SANLY YKDYSADYÝETIŇ MÖHÜM UGRY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi halk hojalygynyň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy elektron söwdanyň ösdürilmegi üçin birnäçe amatly şertleri döredýär. Şol sanda ykdysadyýetiň bu görnüşiniň giň gerimde ösdürilmegi bitewi hasaplaşyk maglumat giňişliginiň kämilleşdirilmegini, elektron söwda çygrynda milli we halkara kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek meseleleriniň hem ähmiýetini artdyrýar.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda elektron söwdany ösdürmeklige uly üns berilýär. Bu, ilkinji nobatda, onuň sarp edijileriň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda birnäçe artykmaçlyklary döredýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şunda elektron söwdanyň mazmuny, işleýiş düzümi, guralyşy baradaky bilimlerimizi artdyrmak döwrüň talabydyr. Elektron söwda ykdysady işiň bir görnüşi bolup, onda sanly aragatnaşyk serişdelerini ulanmak arkaly harytlar we hyzmatlar söwdasy edilýär we ol ozal ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadynda amala aşyrylýar. Sanly maglumat dürli kompaniýalaryň kompýuter programmalarynyň arasyndaky standart görnüşli iş resminamalarynyň alyş-çalşygyny aňladýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenen söwdanyň bu görnüşi ýurdumyzda işjeň häsiýetde ýaýbaňlandyrylyp, ol durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Elektron söwda, bu harytlary, hyzmatlary öndürijileriň we sarp edijileriň çykdajylaryny azaltmak, önümiň hilini ýokarlandyrmak we hyzmatlary çaltlaşdyrmak isleglerini kanagatlandyrýan häzirki zaman iş usuly hökmünde kesgitlenilýär. Elektron söwda “elektron işewürlik” hökmünde hem garalýar. Elektron söwda, öz gezeginde, sanly habarlaşma, sanly maglumat alyş-çalşygy, elektron poçta, faks, sanly kataloglar, sanly bildiriş tagtalary, umumy maglumat binýady ýaly ugurlary öz içine alýar. Netijede, elektron söwda işiň islendik düzüm bölegini amala aşyrmak üçin sanly serişdeleri ulanmagy aňladýar.

Başgaça aýdanymyzda, elektron söwda telekommunikasiýa torlaryny ulanyp haryt öndürmek, mahabatlandyrmak, satmak we paýlamak diýmekdir. Bu ýerde, elektron söwda aragatnaşyk we sanly aragatnaşyk serişdeleri arkaly amala aşyrylýan amallaryň aýratyn görnüşi hasaplanýar.

Elektron söwda telekeçilik işi bolup, ol adaty şertnamalara häsiýetli bolşy ýaly, elektron amallara hem şol bir düzgünler we kadalar degişlidir. Elektron söwdany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi, ýagny enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň elýeterliligini, telekommunikasiýa ulgamyna girmegi, goşmaça salgy beriş serişdelerini üpjün edýän käbir goşmaça guramaçylyk çäreleri bilen baglanyşyklydyr.

Elektron söwdanyň ösüşi köp derejede ony durmuşa geçirmegiň düzümlerine, ýagny, maglumat binýadyna, elektron amallaryň kanunçylyk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, harytlary eltmek üçin töleg ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine pugta baglydyr.

Goý, berkarar Diýarymyzda sanly ulgamy batly depginlerde ösdürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!



Serdar GURBANOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
«Aşgabat» gazeti, № 154 (9963). 22.12.2020ý.



Yza

Şeýle hem okaň