Ministrler Kabinetiniň 25-nji martda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy barada habar berildi. Bu buýsandyryjy waka Türkmenistanyň dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen köp ýyllaryň dowamynda ösdürilýän hyzmatdaşlygynyň oňyn netijsi bolup, ol häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan daşary syýasat strategiýasynyň halkara giňişlikde dabaralýandygyny alamatlandyrýar.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki döwri halkara söwdasynyň depginli ösüşi bilen häsiýetlendirilip, ol döwletleri we halklary birleşdirýän esasy ulgam bolup durýar. Soňky birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ählumumylaşma hadysasynyň çuňlaşmagy halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň giňemegini, oňa gatnaşyjylaryň sanynyň ýylsaýyn köpelmegini, netijede, bu gatnaşyklaryň has-da çylşyrymlaşmagyny şertlendirdi. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde, halkara söwda ulgamynda bäsdeşligiň ýitileşmegi bolsa bilelikde çözülmegini talap edýän umumy meseleleriň ýüze çykmagyna getirdi. Halkara söwda gatnaşyklarynda emele gelen şeýle ýagdaýlary sazlaşdyrmak we bu meseleler boýunça döwletleriň arasynda ylalaşyk gazanmak zerurlygy halkara söwdany hukuk taýdan düzgünleşdirmek meselesini dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp meselesine öwürdi.
Asyl manysy boýunça halkara söwda oňa gatnaşýan taraplaryň, ýagny, döwletleriň, bileleşmeleriň, kärhanalaryň, şeýle-de fiziki taraplaryň ykdysady bähbitleriniň esasynda amala aşyrylýar. Ykdysady bähbitleriň hemişe biri-birine gabat gelip durmaýandygyny nazara alsak, onda söwda gatnaşyklarynyň çylşyrymly işdigine we ony hukuk taýdan kadalaşdyrmak meselesiniň bütindünýä gün tertibindäki ähmiýetiniň günsaýyn artýandygyna göz ýetirmek bolýar. Şunda halkara söwdanyň meseleleri boýunça dürli ýurtlar tarapyndan ulanylýan kada-kanunlaryň gabat gelipmezligi söwda akymlaryna esasy bökdençlik döredýän sebäpleriň biridir. Halklary jebisleşdirmegi we döwletleri ýakynlaşdyrmagy özüne ýol-ýörelge edinen Birleşen Milletler Guramasy döwrüň bu çagyryşlaryndan ugur alyp, 1966-njy ýylda şol bökdençlikleri peseltmegi we aradan aýyrmagy maksat edinýän Halkara söwda hukugy boýunça komissiýany (UNCITRAL) esaslandyrdy. Häzirki döwürde ol BMG-niň esasy hukuk edarasy bolmak bilen, onuň alyp barýan işi tutuş dünýäde söwda hukugy çygrynda özgertmeleri amala aşyrmaga, hususan-da, halkara täjirçilik işiniň kadalaryny döwrebaplaşdyrmaga we ylalaşdyrmaga gönükdirilendir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasy bolmak bilen, bu buýsandyryjy waka Türkmenistanyň dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan ýurtdugyny tassyklady. Bu möhüm wakanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň şu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasynyň Geňeşe agza döwletler tarapyndan biragyzdan makullanyp, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt derejesini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilen günlerine gabat gelmegi her birimiziň eziz Watanymyza, halkara derejesinde onuň gazanýan ýeňişlerine bolan buýsanjymyza buýsanç goşdy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň ýokarda agzalan Komissiýasyna saýlanmagy ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli daşary syýasata berilýän ýokary baha bolup, halkara söwdany hukuk taýdan kadalaşdyrmak babatynda bilelikdäki çözgütleriň kabul edilmegine gös-göni gatnaşmak, bu ugurda dürli ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin şertleri döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny artdyrmak bilen bagly öňde duran beýik işleri durmuşa geçirmekde daşary syýasat ugruna möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň geljekde ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitlemek bilen, Birleşen Milletler Guramasy, ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge esasy orun beriljekdigini nygtady.
Hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, “Açyk gapylar” syýasaty ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini emele getirýär. Aslynda, parahatçylyk söýüjilik türkmen halkyna mahsus bolan häsiýetleriň biri bolup, bu gymmatlyk milletiň millet bolmagynda, halkyň halk bolmagynda uly ähmiýete eýedir. Bu gymmatlyk halkara gatnaşyklaryň ýörelgesine öwrülen ýagdaýynda diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilýändigi gümansyzdyr. Şu milli aýratynlyklardan ugur alyp, “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog – parahatçylygyň kepili” ýörelgelerini daşary syýasat strategiýasynyň ýol-ýörelgesine öwürmegi başaran Türkmenistanyň häzirki döwürde öňe sürýän başlangyçlary köp babatda ählumumy ösüşe degişli iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar.
Dünýä ykdysadyýetiniň şu güni we geljegi seljerilende, durmuş-ykdysady meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine zerurlyk döreýär. Munuň esasy sebäbini hödürlenýän halkara taslamalaryň amala aşyrylmagynda ýüze çykýan töwekgelçilikli ýagdaýlary azaltmakda we olaryň öňüni almakda bilelikdäki tagallalaryň netijesiniň ýokary bolýandygy bilen düşündirmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň daşary ykdysady syýasatynyň çäklerinde doly möçberli we oňyn hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dünýä bileleşiginiň dykgatyna täze çemeleşmeleri we teklipleri hödürleýär. Durmuş-ykdysady çygyrda amala aşyrylýan halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk dünýä tejribesinde şeýle gatnaşyklaryň netijeli görnüşleriniň biri hökmünde özüni görkezdi.
Barha ählumumylaşýan dünýäde ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşyk has-da güýçlenmek häsiýetine eýedir. Döwletara gatnaşyklaryň gadymy we müdimi görnüşleriniň biri bolan daşary söwda gatnaşyklarynyň depginli ösdürilmegine çar tarapa uzaýan dürli ulag ugurlarynyň, ýollarynyň ähmiýeti uly bolup, häzirki döwürde ol sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde durnukly ulag ulgamyny döretmek häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary halkara bazarlar bilen baglanyşdyrýan netijeli üstaşyr-ulag ulgamlaryny döretmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu babatda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynda alyp barýan işleri nusga alarlykdyr..
Türkmenistanyň dünýä ösüşiniň meselelerini bilelikde çözmek boýunça öňe sürýän garaýyşlary we teklipleri diňe biziň döwletimiziň ileri tutulýan ugurlaryna jogap bolman, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitleriniň hatyrasyna parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.
«Türkmenistan» gazeti, № 79 (30345). 28.03.2022ý.