Sylag- sarpanyň keşbi – güllerde

Maý aýynyň gelmegi bilen şaýollaryň, köçeleriň elwan jähegine öwrülen güller göreniň göwnüni göterýär. Ol güller Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan, tylda zähmetiň belent nusgasyny görkezen ildeşlerimizi sarpalap, gowşurylýan ter çemenleriň keşbinde gözleriňe has hem eziz görünýär

Ynha, golaýda paýtagtymyzda ir säher bilen ýola düşen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň işgärleri tarapyndan belent mertebeli uruş weteranlaryna, ak gyňaçly mährem enelerimize hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylagydyr gymmat bahaly baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Paýtagtymyz Aşgabat şäheri boýunça sylaglanan uruş weteranlarynyň arasynda Kabir Karimow, Nikolaý Kozyrew, Antonina Prýaniçnikowa dagy hem bar.

Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli sylaglanan şol uruş weteranlarynyň arasynda 93 ýaşly Guwanç Myratlyýew hem bar. 1926-njy ýylda doglan Guwanç aganyň 9 perzendi, 38 agtygy, 71 çowlugy, 9 ýuwlugy bar. Ol Beýik Ýeňiş mynasybetli ýapan Şa serpaýy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdi. Özüniň geljekde hem ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde wagyz-nesihat işlerini alyp barjakdygyny aýtdy.

Paýtagtymyzdaky uzak ýaşlylaryň ýene biri, 103 ýaşa gadam basan Aksoltan ene hem ýanýoldaşyny urşa ugradyp, tylda gahrymançylykly zähmet çekmegiň nusgasyny görkezýär. Milli Liderimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşurylanda, enäniň köňül buýsanjy täzeden pürepürlendi. Mährem zenan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi. Ene arzuwy elmydama hasyl bolýar.

Her ýylyň Beýik Ýeňiş gününiň uludan bellenilýän günlerinde milli Liderimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolýan uruş weteranlary, urşuň yzynda galan mährem zenanlar şol bir wagtda dürli durmuş ýeňilliklerinden hem peýdalanýarlar. Ol bolsa hormatly Prezidentimiziň beýik adamkärçilikli, ynsanperwer syýasatynyň barha dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Hawa, maý aýynda açylýan güller aýratyn owadan hem üýtgeşik. Çünki ol güllerde ynsan mertebesiniň, ýeňiş getiren merdanlara sylag-sarpanyň keşbi bar.



«Türkmenistan» gazeti, № 111 (29377), 08.05.2019ý..


Yza

Şeýle hem okaň