GDA gatnaşyjy döwletleriň zähmeti kadalaşdyrmak boýunça işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça binýatlyk guramasy hökmünde Belarus milli tehniki uniwersitetiniň işini guramaga jogapkär Ýuliýa Aleksandrowna Bakanowa Türkmenistanyň ulagyň ähli görnüşlerinde zähmeti guramak we kadalaşdyrmak tejribesini beýleki ýurtlar üçin gyzykly we peýdaly hasaplady. Bu barada ol 26-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyň çäklerinde beren interwýusynda aýtdy.
«Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahat 26-27-nji noýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi gurady.
«Türkmenistanyň multimodal daşamalary amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikleri bar. Sizde deňiz, awtomobil ýollary, demir ýol ulagy bar, howa gatnawy ösen» diýip, Bakanowa belledi.
Uniwersitetiň wekiliniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda daşamalaryň her bir görnüşinde zähmeti kadalaşdyrmak we işgärler düzümini kämilleşdirmek işleri alnyp barylýar.
«Şonuň üçin ulagyň ähli görnüşlerinde zähmeti guramak tejribesi beýleki respublikalar üçin örän gyzykly we peýdaly bolardy» diýip, Bakanowa aýtdy.