DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYK — BAGTYÝAR ÝAŞAÝYŞ

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini her ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň hem-de döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy, her ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy düzülende, onuň çykdajylar böleginiň 70 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyna gönükdirilýändigi hem aýdyň subut edýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda alnyp barlan işler, ýetilen sepgitler, geljekde öňde durýan wezipeler barada giň mazmunly çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz özüniň şol çykyşynda milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlik ukybyny has-da pugtalandyrmak, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarymyza esaslanyp, mähriban raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, köp çagaly maşgalalara goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalary girizmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seretmek, bäş we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe anyk wezipeleri kesgitledi.

2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilen Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, döwletimiz tarapyndan aýallara çaga doglanda we oňa üç ýaşa çenli seretmek üçin döwlet kömek pullary, pensiýa ýaşyna ýetende, pensiýalar ýa-da iş döwri bolmadyk ýagdaýynda durmuş kömek puly berilýär. Şeýle-de çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn kömek puly hem-de çaganyň üç ýaşy dolýança oňa seretmek boýunça kömek puly çaga seredýäniň işleýändigine ýa-da işlemeýändigine garamazdan bellenilýär hem-de tölenilýär.

Bu kodekse laýyklykda, aýal maşgalalar 57 ýaşy dolanda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk, ýagny azyndan 5 ýyl ätiýaçlandyrma gatançlaryny geçiren ýagdaýynda, olaryň umumy esaslarda pensiýa çykmaga hukugy bardyr. Şeýle-de üç çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 20 ýyldan az bolmadyk aýal maşgalalar 56 ýaşy dolanda, dört çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 18 ýyldan az bolmadyk aýal maşgalalar 55 ýaşy dolanda, bäş we şondan köp çagany ýa-da çagalygyndan maýyp çagany dogran we sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk aýal maşgalalar 54 ýaşy dolanda pensiýa çykmaga hukuklydyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2008-nji ýylyň mart aýynda jemgyýetiň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligini mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerden ugur alyp, Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýup, «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu Kanuna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly at sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren enelere dakylýar.

«Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen beren anyk görkezmelerinden ugur alnyp, 2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda ýurdumyzda hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalary bilen bir hatarda, «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garaldy we olar biragyzdan kabul edildi.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda kabul edilen Kanunlara garaldy we mejlisiň garamagyna girizilen Kanunlar biragyzdan makullanyldy, olar boýunça degişli kararlar kabul edildi.

Girizilen üýtgetmelere laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek puly şu möçberlerde töleniler:

— birinji we ikinji çaga doglanda — binýatlyk ululygyň 130 göterimi (507 manat);
— üçünji çaga doglanda — binýatlyk ululygyň 250 göterimi (975 manat);
— dördünji çaga doglanda — binýatlyk ululygyň 500 göterimi (1 950 manat);
— bäşinji çaga doglanda — binýatlyk ululygyň 600 göterimi (2 340 manat);
— altynjy çaga doglanda — binýatlyk ululygyň 800 göterimi (3 120 manat);
— ýedinji çaga doglanda — binýatlyk ululygyň 1000 göterimi (3 900 manat);
— sekizinji we şondan soňky çagalar doglanda — binýatlyk ululygyň 1200 göterimi (4 680 manat).

Bulardan başga-da çaganyň dünýä inen gününden üç ýaşyna çenli her aýda tölenýän çaga seretmek üçin döwlet tarapyndan berilýän kömek pulunyň mukdary artdyrylar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabryndaky «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak bellendi.

Ýokarda görkezilen 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girjek üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 65 göterimi bolanlygyndan ýokarlandyrylyp, 75 göterimi möçberde kesgitlenildi. Binýatlyk ululyk 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 390 manat möçberde bellenilendi. Netijede, çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly 27 göterimden gowrak ýokarlanyp, her bir çaga üçin aýda 292 manat 50 teňňe möçberde töleniler. Häzirki wagtda ady agzalan döwlet kömek puly 230 manat 10 teňňe möçberde tölenilýär.

Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ýaşy boýunça pensiýa, gulluk ýyllary boýunça pensiýa, hünär pensiýasy, toplaýyş pensiýasy Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan raýatlaryň pensiýa bellenilmegi barada ýazmaça arza bilen ýüz tutan gününden, ýöne oňa hukugy ýüze çykandan soň bellenilýär.

2021-nji ýylyň 13-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, raýatlar öz erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň (tebigy betbagtçylyk, epidemiýa, pandemiýa we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar) ýüze çykmagy sebäpli, ýaşy boýunça pensiýanyň, gulluk ýyllary boýunça pensiýanyň, hünär pensiýasynyň, toplaýyş pensiýasynyň bellenilmegi barada ýazmaça arza bilen, oňa hukugy ýüze çykandan soň gijikdirilip ýüz tutan halatynda, olara degişli pensiýa ýüz tutulan wagtyna garamazdan, oňa hukugy ýüze çykan gününden belleniler. Bu kada 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan soň ýüze çykan gatnaşyklara degişlidir.

Täze girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagasy bar bolan (maýyplygy bolan çaga diýip ykrar edilen wagtyna garamazdan) we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk, 54 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň, sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy (iş döwri) 10 ýyldan az bolmadyk, 52 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň ýaşy boýunça pensiýa hukugy döreýär.

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, merhumyň maşgalasyna ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň bellenilmegi göz öňünde tutulandyr we pensiýanyň bu görnüşiniň möçberleriniň eklençdäkileriň sanyndan ugur alyp hasaplanylmagy bellenendir.

Häzirki wagtda hereket edýän kodekse laýyklykda, üç we şondan köp çaga üçin pensiýa ähli ýagdaýlarda pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygyň 285 göterimi tölenilýän bolsa, indiki ýyldan başlap, ýetim çagalara tölenilýän ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa şu möçberde töleniler:

— dört çaga — binýatlyk ululygyň 335 göterimi (1 373,50 manat);
— bäş we şondan köp çaga — binýatlyk ululygyň 380 göterimi (1 558,00 manat).

Pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululyk, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 410 manat möçberde bellenildi.

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere pensiýalarynyň (muňa ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa we toplaýyş pensiýasy degişli däldir) ýa-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberde her aýda goşmaça hak töleniler. Bu goşmaça haky almak üçin hormatly ada mynasyp bolan eneleriň öz ýaşaýan ýeri boýunça pensiýa gaznasynyň ýerli bölümine «Ene mähri» diýen hormatly adynyň şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmagy ýeterlikdir.

Biziň ýurdumyzda adam, onuň rahatlygy, bagtyýarlygy hakda örän uly alada edilýär. Çünki durmuşyň abadanlygy, adamlaryň bagtyýarlygy ýurdumyzyň gymmatly baýlygydyr.

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, bagtyýarlygy ugrunda uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.



Röwşen HOJAMOW, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmeni.
«Türkmenistan» gazeti, № 314 (30240). 02.12.2021ý.



Yza

Şeýle hem okaň