Adam hukuklaryny goramak, şol sanda gender deňligi meselesi jemgyýetçilik durmuşynyň demokratiýalaşdyrylmagynyň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Hut şol sebäplide, adamyň ýaşamaga, zähmet çekmäge, bilim almaga, hünär öwrenmäge, maşgala gurmaga bolan hukugy we beýleki binýatlaýyn hukuklary barada gürrüň edilende gender deňliginiň üpjün edilmegi aýratyn nygtalýan meseleleriň hataryna girýär.
Aksona ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan
goramak ministrliginiň baş hünärmeni.
Gender deňligi aýalgyzlaryň, erkek kişileriň konstitusion hukuklarynyň, azatlyklarynyň, şeýlede olaryň jemgyýetdäki borçlarynyň deň goýulmagyny, birmeňzeş teswirlenilmegini, deň garalmagyny we deň derejede berjaý edilmegini mizemez kada hökmünde öňe çykarýar. Gender deňligi zenanlaryň kanunyň, jemgyýetiň, milli adatyň, ruhyahlak ýörelgeleriň öňünde deň kadalara tabyn bolýanlygyny, hukuklara, borçlara deň derejede eýedigini aňladýar.
Türkmenistan gender deňligi meselesine, edil adam hukuklary bilen baglanyşykly beýleki meselelerde bolşy ýaly, toplumlaýyn, hemme taraplaýyn çemeleşýär. Döwlet özüniň bu ugurda ýöredýän syýasatyny iri halkara guramalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak arkaly alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatynda Türkmenistanda ýöredilýän syýasat hem bu mesele bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler türkmen halkynyň kämil ruhy-ahlak ýolunyň mazmunyny, türkmenlerde zenan mertebesiniň elmydama belent tutulýandygyny aýdyň görkezýär.Türkmen halkynyň gadymdan miras galan däpdessurlarynyň esasylarynyň biri zenan maşgala tebigy gözelligiň, näzikligiň, ahlak päkliginiň iň ýokary nusgasy hökmünde garalmagydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem zenan sarpasy jemgyýetimizi pugtalandyrýan egsilmez güýje öwrüldi. Zenanlara hormat goýmak, enelik hukugyna mukaddeslik derejesinde garamak döwlet syýasatynyň baş ýörelgeleri niň hataryna girýär. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda, döwletimiz tarapyndan perzendi dünýä inen zenanlarymyza çaganyň üç ýaşyna çenli döwlet kömek pullary, pensiýa ýaşyna ýeten raýatlarymyza pensiýalar ýada durmuş kömek pullary berilýär. Ýaş bäbekli gelinlerimize kömek pullary işleýändigine ýada işlemeýändigine garamazdan bellenilýär hemde tölenilýär. Eger zähmet çekýän bolsa, tölegsiz rugsatlar berlip, onuň iş orny saklanyp galýar.
Reproduktiw saglygy goramak meselesindede zenanlar barada uly alada edilýär. Nesil dowamatynyň sagdynlygyny üpjün etmek, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek meseleleri döwletimiziň üns merkezinde saklanýar. Okaýan ýada zähmet çekýän ýaş çagaly gelinlere çagany ene süýdi bilen üpjün etmek maksady bilen, iş wagtynyň dowamynda her iki sagatdan rugsat berilýär. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, çaganyň irki ösüşi bilen baglylykda bimöçber aladalar edilýär. Iň esasysy bolsa, aýal maşgala çaga terbiýesi meselesinde dünýäniň başga hiç ýerinde duş gelmeýän ýeňillikler berilýär. Türkmen gelingyzlary indi ýurduň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli gurşawlarynda öz hukuklaryndan doly peýdalanyp zähmet çekýärler.
Bu mysallardan aýdyň görnüşi ýaly, Türkmenistanda gender syýasatynyň diňe bir halkara hukugynyň mizemez kadalaryna eýerilýän görnüşde dälde, eýsem, taryhy müňýyllyklara uzap gidýän türkmen halkynyň gadymdan miras galan milli gymmatlyklaryna hem doly esaslanan görnüşde ýöredilýänligini görmek bolýar.
«Diýar» žurnaly, № 2 (346). 2021ý.