Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň aýdyň alamatyna öwrülen durmuş syýasaty adamyň bähbitlerine, hak-hukuklaryna sarpa goýýar, onuň döwrebap we mynasyp ýaşaýşyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda edýän tagallalary ähli ugurlarda özüniň oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pensiýa we döwlet kömek pullary ulgamyndaky özgertmeler ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň biridir.
Serdar GURBANOW,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni.
Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti bolmak bilen, özüniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda adam deňhukuklygynyň we wyždan azatlygynyň berjaý edilmegi ýaly ýörelgelere eýerýär. Döwletimiz jemgyýetiň gazanan maddy gymmatlyklaryny, baý tebigy mümkinçiliklerini adamlaryň bähbidine ulanmaga, ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirýär. Şol sanda durmuş üpjünçiliginiň subýektleri hökmünde ýetim çagalar we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, şeýle-de olar babatynda kanunçylygy berjaý etmek we kämilleşdirmek wezipesi hem döwletiň paýyna düşýär.
Ilatyň girdejileri yzygiderli artdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyryldy.
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, döwletimiz tarapyndan zähmete ukypsyz adamlara, maýyplygy bolan adamlara, çagaly maşgalalarа we beýlekilere pensiýalar hem-de döwlet kömek pullary tölenilýär. Bu kodekse laýyklykda, üstümizdäki ýyl üçin ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň möçberi çagalaryň birine 539 manat 40 teňňe, çagalaryň ikisine 855 manat 60 teňňe, çagalaryň 3 we ondan köpüsine 1060 manat 20 teňňe möçberinde kesgitlenildi.
Ýurdumyzda ýetim we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara aýratyn üns berilýär. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekilip, oňa laýyklykda, girizilen goşmaçalaryň esasy mazmuny ýetim çagalary durmuş taýdan goramagyň çärelerine bagyşlandy. Ýurdumyzda ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara ýazuw we okuw esbaplaryny almak üçin Döwlet býujetiniň hasabyna birwagtlaýyn pul kömegi berilýär, muňa döwletiň doly üpjünçiliginde bolýan ýetim we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar degişli däldir.
Birwagtlaýyn pul kömegi her ýylda okuw ýylynyň başlanmagyna bir aý galanda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan bellenilen tertipde tölenilýär. Häzirki wagtda onuň möçberleri şu aşakdakylara deňdir:
- umumybilim berýän orta mekdeplerde okaýan ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara – 957 manat;
- başlangyç, orta we ýokary hünär okuw edaralarynda okaýan ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara – 1914 manat.
Türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. “Ýetime, ýesire garaşyk etmek sogapdyr” diýýän halkymyz her bir hereketini, edýän işini ýagşy niýetlilik, ynsanperwerlik bilen baglanyşdyrypdyr. Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Halkymyzyň häsiýetine mahsus bolan ýetimlere howandarlyk etmek, ejizleri goldamak biziň pederlerimizden gelýän ýörelgelerdir. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş neslimiziň, hususanda, howandarsyz galan çagalaryň akyl, ruhy, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin beýik işler amala aşyrylýar.
Bu işler döwlet Baştutanymyzyň: “Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar” diýen sözleriniň durmuşda öz beýanyny tapýandygyndan nyşandyr.
«Türkmenistan» gazeti, № 92 (30018). 12.04.2021ý.