SANLY YKDYSADYÝET – ÖSÜŞIŇ YGTYBARLY ÇEŞMESI

Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar döwletleriň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny kesgitleýän şert bolup durýar. Munuň şeýledigine ykdysadyýetini sanlylaşdyrmakda öňegidişligi gazanan daşary ýurtlaryň tejribesi şaýatlyk edýär. Hususan-da, hukuk ýaýrawynyň we infrastrukturasynyň döredilmegi sanlylaşdyrmagy çaltlandyrýan we netijeli hereket etmegini üpjün edýän ugur hökmünde garalýar.

Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän häzirki çylşyrymly ýagdaýlar milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak meselesini wajyp meseleleriň birine öwürýär. Bäsdeşlige ukyplylyk, ilkinji nobatda, zähmet öndürijiliginiň derejesi bilen kesgitlenilýän görkeziji bolup, ol oýlanyşykly alnyp barylýan döwlet syýasaty arkaly üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň ykdysadyýete we durmuş ulgamyna ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak wezipesiniň ykdysady syýasatyň esasy ugry hökmünde kesgitlenendigini bellemek zerurdyr.

Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, sanlylaşdyrmak hadysasy diňe bir ykdysady işiň nusgasynyň we ýaşaýyş durmuşynyň düýpli üýtgemegine getirmek bilen çäklenmän, eýsem, ol tutuş eýýamyň ösüş ugruny kesgitleýän güýç bolup durýar.

Sanly gurşawyň döredilmegi we ösdürilmegi jemgyýetçilik ösüşinde birnäçe oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Sanly özgertmeler jemi içerki önümiň artmagynda, täze iş orunlarynyň döremeginde, ilatyň bilim derejesiniň ýokarlanmagynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Mysal üçin, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň 10 göterim ýokarlanmagynyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň 0,6 göterim artmagyna getirýändigini Bütindünýä bankynyň bilermenleri tarapyndan bellenilýär. Dünýä boýunça häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän jemi maýa goýumlarynyň 4,6 göterimine golaý möçberi bilim ulgamynda ulanylýan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna gönükdirilmegi sanly özgertmeleri amala aşyrmakda bilim ulgamyna wajyp ornuň degişlidigi äşgär edýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary çygrynda ilatyň sanly sowatlylygynyň 8 göterim artdyrylmagynyň işsizligiň derejesiniň 0,8 göterim peselmegine getirýändigi baradaky statistiki maglumatlar ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň täze iş orunlarynyň döredilmegine itergi berýändigini görkezýär. Mundan başga-da, ykdysadyýete sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman öňdebaryjy pudaklaryň ösmegine hem ýardam berýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. 2025-nji ýyla çenli global ykdysadyýetde internetiň tutýan ornunyň 11 göterime çenli artjakdygy baradaky çaklamalar maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarydygyny aňryýany bilen tassyklaýar.

Dünýä möçberinde sanlylaşdyrmak hadysasyna çaltlandyrylan ösüşi üpjün edýän täze çeşme hökmünde garalmagynda uly many bar. Çünki ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy ösüşleriň iteriji güýji hasaplanýan bäsdeşligi, maýa goýumlary we innowasiýalary höweslendirýär we bu, öz gezeginde, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna, sarp edijileriň saýlamak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine getirýär.

Ýokarda beýan edilenler ykdysady ulgamyň sanlylaşdyrylmagy barada şeýle netije çykarmaga esas döredýär: sanly tehnologiýalaryň ösüşine goşulan goşant döwletiň ösüşine goşulan goşandy aňladýar, dogry meýilnamalaşdyrylan ýagdaýynda ol ýurda köp girdeji getirýär.

Türkmenistan häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň çygryndaky bütindünýä ösüş meýillerine sezewar bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde uly wezipe — Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy sanly ykdysadyýete geçen, dünýäde öňdebaryjy döwletleriň birine öwürmek wezipesi durýar. 2018-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi dünýä ykdysadyýetiniň ösüş meýillerini nazara alyp, milli ykdysadyýetimiziň hil derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ädilen ýene-de bir ädimleriň biri boldy.

Ykdysady we durmuş ulgamlarynyň işlerini döwrebap guramakda döwlet dolandyrylyşyna aýratyn ornuň degişlidigi hasaba alynsa, onda bu ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ýurdumyzyň şu günki we geljekki abadan hem-de bagtyýar ösüşi üçin näderejede wajyp bolup durýandygyna göz ýetirmek bolýar.

Döwlet dolandyrylyşynda sanly özgertmeleriň ilkinji nobatda müşderilere gönükdirilmegi döwlet häkimiýeti edaralarynyň işiniň raýatlar üçin peýdalylyk indeksiniň ýokarydygynyň nyşanydyr. Şunda döwlet dolandyrylyşy «çeýe dolandyryş» ýörelgelerine esaslanýar, ýagny çäreleriň we maksatlaryň amala aşyrylýan döwründe gatnaşýan taraplaryň arasynda hemişe habarlaşmak mümkinçiliginiň bolmagy şeýle gatnaşyklaryň çeýeligini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, sanlylaşdyrmagyň giňden ösdürilmegi onuň döwlet, şeýle-de raýatlar üçin döredýän artykmaçlyklary baradaky garaýyşlarymyzyň giňeldilmegini şertlendirýär. Döwletiň resminamalar dolanyşygynyň netijeliliginiň ýokarlanmagy, standartlaşdyrylan dolandyrylyşyň ösdürilmegi netijesinde dolandyrmak bilen bagly çykdajylaryň azalmagy, resminamalaryň dolanyşygynyň açyklyk häsiýetiniň artmagy, şeýle-de pudagara hyzmatdaşlygyň we maglumat alyş-çalyşygynyň ösdürilmegi sanly maglumatlary ornaşdyrmagyň döwlet üçin bähbitli bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Köpugurly durmuş hyzmatlary hödürlenilmegi netijesinde ilatyň durmuş abadançylygynyň gowulanmagy we döwlet dolandyrylyşynda bolup geçýän özgertmeler barada habarlylygynyň ýokarlanmagy «döwlet-raýat» gatnaşyklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak çäresiniň raýatlar üçin bähbitli taraplary hökmünde görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet hyzmatlarynyň açyklygynyň hökümetiň keşbiniň gowulanmagyna getirýändigini, durmuş hyzmatlaryna elýeterliligiň artýandygyny, tutuş sebitiň ösüşine oňyn täsirini ýetirýändigini bellemek zerurdyr.

Sanlylaşdyrmak hadysasynyň oňyn netijeleri ylmy köp talap edýän pudaklaryň ösüşinde hem ýüze çykýar. Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik pudaklaryna we hyzmatlar ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy hil taýdan tapawutlanýan ösüşiň täze tapgyryna geçmek üçin şertleri döredýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini artdyrmakda, energetika kuwwatyny ýokarlandyrmakda sanly özgertmeler özünde uly mümkinçilikleri döredýär. Hususan-da, ýurdumyzda oýlanyşykly durmuşa geçirilýän ulag diplomatiýasy sanly tehnologiýalara daýanýan iri ulag taslamalarynyň amala aşyrylmagyny şertlendirdi. Sanlylaşdyrylan ulag infrastrukturasynyň döredilmegi, öz gezeginde, ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmagyň ygtybarly ýoly bolup, ol milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi uglewodorod serişdeleriniň öndürilişini, olaryň daşary bazarlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda täze-täze energiýa desgalarynyň gurulýandygy bellärliklidir. Täze desgalaryň Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi bolsa olaryň innowasion çözgütlere we ekologik talaplara laýyk gelmegini şertlendirýär. Bu ýagdaý, öz gezeginde, maglumatlar tehnologiýalarynyň ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryna giňden ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.



Maýagözel BABAÝEWA, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň, № 5 (59). 2020ý.



Yza

Şeýle hem okaň