GENDER SYÝASATY: ZENAN MERTEBESI BELENTDIR

Ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenen «Gender deňligini üpjün etmek we aýallaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek» atly 5-nji maksat ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşmakda aýallaryňdyr erkekleriň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Jemgyýetçilik ösüşiniň esasy özgerdiji güýji hökmünde aýallaryň işjeňligini mundan beýläk-de artdyrmak bilen bagly döwrüň möhüm meseleleri 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň Gün tertibinde merkezi orunlaryň birini eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, islendik dünýewi, hukuk we demokratik döwletde jemgyýetiň ösen derejesi birnäçe ölçegler arkaly kesgitlenilýär. Jemgyýetde zenanlaryň tutýan orny, olaryň ýaşaýyş derejesi şeýle häsiýetli ölçegleriň biridir. Jemgyýetimiziň deň hukukly agzasy bolmak bilen, türkmen zenanlary ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ykdysady taýdan rowaçlanmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmen jemgyýetiniň döwrebap derejede ösmeginde, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we olary nesilden-nesle geçirmekde zenanlarymyza aýratyn orun degişlidir.

Aslynda gender deňliginiň üpjün edilmegi hukuk jemgyýetiniň ösen derejesini alamatlandyrýan esasy görkezijileriň biri bolup, ol deňhukuklylyk ýörelgesine daýanýan raýat jemgyýetini gurmaga çalyşýan ýurtlara häsiýetlidir. Baş maksady jyns alamaty boýunça kemsitmeleri aradan aýyrmakdan, deň hukukly jemgyýeti kemala getirmekden ybarat bolan bu syýasaty durmuşa geçirmek, bir tarapdan, diňe ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlara başardýan bolsa, beýleki tarapdan, ol durmuş ulgamyny nazarlaýan ösüşi ileri tutýan döwletlere mahsusdyr. Bu iki aýratynlygyň biziň ýurdumyza-da häsiýetli bolmagy has-da guwandyryjydyr.

Halkara bilermenleriň berýän bahalaryna görä, gender jemgyýetçilik ösüşinde bolup geçýän durmuş hadysalarynyň sebäplerine düşünmegiň netijeli guraly hökmünde häsiýetlendirilýär. Aýallaryň hukuklarynyň we bilim almak mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, netijede, olaryň işçi güýjüniň, zehininiň ählumumy derejede ulanylmagy ykdysady we durmuş häsiýetli üstünlikleriň möhüm bölegi hasaplanýar. Syýasatyň bu görnüşi maşgala, bilim almak, durmuş taýdan goraglylyk, zähmet şertleri, iş bilen üpjünçilik ýaly çygyrlary öz içine alýar.

Işjeň gender syýasaty Durnukly ösüşiň garyplygy aradan aýyrmak (1-nji maksat), sagdyn durmuş ýörelgesini we ýokary hilli bilimi üpjün etmek (3-nji we 4-nji maksatlar), ykdysady ösüş we ilaty iş bilen üpjün etmek (8-nji maksat), deňsizligi azaltmak (10-njy maksat) ýaly maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna hem täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzda gender deňligini gazanmak boýunça çäreleriň meýilnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu ugurda halkara kadalara laýyklykda, milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, aýallary döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynyň işine işjeň çekmäge, olaryň bilim derejesini we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagy hem-de durmuşa geçirilmegi gender deňligini gazanmak meselesiniň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny görkezýär.

2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tassyklanmagy zenan mertebesini dabaralandyrmak babatda düýpli işleriň bitirilýändigini doly subut edýär. Bu Meýilnamanyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda durmuşa geçirilip başlanmagynda hem uly many bar. Çünki, ýurtda parahatçylygyň höküm sürmegi köp sanly bähbitli işleri amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredýän bolsa, özara ynanyşmak dünýä döwletleriniň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär. Ene we işgär hökmünde zenanlarymyz barada döwlet derejesindäki aladany şeýle işleriň hatarynda bellemek bolar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlar geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlananlaryň 27 göteriminiň zenanlar bolmagy aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer durmuşyna işjeň gatnaşýandygynyň, döwletiň zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek boýunça uly işleri geçirýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Zenan mertebesini beýgeltmegiň taryhy kökleri biziň milli medeniýetimizde, jemgyýet tarapyndan ykrar edilýän gymmatlyklarymyzda aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki döwürde amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň mazmuny zenan sarpasyny dabaralandyrmakda nusga alarlykdyr. Eneligi we çagalygy goramak boýunça döwlet kömek pullarynyň birnäçe görnüşleriniň girizilmegi, işleýän we bilim alýan gelin-gyzlarymyza birnäçe ýeňillikleriň berilmegi jemgyýetiň deň hukukly agzalary bolan zenanlarymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň esasy ugurlarydyr. Bu esaslar milli kanunçylygymyzda berkidilendir. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde ýurdumyzda gazanylýan ykdysady netijeler zenanlaryň durmuş goraglylygyny güýçlendirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Aýallaryň iş bilen üpjünçiligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýaly meseleler döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.

Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 84-nji maddasynda göwrelilik we çaga dogluşy bilen baglanyşykly goşmaça rugsadyň, 35-nji maddasynda göwreli aýallaryň has ýeňil we saglyk ýagdaýy boýunça wagtlaýyn başga işlere geçmekleriniň göz öňünde tutulmagy, şeýle-de 2012-nji ýylda kabul edilen Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiň 55-nji maddasynda 3 ýaşa çenli çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň täze görnüşiniň girizilmegi döwletimiziň zenanlar barada edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Zenan kalby» ordeniniň döredilmegi we köp çagaly enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy ýurdumyzda enelige goýulýan sarpanyň ýene-de bir ykrarnamasydyr. Şeýle hormata eýe bolýan enelerimiziň sanynyň barha artýandygy ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanýandygyna, maşgalanyň sarpasyny belentde tutmakda ata-babalarymyzdan galan ýörelgeleriň dowam etdirilýändigine güwä geçýär.

Zenanlaryň kanun çykaryjy hem-de döwlet dolandyryş edaralarynda ýolbaşçy wezipelerde işlemegi türkmen gelin-gyzlarynyň jemgyýetde tutýan ornunyň has-da pugtalanýandygyny, şeýle-de olara diňe bir ýaş nesli mynasyp derejede terbiýelemekde däl, eýsem, jemgyýetiň okgunly we döwrebap ösüşini üpjün etmekde hem aýratyn ornuň degişlidigini alamatlandyrýar. Bu gün zenan - alym, zenan - telekeçi, zenan - Watany goraýjy, zenan – döwlet işgäri, olar ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşýarlar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda erkekler bilen aýallar deň raýatlyk hukuklaryna eýedirler. Bu ýagdaý ýurdumyzda gender deňliginiň hukuk binýadynyň mäkäm tutulandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Aýal-gyzlarymyzyň deňhukuklylygy ýurdumyzyň Konstitusiýasy, Kanunlary, şeýle-de Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalary tarapyndan berilýän ähli hukuklaryň we mümkinçilikleriň amala aşyrylmagy bilen kepillendirilendir. Şu ýyl «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» amala aşyrmaga girişilmegi aýal-gyzlary döwlet işine çekmek, olary jemgyýetiň özgerdiji güýjüne öwürmek boýunça döwlet çäreleriniň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegini şertlendirýär.



Maýagözel BABAÝEWA, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 149 (30075). 15.06.2021ý.



Yza

Şeýle hem okaň