MAKSATNAMALAÝYN ÖSÜŞIŇ OŇYN NETIJELERI

8-nji iýulda şu ýylyň ilkinji alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6 göterime deň bolmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde içerki mümkinçiliklerimiziň uludygyna şaýatlyk edýär. Bu günki ykdysady üstünliklerimiziň sakasynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň  durandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.

 

Geçen, ýagny 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda jemi öndürilen önümiň 11,5 göterim artmagy milli ykdysadyýetimiziň öndürijilik kuwwatynyň ýokarydygyny görkezýär.  Bilşimiz ýaly, milli öndürijiler tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberleri näçe ýokary boldugyça, goşulan gymmatyň derejesi şonça-da artýar. Beýleki tarapdan, ol bu gymmaty döretmekde ýerli öndürijileriň paýynyň uludygyny alamatlandyrýan görkeziji bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, maýa goýumlar durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň işjeň guraly, onuň iteriji güýji hasaplanýar. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň jemi içerki önümiň 14 göterimine barabar bolmagy onuň ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň gowulanmagyna özüniň düýpli täsirini ýetirýän şertleriň biridigini tassyklaýar. Hususan-da, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 43,7 göterimi önümçilik, 56,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Bu netijeler häzirki döwürde önümçilik we durmuş ulgamlarynda birnäçe täze iş orunlarynyň döredilýändigini delillendirmek bilen, ol adam maýasynyň hiline göni täsirini ýetirýän durmuş ugurly çygyrlaryň, ýagny ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ýaly ulgamlaryň hem güýçli depginde ösdürilýändiginiň hem aýdyň güwäsi bolup durýar.

Mejlisde önümçilik ugurly maýa goýumlaryň möçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça işlere ünsi güýçlendirmegiň öňde durýan wajyp wezipe hökmünde kesgitlemeginde uly many bar. Ol, ilkinji nobatda, jemi içerki önümi öndürmekde önümçilik pudagynyň tutýan möhüm orny bilen baglanyşyklydyr.  Çünki bu pudaklara maliýe serişdeleri näçe köp gönükdirilse, goşulan gymmat şonça-da artýar, netijede, milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty has ýokarlanýar.

Mundan başga-da, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmeginiň anyk hünär ugurlary boýunça hünärmenler bilen üpjün edilmegine, ahyrky netijede, ýurduň bilim kuwwatynyň artdyrylmagyna hem şert döredýändigi aýratyn bellärliklidir. Täze döredilen her bir iş ornunda zähmet çekjek işgäriň hünär bilimlerine anyk talaplar bildirilýär. Hususan-da, soňky wagtda önümçiliklere sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sanly hünär başarnyklary bolan hünärmenler bilen üpjünçiligiň möhümdigini has aýdyň görkezýär.

Şunda döwlet syýasatynyň üns merkezinde diňe bir institusional we tehnologik meseleler ýa-da makroykdysady syýasat däl-de, eýsem, ählumumy bäsdeşlikde öňdäki orunlary eýelemek üçin adam maýasyny işjeňleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Täze şertlerde iş bilen meşgullanýanlaryň bilimine we hünär taýýarlygyna talaplaryň güýçlenmegi bolsa zähmet gatnaşyklarynyň döwrebap ösdürilmegini talap edýär.

Milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçilikleri ýurduň daşary söwda dolanyşygynyň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Şu ýylyň alty aýy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köpelmegi içerki bazarda sarp edijileriň önümlere we hyzmatlara barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda guwandyryjy sepgitlere ýetilendigini görkezýär. Şu döwürde daşary söwda dolanyşygynyň 40 göterim ýokarlanmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan eksport-import amallarynyň  netijeliliginden nyşandyr.

Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Diýarymyzyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, daşary söwda dolanyşygyny kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklary importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümçilikleri ösdürmek syýasatynyň durnukly ösüşi üpjün etmegiň ygtybarly ýollarynyň biri bolup durýandygyna güwä geçýär. Şunda eksporty höweslendirmäge gönükdirilen maliýe serişdeleriniň beýleki pudaklara garanyňda has netijeli we çalt özüni ödeýändigini nazara alsak, onda strategik nukdaýnazardan öndürijileri ylmy talap edýän we ýokary tehnologik önümleriň eksportyna ugrukdyrmak maksadalaýyk hasaplanýar. Bu ugurda ykdysady ösüşiň esasy ýörelgesi bolup ýerlerde eksporta gönükdirilen taslamalary işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda hökümet düzümleriniň hem-de hususy bölegiň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak zerur bolup, degişli şertleriň ýerine ýetirilmegi milli önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberleriniň artmagyna getirýär.

Dünýäde ykdysadyýeti durnukly ösýän ýurt hökmünde tanalýan Türkmenistan bu gün milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak arkaly ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwruniň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlygy bolsa onuň maksatnamalaýyn esasda ösdürilýändiginden ybaratdyr. Mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady  taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” tassyklanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu strategik resminamalarda göz öňünde tutulan çäreler halkymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine gönükdirilen beýik başlangyçlaryň geljekki ýedi ýylda-da dowam etdiriljekdigini alamatlandyrýar.  

Ýeri gelende bellesek, Oba milli maksatnamasy 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kabul edildi. Ýurdumyzda 2008 - 2022-nji ýyllarda binalaryň we desgalaryň 900-den gowragynyň gurlup ulanmaga berilmegi, bar bolan inženerçilik ulgamlarynyň durkunyň täzelenmegi, täzeleriniň 72 müň 200 kilometriniň çekilmegi bolsa bu Maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini aňryýany bilen açyp görkezýär. Bu maglumatlar hakynda oýlananyňda, täze, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň, täze gara we awtomobil ýollary çekilen etraplaryň ýaşaýjylarynyň, okatmagyň täze tehnologiýalary ornaşdyrylan mekdepleriň okuwçylarynyňdyr mugallymlarynyň, täze ýaşaýyş jaýlarynda abadan ýaşaýşyň eşretini görýän maşgalalaryň bagtyýar keşbi göz öňüňde janlanýar.

2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 3 sany hassahananyň, 125,6 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, 246,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy, şeýle-de häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işleriň dowam etdirilmegi oňuň gurşap alýan maksatlarynyň çuňlugyny, wezipeleriniň örän giňdigini görkezýär.

Halkymyzyň abadan durmuşyny nazarlaýan bu oňyn görkezijiler hormatly Prezidentimiziň iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasyndaky: “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen sözleriniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň guwandyryjy netijeleridir.


Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
 başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty
.


«Türkmenistan» gazeti, № 181 (30447). 11.07.2022ý.



Yza

Şeýle hem okaň