DÖWLETIŇ DÖWLETLILIK GOLDAWY

Halkymyzyň abadan ýaşaýşyny yzygiderli pugtalandyrmakda rowaçlyga beslenýän durmuş özgertmelerine aýratyn orun degişli bolup durýar. Ilatyň girdejilerini emele getirmekde döwletiň öňe sürýän baş maksady çekilen zähmet üçin gazanjyň möçberini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Muňa ýurdumyzda raýatlaryň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylýandygy aýdyň şaýatlyk edýär. Her bir döredilýän mümkinçilik ýa-da netijeli iş halkyň buýsanjy bilen birlikde, olaryň gyzyklanmasyny hem artdyrýar. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemek hem-de öz wagtynda tölemek boýunça alnyp barylýan degişli işler dogrusynda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň Pensiýa we döwlet kömek pullary üpjünçiligi müdirliginiň başlygy Begli BÄŞIMOW bilen taýýarlanan söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

– Durmuşda we jemgyýetde islendik zat hakynda aýdylanda, ilki bilen, onuň adynyň manysyna üns berilýär. Şonuň üçin sözümizi pensiýa, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy, pensiýanyň bellenilýän görnüşleri baradaky düşünjelerden başlasak ýerlikli bolar.

– Pensiýa we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy, pensiýanyň bellenilýän görnüşleri barada aýdylanda, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine şeýle-de «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanyp bolar. Bu Kodeks we Kanun ýurdumyzyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär. Raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär. Weteranlaryň we maýyplaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.

Pensiýa — ilaty durmuş taýdan goramagyň bir bölegi bolup, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy ulgamynda ätiýaçlandyrylan şahslara, ätiýaçlandyrylan halat ýüze çykanda, tölenilýän pul görnüşindäki tölegdir. Türkmenistanyň pensiýa gaznasy bolsa ýurdumyzda döwlet pensiýa üpjünçiligini we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny maliýe taýdan dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanynda döredilen döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2012-nji ýylda döredildi. Gaznanyň pul serişdeleri döwlet eýeçiligi bolup, gaznanyň bank edaralaryndaky hasabynda saklanýar. Gazna öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we degişli Düzgünnamany goldanýar.

Pensiýa diýlende, köplenç, adamlaryň ýaşy boýunça bellenilýän pensiýalar göz öňüne gelýär. Aslynda, ýurdumyzda pensiýanyň 6 görnüşi bellenilýär: ýaşy boýunça pensiýa; gulluk ýyllary boýunça pensiýa; hünär pensiýasy; maýyplyk boýunça pensiýa; ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa; toplaýyş pensiýasy.

– Erkek adamlaryň we aýal maşgalalaryň ýaşy boýunça pensiýa bolan hukugy barada aýdaýsaňyz.

– Ýaşy boýunça pensiýa hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk, 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň hukugy bardyr. Köp çagaly aýal maşgalalar ýaşy boýunça pensiýa çykmakda aýratyn hukuklardan peýdalanýarlar. Ýagny, olaryň ýaşy boýunça pensiýa almaga:

• üç çagany dünýä indiren we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 20 ýyldan az bolmadyk halatynda, 56 ýaşy dolanda;

• dört çagany dünýä indiren we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 18 ýyldan az bolmadyk halatynda, 55 ýaşy dolanda;

• bäş, alty, ýedi çagany dünýä indiren ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagasy bar bolan (maýyplygy bolan çaga diýip ykrar edilen wagtyna garamazdan) we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk halatynda, 54 ýaşy dolanda;

• sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 10 ýyldan az bolmadyk halatynda, 52 ýaşy dolanda hukugy bardyr.

– Pensiýa bellenilmegi üçin ýüz tutmagyň tertibi we pensiýalaryň hasaplanylyşy, bu ugurda sanly ulgamyň mümkinçilikleri raýatlarymyz üçin gyzykly bolsa gerek.

– Raýatlar pensiýa bellenilmegi üçin hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasyna arza bilen ýüz tutýarlar. Ýaşy boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin: pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy; çagalaryň dogluş hakynda şahadatnamalarynyň nusgasy we olary sekiz ýaşyna çenli terbiýeländigine şaýatlyk edýän resminamalar (ýaşy boýunça pensiýa ir çykmaga hukugy bolan aýal maşgalalar üçin); aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar; zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy ýaly resminamalar kabul edilýär. Hünär pensiýasynyň bellenilmegi üçin: pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy; aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar; zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy zerurdyr. Gulluk ýyllary boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin bolsa, pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy; aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar; zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy kabul edilýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň merkezi edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamy işe girizildi. Şeýle-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylýandygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda «mlsp.gov.tm» saýty döredilip, onda raýatlarymyzy gyzyklandyrýan sowallaryň jogaplary yzygiderli ýerleşdirilýär. Bulardan başga-da, bu saýtyň içinde ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň, çaga doglanda we çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, döwlet durmuş kömek pulunyň möçberini hasaplaýan kalkulýatorlar bardyr. Ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslaryň özleri üçin tölemeli hökmany pensiýa gatançlaryny hasaplaýan kalkulýator ýerleşdirildi. Häzirki wagtda telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar pensiýa gatançlaryny pensiýa gaznasynyň ýerli bölümlerine barmazdan, saýt arkaly onlaýn görnüşinde töläp bilýärler.

Pensiýalaryň hasaplanylyşy köp adamlaryň ünsüni çekýän ýagdaýlaryň biridir. Pensiýanyň möçberi raýatlara pensiýa bellenilýän senesinde olaryň atly pensiýa hasabyndaky şertli pensiýa maýasynyň möçberini Türkmenistan boýunça erkek adamlaryň we aýal maşgalalaryň pensiýa ýaşy dolandan soň garaşylýan ömrüniň (aý ölçeginde) jeminiň ortaça dowamlylygyna bölmek arkaly hasaplanylýar.

Ýönekeý dilde aýtsak, adamlaryň atly pensiýa hasabyndaky şertli pensiýa maýasynyň möçberi näçe köp boldugyça, pensiýasynyň möçberi şonça ýokary bolýar, atly pensiýa hasabyndaky şertli pensiýa maýasynyň möçberini hem pensiýa gatançlarynyň möçberini ýokarlandyrmak arkaly köpeldip bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýyl raýatlaryň pensiýalary, zähmet haklary, talyp we diňleýji haklary hem-de döwlet kömek pullary 10 göterim ýokarlandyrylýar. Bu buýsandyryjy ýagdaý halkymyzyň abadan, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek bilen, ýurdumyzda durmuş syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

Biz — Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň işgärleri şeýle ajaýyp işlerde mynasyp goşandymyzyň bardygyna buýsanyp zähmet çekýäris.

Goý, halkynyň hal-ýagdaýy, döwletli döwrany ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

– Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň. Ynsan durmuşyny özgerdýän sogaply işiňizde üstünlik ýaranyňyz bolsun!

 

Söhbetdeşligi taýýarlan

Gurbanjemal ANNAKOWA, «Adalat»


Yza

Şeýle hem okaň