YKDYSADY STRATEGIÝA: DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEGIŇ ÝOLUNDA

Geçilen menzillere ser salmak, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitlemek oňat däpleriň biri bolup, ol döwletlilikden nyşandyr. 2020-nji ýylyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimiziň dürli düzümleriniň, ýagny ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, ulag-kommunikasiýa, obasenagat we söwda toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlarynda geçen döwürde gazanylan netijelere baha bermegi we ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemegi dünýäde we ýurdumyzda dowam edýän durmuş-ykdysady ýagdaýlary nazara alyp, döwrüň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmäge mümkinçilik berýän netijeli usullaryň biridir.

Tejribeden görnüşi ýaly, ykdysadyýet çylşyrymly ulgamlaryň biri bolup, onuň dürli düzümleriniň arasynda sazlaşygyň üpjün edilen ýagdaýynda ýokary netijeleri gazanyp bolýar. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, 2020-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ortaça 5 göterimden ýokary derejede üpjün edilmegi we adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, bu ösüş meýliniň häzirki günlerde hem saklanmagy milli ykdysadyýetiň sagdyn hereket edýändigini, has takygy, onuň ösüşe ukyplydygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän pudaklary we toplumlary ösdürmek meseleleri boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlaryny geçirmegi we döwrüň talaplaryndan ugur alyp, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça beren anyk tabşyryklary döwlet berkararlygyny berkitmek meseleleriniň ähmiýeti boýunça öňdäki orunda durýandygyndan, olaryň hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde saklanýandygyndan nyşandyr. Munuň özi ýurt abadançylygyny üpjün etmekde bu düzümleriň tutýan ornuny has-da aýdyňlaşdyrmak, ýagny olara ykdysady teswirleme bermek meselesini orta çykarýar. Bu, öz gezeginde, häzirki döwürde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleriň düýp mazmunyna düşünmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde nebitgaz pudagy aýratyn orun eýeleýär. Adamzat ösüşi üçin möhüm bolan energiýa çeşmesiniň gorlarynyň dünýäniň ähli sebitinde endigan paýlanylmazlygy käbir döwletlerde olaryň uly möçberlerde öndürilmegini, käbir ýurtlarda bolsa şeýle serişdeleriň köp möçberlerde sarp edilmegini şertlendirdi. Bu ýagdaý nebite we gaza baý bolan döwletleriň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny has-da ýokarlandyrýar. Türkmenistan hem uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan döwletdir. Bu strategik ähmiýetli serişdeleri rejeli ulanmak häzirki günüň derwaýys meseleleriniň biri bolmak bilen, onuň önümçiliginde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletimizi tebigy çig mal serişdelerini eksport edýän ýurtdan taýýar önümleri öndürýän ýurda öwürmekde bu pudagyň mümkinçilikleri örän uludyr. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek meselesiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenmegi hem häzirki döwrüň kynçylykly ählumumy meselelerine garşy durmagyň, ýurdumyzyň ykdysady we energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň netijeli ýollarynyň biri bolup durýar. Taýýar önümleriň daşary bazarlara çykarylmagy eksport kuwwatymyzyň ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, innowasion önümleriniň paýynyň artmagyna hem getirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmagyň ygtybarly guraly bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan öz energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen, geljegi has uly bolan täze bazarlara çykmagyň hasabyna iberilýän ugurlarynyň giňeldilmegini we möçberleriniň artdyrylmagyny ileri tutýar. Hususan-da, türkmen «mawy ýangyjyny» sarp ediji ýurtlara ibermekde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň ähmiýeti örän uludyr. Milli Liderimiziň bu toplumyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda onuň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin şertleriň döredilmegine möhüm goşant goşjakdygyny aýratyn nygtamagyny häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan energetika diplomatiýasynyň üstünligi hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Sanly ykdysadyýetiň döredýän amatlyklaryny bu pudaga ornaşdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary hem bu toplumyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam eder.

Gurluşyk-senagat toplumy halk hojalygynyň maddy pudaklarynyň biri bolup, bu toplum goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň öndürilýändigi we dürli hyzmatlaryň ýerine ýetirilýändigi bilen ähmiýetlidir. Häzirki döwürde degişli toplumda alnyp barylýan işlere umumy häsiýetnama berlende, onda onuň importyň ornuny tutýan önümleri öndürmekde tutýan ornunyň uludygyna göz ýetirmek bolýar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlayň ornuny tutýan önümleri we eksport ugurly harytlary öndürýän täze iri önümçilikleriň gurulmagy we işe girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak üçin ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi hem möhüm şertleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlaryny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenip, onuň çäklerinde Diýarymyzda Gündogardan Günbatara, Demirgazykdan Günorta uzaýan ulagyň köpugurly bazaryny kemala getirmek wezipesi uly ähmiýete eýe bolýar. Häzirki döwürde milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ulag toplumynyň ösüşiniň esasy aýratynlygy ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan halkara taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu günki gün öz amatly geografiki ýerleşişini ýokary derejede ulanmak bilen, Türkmenistan daşalýan ýükleriň möçberini yzygiderli artdyrýar. Çünki ýurtda halkara ulag taslamalarynyň amala aşyrylmagy diňe ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, onuň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokary derejesi şeýle taslamalary özüne çekiji edýär.

Bilermenleriň berýän bahalaryna görä, çäkleriň demir ýollary we awtomobil ýollary bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyndan alynýan jemgyýetçilik-ykdysady peýda onuň ulag pudagyna getirýän peýdasyna garanyňda 8-10 esse ýokary bolýar. Ýagny ulaglaryň dürli görnüşleri arkaly amala aşyrylýan köpugurly gatnawlar diňe bir ýük ýa-da ýolagçy dolanyşygynyň artmagyna getirmän, eýsem, ol tutuş jemgyýetçilik ösüşine ýardam berýän zerur şertleriň döredilmegine, hususan-da, täze ýerleriň özleşdirilmegine, oba bilen şäherleriň arasyndaky tapawudyň azalmagyna, merkezden daşda ýerleşýän ilatly nokatlaryň döwrebap derejede ösdürilmegine mümkinçilik berýär. Başgaça aýdylanda, bu taslamalar sebitleriň ykdysady howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna, tutuş ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine öz oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki döwürde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän täze ulag taslamalary ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik ukybynyň artmagyna hem zerur şertleri döredýär. Täze ulag ugurlarynyň gurulmagy ykdysady we durmuş taýdan örän bähbitlidir. Täze iş orunlarynyň döredilmegi, ulag infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi onuň ykdysady netijeliliginiň mazmunyny düzýär. Halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna täsirini ýetirmek bilen, ol täze ilat nokatlarynyň döremeginde, ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagynda öz beýanyny tapýar.

Islendik ýurduň ykdysady özygtyýarlylygy azyk babatynda öz-özüni üpjün etmek boýunça garaşsyzlygyny göz öňünde tutýar. Milli Liderimiziň obasenagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda oba hojalyk pudagyny durnukly ösdürmegiň meselerine garalmagy onuň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň binýatlaýyn düzümi bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça işleri has-da ýaýbaňlandyrmak häzirki döwrüň bildirýän talaplarynyň biri bolup, nobatdaky iş maslahatynda hormatly Prezidentimiziň görkezmesi boýunça ilaty iýmit önümleri bilen üznüksiz üpjün etmek meselesiniň hemişe üns merkezinde saklanylmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň daşary söwda kuwwatyny artdyrmak we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna amatly goşulyşmagyny üpjün etmek Türkmenistanyň möhüm maksatlarynyň biri bolup, bu meseleler, hususan-da, dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän, şeýle-de bazar ykdysady gatnaşyklaryň giňden ýaýbaňlanýan şertlerinde öz wajyplygy bilen tapawutlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň söwda toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler häzirki döwürde amala aşyrylýan eksport-import syýasatynda gazanylýan üstünlikleriň köp babatda Hökümetiň alyp baran oýlanyşykly we işjeň hereketlerine bagly bolup durýandygyna, milli ykdysadyýetiň ýagdaýyny hemişe seljerip durmagyň esasynda ileri tutulýan pudaklary, milli öndürijileri höweslendirmegiň we goramagyň usullaryny kesgitlemek ýaly meseleleri öz içine alýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga çalyşmagyny birnäçe sebäpler bilen delillendirilip bolar. Birinjiden, bu syýasat, ilkinji nobatda, ýurtlaryň özara baglanyşygynyň güýçlenmegi netijesinde dünýäde ýüze çykýan amatsyz ýagdaýlaryň köp ýurtlara öz täsirini ýetirmek häsiýetine garşy durmak ukybynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ikinjiden, eksporta niýetlenen harytlaryň milli bahalaryndan halkara bahalaryň ýokary bolmagy şeýle önümleri öndürmegiň höweslendiriji serişdesi bolup çykyş edýär we eksportdan gelýän altyn pul akymlarynyň artmagyna mümkinçilik berýär. Bu iş maslahatlarynda döwlet Baştutanymyzyň eksporty gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beren anyk tabşyryklary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak wezipesinden ugur alýar. Umuman, 2020-nji ýylyň soňky aýynda hormatly Prezidentimiziň dürli toplumlaryň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatlary olarda hakyky ykdysady ýagdaýa baha bermäge mümkinçilik bermek bilen, geljek ýylda bu toplumlaryň işiniň görkezijileriniň ulanylmadyk mümkinçiliklerini ýüze çykarmakda, öňde duran wezipeleri kesgitlemekde ähmiýeti uly boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzda durnukly ösüşiň üpjün edilýän döwrüdir. Bu gazanylan netijeleriň Diýarymyzyň ykdysady pudaklarynyň arasyndaky sazlaşykly ösüşiň esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi Türkmenistany senagat taýdan kuwwatly ýurda öwürmek, milli ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hem ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitjekdigini aýdyň görkezýär.



Maýagözel BABAÝEWA, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, zähmet gory bölüminiň başlygy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 4 (29930). 05.01.2021ý.



Yza

Şeýle hem okaň