Olga Kremskaýa: Aşgabat GDA maslahatynyň myhmanlaryny iň ýokary derejedäki myhmansöýerlik bilen kabul etdi

Aşgabat zähmeti kadalaşdyrmak boýunça halkara maslahata gatnaşyjylary iň ýokary derejedäki myhmansöýerlik bilen kabul etdi, türkmen kärdeşleri bolsa myhmanlary öz ýakynlary ýaly garşyladylar. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň geňeşçisi Olga Kremskaýa 26-njy noýabrda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň çäklerinde beren interwýusynda şeýle täsirleri bilen paýlaşdy.

Maslahat 26-27-nji noýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi, ony Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi gurady. Olga Witalýewna Kremskaýa — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Syýasy, ynsanperwer we durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk departamentiniň geňeşçisi, GDA-na agza döwletleriň Zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça Maslahat geňeşiniň sekretariatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary.

«Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär we ilkinji nobatda ulag baglanyşygy, logistika, demir ýol, howa we awtomobil daşamalary meselelerine uly üns berilýär» diýip, geňeşçi nygtady. Onuň takyklamagyna görä, maslahata taýýarlyk görlende ony ulag mowzugy boýunça Aşgabatda geçirmek türkmen tarapy bilen ylalaşyldy.

Kremskaýa türkmen kärdeşleri bilen duşuşyklardan alan täsirleri bilen paýlaşyp, mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. «Aşgabat myhmanlary iň ýokary derejedäki myhmansöýerlik bilen garşylaýar. Kärdeşlerimiz we dostlarymyz bizi ýakyn we garyndaş adamlary ýaly garşylaýarlar» diýip, ol aýtdy. «Ýagdaý hem, geçirilýän ýeri hem, guramaçylyk derejesi hem iň ýokary. Açyklyk, ýürekdeş gürrüňler, dogruçyl, açyk we hoşniýetli gepleşmäge isleg bar» diýip, Kremskaýa sözüni dowam etdi.

Geňeşçiniň habar bermegine görä, maslahata Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň ählisiniň hünär tejribesi bilen alyşmaga we geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny kesgitlemäge mümkinçiligi boldy. «GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti ähli ýurtlaryň dostlukly gatnaşykda bolmagy we ösmegi, ýurtlarymyzda ulag baglanyşygynyň we ulag pudaklarynyň gülläp ösmegi üçin elmydama kömek bermäge we hyzmatdaşlyk etmäge şatdyr» diýip, ol sözüni jemledi.


Yza

Şeýle hem okaň