DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEK UGRUNDA

3-nji dekabrda sanly ulgam arkaly şu ýylyň 11 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnama» we bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi. Maksatnamanyň baş maksady eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň ykdysady işjeňliginiň durnukly ösüşini gazanmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmekden hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmakdan ybaratdyr. Dünýä ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, içerki mümkinçiliklerimizi durnukly ösüşiň çeşmesine öwürmage ýardam berjek bu Maksatnamanyň ilatyň bagtyýar durmuşyny mundan beýläk-de üpjün etmekde uly orun eýelejekdigi gümansyzdyr.

Aslynda, ykdysadyýet köp şertleriň täsir etmegi netijesinde hemişe üýtgäp durýan ulgam bolup, birsydyrgyn ösüş oňa häsiýetli däldir. Bu kanunalaýyklyk dünýä ösüşiniň häzirki döwrüne hem mahsusdyr.

Üýtgeşmeler ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ýerde esasy mesele milli ykdysadyýeti ýüze çykýan täze şertlere uýgunlaşdyrmakdan, onuň oňaýsyz ýagdaýlara garşy durnuklylygyny berkitmekden we dowamly ösüşini gazanmakdan ybaratdyr. Bolup geçýän özgertmeleri netijeli dolandyrmak üçin islendik döwletiň özüniň anyk şertlerine uýgunlaşdyrylan strategiýasynyň bolmagy we oňuň hemişe döwrüň çagyryşlaryna çalt seslenmegine mümkinçilik berýän «düzedişleriň» girizilmegi zerur şertleriň biridir. Ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň dogry kesgitlenmegi bolsa özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe durnuklylygy üpjün edýär.

Häzirki döwür - dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň, şeýle-de global pandemiýanyň dowam edýän döwri. Obýektiw sebäpler bilen şertlendirilen bu ýagdaý eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurtlaryň ykdysady ösüşine özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär. Olaryň netijesinde ykdysady ösüşiň pese düşmeginiň öňüni almaga gönükdirilen syýasaty yzygiderli amala aşyrmak döwrüň bildirýän talaby bolup, bu syýasatyň ösüş üçin täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam bermegi, oňyn ösüşi kepillendirmegi möhüm şertleriň biridir.

Dünýäde ýiti ýokanjyň ýaýramagy, halkara söwdanyň peselmegi, şeýle-de bu giňişlikde emele gelen käbir geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň görkezijilerine täsirini ýetirmegini dowam edýär. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen şeýle kynçylykly şertlerde milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gaýragoýulmasyz çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek ähmiýeti boýunça birinji derejeli meseledir.

Hökümet mejlisinde kabul edilen «Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnamada» we bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler şeýle çemeleşmeleriň biri bolup, ol häzirki döwürde amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny goldamaga ýardam berer. Ol milli ykdysadyýetiň köpugurly ösdürilmegini çaltlandyrmaga, sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösdürmäge, kärhanalary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga itergi bermek bilen, ýurdumyzyň durnukly ösüş nusgasyna geçmegini üpjün eder.

Amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän çäreleriň toplumy ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da gowulanmagyna, iş orunlarynyň saklanylmagyna, durmuş taýdan goraglylygynyň berkidilmegine gönükdirilendir. Bu Maksatnamanyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipelerden ugur alnyp, taýýarlanylandygy aýratyn bellärliklidir. Şunda döwletiň maýa goýum syýasatyny önümçiligiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna we onuň gurluş taýdan üýtgedilip guralmagyna, täze tehnologik ykdysadyýetiň döredilmegine gönükdirmek öňde goýlan esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlendi.

Döwlet tarapyndan alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän uzak möhletleýin maksatlardan we wezipelerden ugur almagy möhüm şertleriň biri bolup, onda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artmagyna mümkinçilik berýän diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak syýasatyna giň orun berilmegi örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu şertleriň Maksatnamada göz öňünde tutulmagy garaşylýan netijeleriň gazanyljakdygyndan nyşan. Jemi içerki önümiň artmagy maýa goýum syýasatynyň ýokary netijeliliginiň esasy görkezijisi bolmak bilen, ol importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümleriň möçberleriniň artmagynda-da özüniň aýdyň beýanyny tapýar.

Maksatnama laýyklykda, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine 36,1 mlrd. manatlyk maýa goýum goýulmagyna garaşylýar. Şunda maýa goýum serişdeleriniň 60,2 göterimini önümçilik maksatlaryna, 39,8 göterimini bolsa durmuş-medeni maksatly gurluşyklara gönükdirmek meýilleşdirilýär. Beýle diýildigi, goşulan gymmaty döredýän täze kärhanalaryň sanynyň artjakdygyny, täze iş orunlarynyň dörediljekdigini, adam maýasynyň hil görkezijileriniň mundan beýläk-de gowulanmagyna ýardam berjek durmuş maksatly desgalaryň guruljakdygyny aňladýar.

Halkara we daşary ýurt maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi ýurdumyzda maýa goýumlaryň artmagyna ýardam berjek ugur hökmünde kesgitlendi.

Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişlikde durmuş derejeli döwlet hökmünde ykrar edilýär. 2022-nji ýylyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynda durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdiriljek serişdeleriň möçberiniň 76 göterimden-de ýokary derejede göz öňünde tutulmagy, dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýoluna ygrarlydygyny tassyklaýar. Şunda Döwlet býujetinden durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberilýän serişdeleriň 38,7 göteriminiň bilimi, 14,1 göteriminiň saglygy goraýşy, 2,7 göteriminiň medeniýeti, 34,8 göteriminiň durmuş üpjünçilik ulgamyny, 9,7 göteriminiň ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi ildeşlerimiziň ýaşaýyş derejesini kesgitleýän ähli ugurlaryň hemişe döwletiň üns merkezinde saklanylýandygyny alamatlandyrýar.

Geljek ýylda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan bu Maksatnamada ýurdumyzda eksporta niýetlenen, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmek, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin şertleriň döredilmegine we höweslendirilmegine uly orun berilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ol daşary amatsyz şertleriň milli ykdysadyýetimize täsirini peseltmäge mümkinçilik berýän ugurlaryň biri bolup, ýurduň içerki mümkinçiliklerini ösüşiň hatyrasyna ulanmaga itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde erkin ykdysady zolaklary döretmek, bu zolaklarda ýerli we bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi bäsdeşlige ukyply önümleriň köp öndürilmegine, «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşan bilen daşarky bazarlarda ýerlenýän harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berer.

Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda ulag-logistika ulgamyna aýratyn orun berilýär. Maksatnamada ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişinden peýdalanyp, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we milli harytlaryň amatly ulag geçelgeleri arkaly dünýä bazaryna çykarylmagyna ýardam bermek, üstaşyr ýükleri artdyrmak hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulan. Häzirki döwürde ýurdumyzyň daşarky ykdysady syýasatynda ýurtlaryň arasynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesiniň möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi yklymlary birleşdirmekde, ykdysadyýeti ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki ýurdumyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň, Gündogaryň we Günbataryň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi içerki ösüş üçin, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat edýän möhüm esas hökmünde çykyş edýär.

Maksatnamada bellenen çäreleriň durmuşa geçirilmegi jemi içerki önümiň möçberiniň artmagyna, onuň häzirki ösüş meýliniň saklanylmagyna ýardam berer.



Maýagözel BABAÝEWA, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 329 (30255). 18.12.2021ý.



Yza

Şeýle hem okaň