«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-iýul aýlarynda durmuş-ykdysady taýdan gazanylan netijeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň uludygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň 7 ayýnda jemi öndürilen önümiň 11,5 göterim artmagy makroykdysady ýagdaýyň durnuklylygyny tassyklaýar.
Häzirki döwürde öz ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, daşarky täsirlere, dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere uýgunlaşmak üçin döwletleriň ösüşiň amatly ýollaryny gözlemegi tebigy ýagdaýdyr. Üýtgeýän daşarky şertlere çalt uýgunlaşmaga ukyply bolan ýurtlara ykdysady öňegidişligi gazanmak başardýar.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň içerki mümkinçilikleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny şertlendirýän çemeleşmeler we usullar jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnukly saklanylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunda importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümçilikleriň ösdürilmegi durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň ygtybarly ugry bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň 39 göterim ýokarlanandygy baradaky statistik maglumatlar munuň şeýledigini aňryýany bilen subut edýär.
Aslynda, ýurdumyzda importy çalyşýan syýasatyň oýlanyşykly amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berlip, umuman alnanda, oňa milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň we kuwwatly eksport mümkinçilikleri döretmegiň netijeli guraly hökmünde garalýar. Importy çalyşmak içerki bazarda import edilýän önümleriň möçberiniň azaldylmagyny aňladýar, ýöne ol daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň doly çalşylmagyny göz öňünde tutmaýar. Sebäbi bu dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynda ýurduň ykdysady üzňeligine getirýän sebäpleriň biri hasaplanýar.
Import önümleriniň ornuny çalyşmak ugrunda alnyp barylýan işler döwletiň ykdysady strategiýasynyň we senagat syýasatynyň bir görnüşi bolup, ol, ilkinji nobatda, import edilýän senagat harytlaryny we tehnologiýalary milli önümçiligiň önümleri bilen çalyşmak arkaly ýurduň içindäki öndürijileri goramaga gönükdirilendir. Bu ugur, bir tarapdan, önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagyny höweslendirmegiň, netijeliligini ýokarlandyrmagyň, beýleki tarapdan, goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmegiň hasabyna milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagy maksat edinýär. Mundan başga-da, importy çalyşýan strategiýa milli ykdysadyýetiň senagatlaşmagyna, importa garaşlylygynyň derejesiniň peselmegine we ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşmagyna, şeýle-de täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýändigi üçin özüne çekiji bolup, ol ykdysady pudaklaryň birnäçesiniň ösmegine hem itergi berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň senagat we azyk önümlerini öndürýän pudaklarynda ýokary ykdysady netijeleriň gazanylmagy maýa goýumlaryň esasy ugurlarynyň dogry kesgitlenendigine, hususan-da, olary türkmen ykdysadyýetiniň strategiki ähmiýetli pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendigine güwä geçýär.
Dünýä ýurtlarynyň özara baglanyşygynyň güýçlenýän döwründe islendik ýurt üçin daşary söwda gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek meselesi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Importy çalyşmak syýasatynyň hususy ulgama daýanan ýagdaýynda, bu işiň has hem netijeli bolýandygyny häzirki durmuş hakykaty şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 167,9 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy. Bu maglumatlar içerki sarp edijileriň oba hojalyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda hususy ulgamyň mümkinçilikleriniň uludygyny görkezýär. Hökümet mejlisinde täze önümçilikleri döretmegiň, olaryň kuwwatyny artdyrmagyň, hususy telekeçiligiň işini höweslendirmegiň zerurdygyna ünsüň çekilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda şeýle çemeleşmeleriň näderejede wajyp bolup durýandygyny alamatlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, täze önümçilikleriň işe girizilmegi, ilkinji nobatda, ýerli öndürijiler tarapyndan täze gymmatyň döredilýändigini, ýagny harytlaryň we hyzmatlaryň täze görnüşleriniň artýandygyny aňladýar. Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň sanyny artdyrmagyň köp möçberde maýa goýum serişdelerini talap edýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Maýa goýum syýasatynyň ýokary işjeňlik derejesiniň gazanylmagy milli ykdysadyýetiň güýçli depginler bilen ösmegine ýardam bermek bilen bir hatarda, zähmet bazarynda ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesiniň oňyn çözülmegine hem getirýär.
Şu ýylyň 7 aýynyň jemleri boýunça, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,4 milliard manada deň boldy. Milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýagdaýyny häsiýetlendirýän bu makroykdysady görkeziji ýurdumyzyň gurujylyk kuwwatyndan habar berýär. Milli pul birliginde aňladylan bu sanlar eziz Watanymyzda önümçilik we durmuş maksatly desgalardyr binalaryň ençemesiniň gurlup ulanylmaga berlendigini hem-de ençemesiniň gurluşyklarynyň dowam edýändigini aňladýar. Hususan-da, häzirki döwürde adam maýasynyň ösmegine göni täsirini ýetirýän durmuş pudaklarynyň desgalarynyň, ýagny ylym-bilim, saglyk, medeni we sport maksatly desgalaryň gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi ýurdumyzyň beýleki pudaklarynda amala aşyrylýan iri özgertmeleriň tiz we ýokary hilli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.
Ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak wezipesinden ugur alýan durmuş syýasaty häzirki döwürde köpugurlylyk we köpderejelilik häsiýetine eýe bolup, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelge onuň özenini düzýär. Ýurt derejesinde durmuş özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmakda Döwlet býujetine aýratyn orun degişlidir. Merkezleşdirilen tertipde jemlenen maliýe serişdeleriniň ep-esli böleginiň ilatyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilmegi diňe ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurtlara häsiýetlidir.
2022-nji ýylyň 7 aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 81,5 göteriminiň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynda durmuş ulgamynyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi. Şunda adam baradaky alada geljege gönükdirilen maýa goýumlar hökmünde baha bermek bolar. Goýumlaryň beýleki görnüşlerine häsiýetli bolşy ýaly, onuň gymmaty ýyl geçdigiçe artmak bilen bolýar. Adamyň bilimine, saglygyna gönükdirilen serişdeler ertir birnäçe esse bolup yzyna gaýdyp gelýär, munuň özi maýanyň bu görnüşiniň özüni ödeyjiliginiň ýokarydygyny tassyklaýar. Hut şu hem esasy öndüriji güýç hökmünde adamyň biliminiň yzygider artdyrylmagy, ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen bagly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny görkezýär.
Ildeşlerimiziň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagynda döwlet tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan durmuş çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň ortaça 10 göterim derejede artdyrylmagy, bir tarapdan, milli ykdysadyýetimizde durnukly ösüşiň gazanylandygyny alamatlandyrýan bolsa, beýleki tarapdan, ol ykdysadyýeti ösdürmegiň «türkmen nusgasynyň» ýokary durmuş-ykdysady netijeliligini görkezýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň ählisinde ykdysadyýetde bolup geçýän özgertmeler nazara alnyp, ilatyň girdejilerini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ilatyň girdejileri ykdysadyýet bilen durmuş ulgamynyň arasyndaky gatnaşygy üpjün edýär. Şunda zähmet haky ilatyň pul girdejileriniň esasy çeşmesi bolmak bilen, ol işgärleriň zähmete bolan höwesini artdyrmakda esasy orny eýeleýär. Netijede, zähmet haky ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda önümçiligiň netijeliligini artdyrmak üçin maddy taýdan höweslendiriji şert hökmünde hem çykyş edýär.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haklarynyň, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlanandygy hem guwandyryjydyr. Ilatyň pul girdejileriniň yzygider artmagy ykdysady ulgamyň binýadyň berkdigini aňladýar.
«Türkmenistan» gazeti, № 214 (30480). 18.08.2022ý.