Täze ýylyň bosagasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak hakynda kabul eden karary ulus-ilimizde buýsanç duýgusyny döretdi. Halk bilen milli Liderimiziň bitewüligini tekrarlaýan bu şygar öz gözbaşyny türkmeniň döwletlilik ýörelgelerinden alyp gaýdýar. Munuň özi şu ýylda halkyň bähbitlerine gönükdirilen özgertmeleriň strategik ugurlarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigini hem alamatlandyrýar. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 10 göterim derejede ýokarlandyrylmagy, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, köp çagaly maşgalalara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberleriniň artdyrylmagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji gadamlaryna bat goşýar.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Taryhda şahsyýetiň tutýan orny barada dürli garaýyşlaryň bardygyna garamazdan, olaryň ählisine bir umumylyk mahsus: öz döwrüniň umumy we aýratyn şertleriniň täsiri netijesinde ýüze çykan möhüm jemgyýetçilik erk-isleglerine, hajatlaryna gulluk etmäge ukyply bolan häsiýetli aýratynlyklar döwlet Baştutanyny taryhy şahsyýete öwürýär. Şunda ykbalyny halkyň ykbaly bilen baglanyşdyran döwlet Baştutany tutuş döwrüň, zamananyň ösüşine özboluşlylyk berýär.
Hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, häzire çenli giň möçberli durmuş özgertmelerini ileri tutmagy bolsa ýurdumyzyň durmuş derejeli döwlet hökmünde ykrar edilmegini şertlendirdi. Halkara giňişlikde durmuş ösüşli ýurt hökmünde özüni tanatmak üçin döwletde durmuş çygrynda anyk netijeleriň, kesgitli üstünlikleriň gazanylmagy zerur şertleriň biri bolup durýar. Bir tarapdan, ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, beýleki tarapdan, milli ykdysadyýetimize daşarky şertleriň häzirki kabir ýaramaz täsiri adam baradaky aladanyň sütünleýin meseleleri bolan zähmet, iş bilen üpjünçilik, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak meseleleriniň wajyplygyny artdyrýar. Bu ylmy düşünjeleri sada dile getirsek, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak durmuş ulgamyny nazarlaýan ykdysady ösüşiň «türkmen nusgasynyň» baş maksady bolup durýar. Islendik döwletiň durmuş ösüşiniň derejesine baha berlende birnäçe görkezijilerden ugur alynýar. Şunda ilatyň pul girdejileriniň derejesi esasy görkezijileriň biridir. Bu görkezijiniň ösüş meýline eýe bolmagy bolsa ýurtda durnukly we sagdyn ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy, durmuş goraglylygy derejesiniň kepillendirilmegi üçin amatly şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär. Onsoňam, häzirki döwürde ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň ortaça möçberi ýurdumyzyň girdeji derejesi ýokary bolan ýurtlary häsiýetlendirýän umumy kabul edilen sepgitden geçen döwletdigini görkezýär.
Beýleki tutumly taslamalar bilen bir hatarda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem zähmet haklaryny ýylyň-ýylyna ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär. Çünki geljekde zähmete hak tölemegiň çygrynda bellenen maksatlara ýetmek üçin aýlyk haklarynyň we zähmet öndürijiliginiň deňagramlylygyny üpjün etmek meseleleri hem bazar ykdysadyýeti şertlerinde öz wajyplygy bilen tapawutlanýar. Bu babatda häzirki döwürde ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak barada durmuşa geçirilýän özgertmeler geljekde hem bu ugurda amala aşyryljak işlerde, ilkinji nobatda, adam bähbitlerinden ugur alynjakdygyna ynamy pugtalandyrýar.
Aslynda, ilatyň pul girdejileri babatynda söz açylanda, munuň özi hökmany suratda, hereket edýän edaralarda, kärhanalarda we guramalarda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, ahyrky netijede, zähmete ukyply ilaty doly iş bilen üpjün etmek meselelerine syrygýar. Munuň esasy sebäbi bazar gatnaşyklarynyň giňden ösdürilmegi, zähmet haklarynyň ýokarlanmagynyň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini artdyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün edilmegini gazanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu şertleriň doly we dogry üpjün edilmegi ýokary durmuş-ykdysady netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna we ilatyň pul girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagy üçin pugta maddy binýadyň döredilmegine ýardam berýär.
2007-nji ýyla garanyňda, 2020-nji ýylda ortaça zähmet hakynyň 3,6 esseden hem gowrak ýokarlanmagy ýurdumyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeliliginden nyşandyr.
Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda häzirki döwürde raýatlaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine uly üns berilýär, köp çagaly maşgalalara goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilýär. 2021-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda milli Liderimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, «Ene mähri» diýen ada mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, sekiz we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň kanunçylykda bellenen ýaşdan has ir pensiýa çykmagy bilen bagly degişli kanunlaryň döwrebaplaşdyrylmagy muny tassyklaýar. 2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda ýurdumyzda hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalary bilen bir hatarda «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamasyna garalyp, olar biragyzdan kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda, çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek pullarynyň möçberi köpeldildi, şeýle-de çaga 3 ýaşaýança her aýda tölenilýän çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullarynyň mukdary artdyryldy.
Köp çagaly eneleriň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji gadamlarynyň ösüşlere beslenýändigine, halkyň bähbitleri ileri tutulýan Diýarymyzda diňe ösüşleriň, özgerişlikleriň ýaran bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, öňki ýyllarda bolşy ýaly, 2022-nji ýylda hem raýatlarymyzyň zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak babatda döwlet derejesinde kabul edilen çözgüt durmuş meselelerini içgin çözmek üçin ýurdumyzda berk maddy binýadyň döredilendigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.
«Türkmenistan» gazeti, № 10 (30276). 12.01.2022ý.