Gazagystanyň Guramaçylyk ösüşi we kadalaşdyrmak merkeziniň ýolbaşçysy Bolat Sagynowiç Turihanow 26-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyň çäklerinde interwýu berdi. Ol öz çykyşy barada gürrüň berdi we Türkmenistanda zähmeti kadalaşdyrmakda döwletiň uly ornuny belledi.
«Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahat 26-27-nji noýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi gurady. Turihanow «Ýörite tehnika we awtoulag bilen üpjünçilik kadalary hem-de zähmeti kadalaşdyrmakda emeli aňyň orny» atly çykyş etdi.
«Ilki bilen türkmen tarapyny bellemek isleýärin: guramaçylyk gowy, bizi gowy garşyladylar, gün tertibine gowy meseleler girizildi» diýip, Turihanow belledi. Onuň aýtmagyna görä, gatnaşyjylar zähmeti kadalaşdyrmagyň amaly taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar we tejribe alyşdylar: eýýäm nähili netijeler gazanyldy we ýene nämeleri gazanyp bolar.
«Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda käbir tapawutlar bar: türkmen tarapynda kadalaşdyrmakda döwletiň uly orny duýulýar. Bu örän gowy, sebäbi döwlet kadalaşdyrmak ulgamynda maksadalaýyk syýasat alyp baryp bilýär» diýip, bilermen düşündirdi.