2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmündäki abraýyny has-da artdyrmaga, halkara giňişlikde Türkmenistany mundan beýläk-de abadançylygyň höküm sürýän ýurdy hökmünde tanatmaga şert döredýär. Halkyň bähbidine gönükdirilen islendik syýasat ýurduň ösüşinde beýik sepgitleri nazarlamaga mümkinçilik berýär.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Islendik şygaryň çagyryş mazmunly wagyz bolup durýandygyny, şol bir wagtda onuň döwrüň wajyp meseleleriniň gysgaça aňlatmasy bolup çykyş edýändigini nazara alsak, 2021-nji ýylyň şygarynyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň özboluşly aýratynlygyna göz ýetirmek bolýar: ýurt berkararlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň bri bolan parahatçylykly ösüş ýolunyň oňyn netijeleri türkmen ýolunyň nusga alarlyk ýoldugy, ählumumy derejede parahatçylygyň gazanylmagy üçin dünýä ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmelidigi, munuň üçin olaryň arasynda özara ynanyşmagyň zerurdygy aýan bolýar. Dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün etmek meselesi ählumumy gün tertibinde hemişe wajyp meseleleriň biri bolupdy we häzirki döwürde hem ol şeýle bolmagynda galýar. Ýöne ozalky döwürlerden tapawutlylykda, häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara baglanyşygyň has-da güýçlenmegi ony üpjün etmek meselesinde belli bir kynçylyklaryň ýüze çykmagyna getirmek bilen, ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi olary aradan aýyrmagyň netijeli guraly bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ösüşi üpjün edýän zerur şertleriň biri bolan parahatçylyk ýörelgelerine esaslanmagyň we ýakyn geljekde döwletara hyzmatdaşlygy ynanyşmak esasynda mundan beýläk-de ösdürmek meselesiniň wajypdygyna dünýä döwletleriniň ünsüni çekmegiň ýene-de bir ugurlarynyň biri boldy. Ýokarda bellenilip geçilen aýratynlyklar biri-birini şertlendirýän bu şygarlaryň milli we halkara derejelerde ideologik ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň tejribesinden görnüşi ýaly, parahatçylykly ösüş ýoly kesekini dosta, dosty dogana öwürmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Dostlugyň, doganlygyň, düşünişmegiň we goldaşmagyň bar ýerinde ynanyşmak hem bar, hyzmatdaşlyk hem, oňyn ösüş-özgerişlerem bar. Içeri syýasatynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, daşary syýasatynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek wezipeleri ileri tutulýan ýurtda abadançylygyň rowaçlanmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. 2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiziň: «Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligi pese düşmedi» diýip bellemegi, döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň döwrüň bildirýän talaplaryna görä dogry kesgitlenendigini tassyklaýar.
Dünýä tejribesine laýyklykda, ýurduň durmuş abadançylygyny birnäçe makro görkezijiler arkaly häsiýetlendirip bolýar. Döwlet býujeti ýurdumyzyň maliýe ýagdaýyny görkezmek bilen, onuň girdejileriniň we çykdajylarynyň düzümi häzirki döwürde alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň hiline baha bermäge mümkinçilik berýär. Soňky ýyllaryň dowamynda bu maliýe resminamasynyň çykdajylar böleginiň ep-esli möçberiniň durmuş ulgamynyň ösüşine gönükdirilmegi döwletimiziň şeýle özgertmeleri amala aşyrmak üçin berk maddy binýadynyň bardygyny tassyklaýar. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl üçin tassyklanan Döwlet býujetinde, geçen ýyllarda bolşy ýaly, çykdajylaryň umumy möçberiniň 75,5 göterimi durmuş maksatlaryna gönükdirilip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak wezipesi ileri tutulandyr. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň durmuş goraglylygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeler Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan. Mundan başga-da, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy strategik maksatlaryndan ugur alnyp, ilatyň bähbitlerini goramaga gönükdirilen durmuş ulgamynda we beýleki pudaklarda düýpli özgertmeleri üpjün etmek, raýatlaryň durmuş kepilliklerini has-da pugtalandyrmak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri çözmek babatda çäreleriň maliýeleşdirilmegine aýratyn üns berilmegi Döwlet býujetiniň durmuş ugurlylygyny saklaýandygyny görkezýär.
Ilatyň girdejilerini artdyrmak ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge esasynda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokary derejesini üpjün etmek wezipesinden ugur alyp, her ýylda Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim möçberde ýokarlandyrmak üçin berk ykdysady binýadyň bolmagy zerur şertleriň biridir. Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda hem ykdysadyýetiň ösüş depginleriniň ortaça 5-6 göterim möçberde saklanmagy ýurdumyzda durmuş meseleleriniň has içgin çözülmegine ýardam berýär. Özara baglanyşykly bolan we biri-birini şertlendirýän iki sany ulgamyň, ýagny ykdysady we durmuş ulgamlarynyň arasynda sazlaşykly ösüşiň gazanylmagy jemi içerki önümiň derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär we munuň netijesinde ýylyň-ýylyna ilatyň girdejileriniň artdyrylmagy üçin oňyn şertleri döredýär. Bu ýagdaý, öz gezeginde, ilki bilen milli ykdysadyýetimiziň ösüşe ukyplylygyny üpjün edýän ugurlara umumy häsiýetnama bermek zerurlygyny ýüze çykarýar.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzda senagatlaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy goşulan gymmaty ýokary bolan senagat pudagynyň çalt depginlerde ösdürilmegine itergi berýär. Hususan-da, bu pudakda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň giň möçberde amala aşyrylmagy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlarynyň kesgitlenilmegi jemi içerki önümde onuň paýynyň artmagyna getirýän sebäplerdir. Himiýa, gurluşyk materiallary senagatyny, balykçylygy we beýleki senagat pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bu ugry tutuşlygyna hil taýdan kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň we beýleki ýurtlara eksport etmäge niýetlenen önümleriň möçberini artdyrmagyň maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde ýerli çig mallardan peýdalanýan, häzirki döwrüň tehnikalary hem-de tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan gurluşyk materiallary senagatynyň kärhanalarynyň gurulmagy hem-de gurluşyklarynyň dowam etdirilmegi Türkmenistanyň gurujylyk kuwwatynyň artdyrylmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar. 2020-nji ýylda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýokary hilli keramiki önümleri öndürýän, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda demirbeton önümlerini çykarýan iri zawodlaryň, Balkan welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda gury gurluşyk garyndylary we gips kartony kärhanasynyň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bezeg metal önümleri zawodynyň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ykdysady nukdaýnazardan teswirlenende, öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy önümçilige ornaşdyrmak arkaly senagat pudaklaryny ösdürmek boýunça şeýle çemeleşmeleriň ulanylmagy, birinjiden, ykdysadyýetiň kem-kemden diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, has takygy, geljekde milli ykdysadyýetiň nebitgaz pudagyna baglylygynyň derejesini peseltmäge ýardam berýär. Ikinjiden, jemi içerki önümde innowasion önümleriň paýynyň artmagyny, ýagny dünýä bazarynda ýurdumyzyň tutýan ornunyň has-da pugtalanmagyny şertlendirýär.
Häzirki döwürde dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilmegine, şeýle-de gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmek ugrunda agrosenagat önümçiligini gurluş taýdan üýtgedip gurmaga uly üns berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň strategik ähmiýetli pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynda gazanylýan üstünlikler döwlet tarapyndan berilýän goldawyň oňyn netijeleridir. 2020-nji ýylda 1 million 476 müň tonna möçberinde ýygnalan galla azyk howpsuzlygy üpjün edilen ýurt hökmündäki ornumyzy has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik beren bolsa, onda şu döwürde 1 million 280 müň tonna möçberde ýygnalan pagta hasyly bu strategik önümi ösdürip ýetişdirmekde bäsdeşlik artykmaçlyklary ýokary bolan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etdi. Ene topragyň eçilen, daýhanyň irginsiz zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasyly dokma senagaty üçin zerur çig mal bolup durýan bolsa, onuň çigidinden alynýan pagta ýagy ýerli önümçiligimiziň hasabyna ilaty iýmit önümleri bilen yzygiderli üpjün etmekde tutýan möhüm orny bilen tapawutlanýar.
2020-nji ýylda ýurdumyzda umumy bahasy 7 milliard manada golaý bolan 45 sany iri desganyň işe girizilmegi, şeýle-de häzirki döwürde umumy şertnama bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygynyň alnyp barylmagy milli ykdysadyýetiň maddy binýadynyň gün-günden berkeýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Täze kärhanalaryň, goý, ol önümçilik ýa-da durmuş maksatly bolsun, tapawudy ýok, işe girizilmegi diňe bir sarp edijiler üçin zerur bolan önümleriň öndüriljekdigini ýa-da dürli hyzmatlaryň ýerine ýetiriljekdigini aňlatman, eýsem, olaryň täze iş orunlarynyň döredilmeginiň ygtybarly çeşmesi bolup durýandygy bilen hem ähmiýetlidir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady syýasatynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri hem onuň durmuş ulgamyny nazarlaýandygy, adamyň bähbitlerinden ugur alyp, durmuş özgertmeleriniň amala aşyrylýandygy bilen baglanyşyklydyr. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ady bilen taryha giren 2020-nji ýylda ýurdumyzda umumy meýdany 2 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlaryň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň ulanylmaga berilmegi döwlet syýasatynda adam baradaky aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.
Milli Liderimiziň täze, 2021-nji ýylyň bosagasynda geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet dolandyryşy, içerki hem-de daşarky maliýe, söwda ulgamlary, şeýle hem zähmet we haryt bazarlary ýaly ugurlarda özgertmeleri geçirmegiň depginlerini güýçlendirmek barada beren anyk görkezmeleri bolsa ýurdumyzda önümçiligiň möçberiniň ep-esli artdyryljakdygyny, netijede, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aňladýar.
«Türkmenistan» gazeti, № 25 (29951). 29.01.2021ý.