Türkmen Bitaraplygynyň çärýek asyrlyk tejribesi geçilen menzillere ser salmaga, bu döwürde gazanylan netijelere ösüşleriň, özgerişleriň nukdaýnazaryndan baha bermäge mümkinçilik berýär. 12-nji dekabrda paýtagtymyzda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat, ine, hut şu babatda täze sepgidi alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz halkara ýubileý maslahatda çuň mazmunly çykyş edip, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýylynyň içinde daşary syýasatymyzda ýetilen sepgitlere we gazanylan üstünliklere syn berdi, onuň binýatlaýyn ýörelgeleriniň milli bähbitleri üpjün etmek bilen bir hatarda, ählumumy derejede parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandyny anyk işlerdir başlangyçlaryň mysalynda açyp görkezdi.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Watamyzyň hemişelik Bitaraplygynyň söhratly senesi mynasybetli, halkymyza ajaýyp toý sowgady bolan «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda milli Liderimiz: «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýandyrýarlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!» diýip, örän jaýdar belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ilki bilen, döwlet berkararlygyny berkitmekde türkmen Bitaraplygynyň taryhy ähmiýeti hakynda durlup geçilse, maksadalaýyk bolar.
Ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda sebitde kemala gelen geosyýasy we geoykdysady ýagdaý özüniň çylşyrymly häsiýeti bilen tapawutlanýardy. Bu ýagdaý ýurdumyzyň syýasy garaşsyzlygyny pugtalandyrmak we ykdysady özbaşdaklygyny üpjün etmek meselesini gün tertibiniň ileri tutulýan ugruna öwrüpdi. Beýleki halklar bilen gatnaşyklarda parahatçylyk söýüjiligi we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini hemişelik ýol-ýörelge edinen türkmen halky taryhyň bu öwrüminde hem parahatçylykly ösüş ýoluny – hemişelik Bitaraplygy saýlady. Geçilen 25 ýyllyk menzil şol döwürde saýlanyp alnan bu ýoluň dogry syýasy çözgüt bolandyny aňryýany bilen tassyklap, ol ýurdumyzyň geljekki ösüş ugruny kesgitledi. Bu gün Bitaraplyk, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen döwletiniň we halkynyň beýik üstünligidir. Onuň ägirt uly halkara ähmiýetiniň bardygyny häzirki durmuş hakykaty doly tassyklaýar.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnama bilen Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini ikinji gezek tassyklamagy, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitarapyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etmegi dünýä bileleşiginiň döwletimiziň Bitaraplyk daşary syýasat ugruna ýokary baha berýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Häzirki wagtda 149 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy, 50-ä golaý halkara guramanyň agzasy bolmagy, şeýle-de köp sanly halkara konwensiýalara, şertnamalara we beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikde işjeňliginiň ýylsaýyn giňeýändigini görkezýär.
Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň diňe bir halkara at-abraýynyň ýokarlanmagynda özüniň beýanyny tapman, eýsem bu halkara hukuk derejesi içerki ösüşimizi üpjün etmekde möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Ol halkyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň baş şertine öwrüldi. Içerki mümkinçiliklerimizi ösüşleriň çeşmesine öwürmekde bitaraplygyň döredýän daşarky amatly şertleri uly bolup, ol ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam berýär. Islendik ýurduň içeri syýasatynyň onuň alyp barýan daşary syýasaty bilen sazlaşykly ösdürilen ýagdaýynda netijeli bolýandygy tejribeden mälimdir. Şeýle sazlaşygy üpjün etmekde oňyn Bitaraplyk ýörelgesi esasy orunlaryň birini eýeleýär.
Ykdysady ulgamda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, 2019-njy ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» içeri we daşary ykdysady syýasaty özara baglanyşykly durmuşa geçirmegiň nusgasy bolup durýar. Bu maksatnamanyň ýurdumyzyň daşary ykdysady işini ösdürmek üçin amatly hukuk, dolandyryş we maliýe gurşawyny döretmäge hem-de has-da kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, halkara guramalar, şol sanda halkara maliýe-ykdysady düzümler bilen gatnaşyklaryny berkitmäge, daşary ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilmegine Bitaraplygyň döredýän daşarky amatly şertleriniň netijesi hökmünde baha bermek bolar. Şeýle-de bu maksatnamanyň ýurdumyzyň maliýe we ykdysady ugurlaryny has-da işjeňleşdirmek üçin ýokary derejede bazar-ykdysady gurallary netijeli ulanmagyň, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmegiň hasabyna eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan milli önümçiligi has-da ösdürmegiň hem-de Türkmenistanda senagat jemgyýetini döretmek boýunça mundan beýläk-de amala aşyrylmagy zerur bolan çäreleriň toplumyny öz içine almagy içerki ösüşi üpjün etmekde onuň ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär.
Bitaraplyk dünýä syýasatynda ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Baky Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmek hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda alyp barýan işleri ýurdumyzyň dünýä we sebit derejesinde howpsuzlygy üpjün etmekde goşýan goşandynyň uludygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi ýurdumyzyň daşary syýasat we ykdysady strategiýasynyň binýatlaýyn ýörelgeleriniň biri bolup, ol öz gözbaşyny Bitaraplygyň esaslaryndan alyp gaýdýar.
Barha ählumumylaşýan dünýäde ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşyk has-da güýçlenmek häsiýetine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde durnukly ulag ulgamyny döretmek häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary halkara bazarlar bilen baglanyşdyrýan netijeli üstaşyr-ulag ulgamlaryny döretmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu babatda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynda alyp barýan işleri nusga alarlykdyr. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamyna boýunça kabul edilen üç sany Kararnama muňa şaýatlyk edýär.
Geçen çärýek asyr ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň häzirki abadan ösüşimizi üpjün edýän şertleriň birine öwrülendigini görkezdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginde hem uly many bar. Çünki parahatçylyk ösüşi üpjün edýän zerur şertleriň biri bolup, ol ýakyn geljekde döwletara ykdysady hyzmatdaşlygy ynanyşmak esasynda mundan beýläk-de ösdürmek meselesini ählumumy gün tertibinde öňe çykarýar.
«Türkmenistan» gazeti, № 322 (29916). 19.12.2020ý.