Belarus Respublikasynyň Zähmet we durmuş goragy ministrliginiň «Zähmet ylmy-barlag instituty» edarasynyň direktory Oleg Ýewdokimowiç Liseýçikow 26-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyň çäklerinde interwýu berdi. Ol maslahatyň Türkmenistanda geçirilmeginiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletler üçin nähili ähmiýetiniň bardygy barada gürrüň berdi.
«Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahat 26-27-nji noýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi gurady. Liseýçikowyň ýolbaşçylyk edýän instituty maslahata gatnaşan GDA gatnaşyjy döwletleriň binýatlaýyn guramalarynyň biridir.
«Iň möhüm ýagdaý hökmünde maslahatyň hut Türkmenistanyň açyk gapylar syýasatynyň ruhunda geçýändigini bellärdim» diýip, institutyň direktory aýtdy.
Liseýçikowyň aýtmagyna görä, gürrüň maslahatyň mowzugy bolan ulag ulgamy barada bardy. «Bu biz üçin zähmeti kadalaşdyrmagyň usulyýetlerini we tehnologiýalaryny ykdysadyýetiň GDA gatnaşyjy döwletler üçin örän möhüm bolan şu pudagyna ulanmaga mümkinçilikdir» diýip, ol belledi.