga, import garaşlylygymyzyň derejesini peseltmäge mümkinçilik berjek önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirse, beýleki tarapdan, ol halkyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiliginiň gowulanmagy, çagalarymyzyň döwrebap mekdeplerde, bakja-baglarda baglarda terbiýelenmegi we bilim almagy üçin amatly şertleri döredýär.
Ýurdumyzda öndürilýän jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýynyň ýylsaýyn ýokarlanmagynyň bu ulgama döwlet tarapyndan berilýän ykdysady we hukuk goldawyň netijesinde mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde döwlete degişli bolmadyk pudagyň paýynyň 66,9 göterime barabar bolmagy telekeçiligiň özünde uly mümkinçilikleri jemleýändiginiň, ykdysadyýetimiziň öňünde duran wezipeleri çözmekde uly güýç bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş özgertmeleri dünýä giňişliginde durmuş derejeli döwlet hökmündäki ornumyzy has-da pugtalandyrýar. Has takygy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we ýakyn geljek üçin kesgitlenen wezipeler ilaty durmuş taýdan goramak, durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak bilen bagly meseleleriň hemişe döwletiň üns merkezinde saklanýandygyny we bu işleriň dowam etdiriljekdigini tassyklaýar. Dünýäde ýiti ýokanç keseliň giňden ýaýramagy bilen dörän häzirki kynçylykly şertlerde saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmek we olaryň güýjüni bu ýokanja garşy göreşde netijeli peýdalanmak möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Has takygy, bu maslahatda saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikleri bermek barada hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekilen Karar ýurdumyzda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda bolsa “Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Permanyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp we diňleýji haklaryny hem-de döwlet kömek pullaryny 10 göterim ýokarlanmak göz öňünde tutulýar.
Ilatyň pul girdejileri babatynda söz açylanda, munuň özi, hökmany suratda, hereket edýän edaralarda, kärhanalarda we guramalarda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, ahyrky netijede, zähmete ukyply ilaty doly iş bilen üpjün etmek meselelerine syrygýar. Munuň esasy sebäbi bazar gatnaşyklarynyň giňden ösdürilmegi bilen zähmet haklarynyň ýokarlanmagynyň önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün edilmegini gazanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu şertleriň üpjün edilmegi ýurdumyzda ýokary durmuş-ykdysady netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
«Türkmenistan» gazeti, № 262 (29856). 15.10.2020ý.