Täze iş orunlaryny döretmek häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, täze iş orunlaryny döretmek boýunça döwlet tarapyndan kabul edilýän çözgütler netijeli zähmeti gazanmakda edilýän tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda döwlet tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, ýurdumyzda iş üpjünçilik çygrynda hem özgertmeler maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» geljekki döwür üçin milli ykdysadyýetimiziň ösüş ugurlaryny kesgitleýän möhüm resminama bolup, şu döwürde täze iş orunlarynyň on müňlerçesini döretmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 1-nji maýynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, 2016-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriniň Meýilnamasy», «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», 2019-njy ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasy» ilatyň iş üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalardyr.
Täze iş orunlaryny döretmek, şeýle-de bu ugurda ykdysadyýetiň hususy bölegini döwlet tarapyndan höweslendirmek zähmet bazary we iş üpjünçilik çygryndaky düýpli meseledir. Şunda täze iş orunlaryny döretmek döwletde ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi. Mysal üçin, «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda meýilnamalaşdyrylan döwürde 111 müňe golaý täze iş orunlary döredildi. Olaryň aglaba böleginiň hususy pudaga degişlidigi bolsa guwanarlykly ýagdaýdyr.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde telekeçiligiň ähmiýetini ýokarlandyrmaga we ony döwlet tarapyndan goldamaga tarapyndan uly üns berýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi ýurdumyzyň ulanylmadyk içki mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagyna şert döretmek bilen bir hatarda, olary ösüşleriň iteriji güýjüne öwürmekde hem uly ähmiýete eýedir.
Ykdysadyýetde iş bilen meşgullanýanlaryň 75 göterime golaýynyň hususy pudakda zähmet çekmegi häzirki döwürde hem bu ösüş meýliniň durnukly häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldaw bolsa ýurdumyzda işiň bu görnüşiniň geriminiň mundan beýläk-de giňejekdigini delillendirýär. Jemi içerki önümde hususyýetçiligiň paýynyň 70 göterime golaýlamagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hususy bölegiň tutýan ornunyň uludygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylýan döwründe zähmet bazarynda döwlet syýasatyny oýlanyşykly alyp barmak we ony döwrüň talaplaryna görä guramak zerurlygy ýüze çykýar. Bu syýasatyň esasy maksady ozalky döwürlere mahsus bolan iş üpjünçiligine ýardam bermekden, iş üpjünçiligini döretmäge gönükdirilen ykdysady syýasaty alyp barmakdan ybaratdyr. Sebäbi ykdysadyýetde iş orunlarynyň sanynyň artdyrylmagy zähmet bazarynda we iş üpjünçilik ulgamynda geljegi uly bolan syýasat hasaplanylýar. Bu syýasat jemi içerki önümiň üznüksiz ösüşini üpjün etmäge, Döwlet býujetiniň girdejiler bölegini artdyrmaga, ilatyň hakyky girdejilerini ýokarlandyrmaga, döwlet, hususy bölek we öý hojalyklary tarapyndan ýerli haryt öndürijileriň önümlerine bolan islegi höweslendirmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga esaslanýar.
Dünýäde ykdysadyýeti durnukly ösýän ýurt hökmünde tanalýan Türkmenistan bu gün milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak arkaly, ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ösüşiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenen we durmuşa işjeň ornaşdyrylýan bu strategiýalaryň ýurdumyzyň agrar ýurtdan innowasion häsiýetli senagatlaşýan ýurda öwrülmegine uly itergi berendigini bellemelidiris.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllary bilen deňeşdirilende, häzirki döwürde jemi içerki önümde senagat pudagynyň, esasan-da, gaýtadan işleýän, şeýle-de täze dokma, gazhimiýa, gurluşyk senagatlarynyň paýynyň artmagy ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň oňyn netijeleridir. Häzirki döwürde gaýtadan işleýän senagaty, şeýle-de durmuş maksatly pudaklary ösdürmeklige niýetlenen düýpli maýa goýum maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagy täze iş orunlarynyň döredilmegine, netijede, iş üpjünçiligini giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji awgustynda Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma pudagynda täze desganyň – Kaka etrabynda ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işleýän dokma toplumynyň işe girizilmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Toplumyň ulanylmaga berilmegi diňe bir «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän dokma harytlarynyň köp mukdarda öndüriljekdigini aňlatmaýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän dokma önümlerini öndürmäge niýetlenen toplumda döredilen 1 300 sany täze iş orunlary raýatlarymyzyň iş üpjünçilik derejeleriniň ýokarlanmagyna, maddy hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna ýardam berjekdigini hem alamatlandyrýar.
«Türkmenistan» gazeti, № 229 (30155). 07.09.2021ý.