Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolup, onuň esasyny oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri düzýär. Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki döwürde täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Durmuş ösüşi komissiýasynyň 57-nji mejlisiniň işine gatnaşmagy hem köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň düzümine ähmiýetli guramalar we dürli komissiýalar girýär. Olaryň hatarynda Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasy, Ilat we ösüş boýunça komissiýasy we Durmuş ösüşi boýunça komissiýasy bar. Türkmenistan 2016-njy ýylyň aprelinde şol komissiýalaryň doly hukukly agzalygyna gaýtadan saýlanyldy. Bu bolsa Türkmenistanyň alyp barýan umumadamzat bähbitli işlere goşýan goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.
1946-njy ýylda esaslandyrylan Durmuş ösüşi komissiýasy öz gezeginde durmuş syýasatynyň umumy ulgamyny onuň ileri tutulýan ugurlaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem bu ugurdaky esasy halkara ülňülerini durmuşa geçirmek bilen meşgullanýar. Häzirki döwürde onuň düzümine BMG agza döwletleriň
46-synyň çalyşma esasynda saýlanan wekilleri, şeýle hem ýöriteleşdirilen edaralaryň agzalary girýär.
Bu komissiýa EKOSOS-yň geňeşini geçirýär, ählumumy durmuş ösüşiniň meseleler toplumy boýunça teklipleri we bilermenleriň netijelerini beýan edýär. Şunda ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, ilkinji nobatda onuň pes gatlaklary, maýyplar üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegi, maşgalanyň ornunyň berkidilmegi, bilim almak, mynasyp iş ornuny üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleriň döredilmeginiň hasabyna ýaşlaryň durmuş derejesiniň berkidilmegi ýaly meseleler çözülýär.
Adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, şol sanda jemagat hojalygynyň we ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ösdürilmeginiň hasabyna mümkinçilikleriň artmagyna gönükdirilen oňyn çärelere aýratyn ähmiýet berilýär. Milletler Bileleşigine agza döwletleriň arasynda oňyn tejribe we maglumat alyşmak, syn beriş teswirlemeleri taýýarlamak komissiýanyň möhüm wezipeleriniň hataryna girýär.
2017-2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna biragyzdan saýlanmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde umumy tagallalary utgaşdyrmakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýe bolýandygyny aňladýar.
BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Durmuş ösüşi komissiýasynyň 57-nji mejlisi 2019-njy ýylyň 11-nji fewralyndan 21-nji fewraly aralygynda bolup geçdi. Bu mejlise Türkmenistan tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary 2019-njy ýylyň 11-14-nji fewraly aralygynda gatnaşdy. Mejlisiň ilkinji gününde onuň ýolbaşçy wezipelerine adamlar saýlanyldy, gün tertibini tassyklamak hem-de beýleki guramaçylyk meselelerine seredildi. Mejlisiň esasy şygary “Deňsizlik meselelerini çözmek we durmuş deňeçerliginde býujet-salgyt syýasatynyň kömegi, zähmet haky we durmuş goraglylygy çygryndaky syýasat” diýip bellenildi. Soňra Komissiýa agza ýurtlaryň çykyşlary bilen dowam etdirildi. 2019-njy ýylyň 12-nji fewralynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistana çykyş etmek üçin söz berildi.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary öz çykyşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeler, hususan-da “Türkmenistanyň durmuş–ykdysady ösüşiniň 2011-2030-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy”, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çärelerde ýurdumyzda adam kapitalynyň ösdürilmegine, durmuş abadançylygynyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň uly orun tutýandygy barada bellenip geçildi. Şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara ylalaşyklaryndan, goşulyşan konwensiýalaryndan we beýleki resminamalaryndan gelip çykýan wezipeleri we borçlary ýerine ýetirmek, hususan-da adam hukuklarynyň berjaý edilşini üpjün etmekde amala aşyrylýan işler dogrusynda belläp geçdi. Çykyş mejlise gatnaşyjylar tarapyndan gyzyklanma bildirilip diňlenildi.
Mejlisiň üçünji, dördünji günlerinde çykyşlar dowam etdirildi. Çykyşlar, esasan hem maýyplygy bolan adamlar babatynda hereketleriň bütindünýä maksatnamasy; maýyplygy bolan adamlar üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmegiň standart düzgünleri; ýaşlar babatynda hereketleriň bütindünýä maksatnamasy we beýleki meselelere bagyşlandy.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Durmuş ösüşi komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşmagy ýurdumyzyň alyp barýan durmuş syýasatynyň üstünliklerini dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.